07:43
Damja-damja damjalar
DAMJA-DAMJA DAMJALAR

I.

Eý, ýagşym, guý ýagşym, seniñ ýagşyñda
Ýasamalygam ýok, kezzaplygam ýok.
Söýgi bilen salam getirýäñ arşdan,
Ýok, sen ony boljak bolup bolañok.

Onunjy materik, onunjy umman,
Howa deşýän ýagşym, seniñki bolsun!
Bölünmeýän dünýä, tükenmez dünýä,
Garap duran asman meniñki bolsun!

Ähli zat sadalyk, düşnükli bu gün,
Ýyrtylan ýeri deý köne köýnegiñ.
Çünki bägül ysly jahanda bar zat,
Birje bölejigi ýönekeýligiñ.

Düýbi duýgy ýagşym, guýuber häli,
Müñ ýyl mundan ozal ýagyşyñ ýaly.

II.

Asman, guý, şeraby ýazyñ şanyna,
Menem Haýýam ýaly meýden ganaýyn.
Şol ak atly ýigde diýibilmedik,
Sözlem, gijem bolsa, aýdyp galaýyn.

Guýsana, diñleriñ deñinden geçip,
Aýama, men bagt däl, aýalar ýaly,
Onsoñam men bagtym deý görýän ýigidim,
Käte gam-gussada aýalaýýarmy?!

Bagyşla, men gybat edip barýan-la,
Gözýaşyma düwnüp aglasym gelýär.
Hiç kimiñ ýoluna böwet bolmandym,
Şol ýigdiñ ýoluny baglasym gelýär.

Guýsana, asmanym, içiñe sygman,
Ah, guýmasañ, ynamym puç bolýar-a.
Soramagyn meýiñ hasabyn. Çünki
Menem bir gün öljegimi bilýän-ä!

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.

"Nesil" gazeti, 2008 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 27 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Durmuşdan duýgular / Goşgular - 07.01.2021
Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
"Bütin älem jahan hem..." / Goşgular - 17.02.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Uzaga hat / Goşgular - 13.02.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
Göwün goşgusy / Goşgular - 11.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]