10:21
Däliniň aýdymy
DÄLINIŇ AÝDYMY

Eý,
It dost,
Gel, üýreli
Gijelikde,
Ümsümlikde.
Biz hemmä ak ýol diläli
Kimkä ol bizden kineli,
Oň göwnün yşk bilen ýuwup,
Süpüreli söýgi bilen
Gözýaş doly didelerini.
Gel, bileje üýreli
Uzyn-uzyn,
Adamlaň düşünmeýän
Ýa düşünýän dilinde.
Men it bolar boldum.
Sen deý köpek bolabilsem
Armanym nä?!
Itim!
Eý itim!
Mähriban itim!
Goýsana,
Kelläňi agyrtmasana,
Gitmäli-le gara dünýäň ugruna.
E-eý, itim,
Bu gije boýnumyzdan
Ýeriň gara ýüpün aýryp
Garaçynymyz bilen
üýreýli-le!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 150 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
На разлуку / Goşgular - 24.01.2022
Гадание / Goşgular - 20.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Bäbejik / Goşgular - 12.01.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Mähriban   [Материал]
Hoş sözler we bellikler üçin sag boluň!
Dogry aýdýaňyz, Mango dogan, däli diýip ýören adamyň iň akylly ynsan bolup çykýan ýeri az bolanok. Hemme zadyň edil daşyndan görnüşi ýaly däl bolmagam gaty ahmal.

0
5 Aziza   [Материал]
"It dostuň bolsa-da, dostuň it bolmasyn" diýýälermi. Galamyňa bereket bersin ajap goşgt bolupdyr.

0
4 mango   [Материал]
Üýrmekmi ýa uwlamak?
Obaňyzdaky däli hasaplaýan adam-a aýdyşyň ýaly uwlaýan eken.
Ýöne, it üýrse-de, uwlasa-da güni it güni bolany üçin üýrüp uwlaýan bolmaly….
Emma, sen oň bilen “hemmä ak ýol dilemek” isleýäň…
Gyzykly…hem geň…
Näme-de bolsa haladym.

0
3 Mahremlik   [Материал]
Gowy goşgy

0
2 Aksary   [Материал]
Şul-a gowy bolupdyr, ömrüñ bolsun.

0
1 Mähriban   [Материал]
Obamyzda bir adam bardy. Güýz aýlary daňdanlar uwlardy. Adamlar oňa däli diýerdi...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]