10:17
Dagly gelin
DAGLY GELIN

Özüne wepaly ýar saýlap bilen
Gerçek, meger, iň bagtly gerçekdir.
Elmydama öçmez ody ojagyň,
Gerekmi, ýar üçin janyn berjekdir.

Şemşat kamat, gül roý, eý, wepaly ýar,
Dilegim – görmegeý hiç jepany ýar.
Gysganmasyn ýara gül sapany ýar,
Waspyňy söýläýin goşa tar bile.

Baharda dogulan baharyň gyzy,
Ak nurdan ýasalan säheriň gyzy.
Deňemeli bolsa deňärin ýazy,
Nesip etgeý ömür sürmek ýar bile.

Daglaryň deý elýetmez sen, beýik sen,
Dagda doglan dag maraly – keýik sen.
Şükür huda, bir ýürege seýik sen,
Ýene ýüz ýyl bir ojakdan ör bile.

Dagyň öwsen şemaly deý mylaýym,
Taňrym muny köp görmesin ylaýym.
Şonuň bilen dogsun mydam Gün-Aýym,
Diýýän: "Ömür sürgeý belent ser bile!“

Allaýar ÇÜRIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Daşa ýüzlenme / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]