07:43
Dagly gardaşym
DAGLY GARDAŞYM

Möwlamberdä

Daglaryň mert ogly, merdana ogly,
Iller diýmiş: "Eziz dagly gardaşym!“.
Ýagşy gylyk ýagşylara ýar eder,
Ýagşylardan keýpi çagly, gardaşym.

Haýyr-sahawatyň ile gerekdir,
Gujur-gaýrat, kuwwat bile gerekdir.
Badyhowalygyň kime gerekdir?
Mähir-muhabbetden çogly, gardaşym.

Ynjan ýüreklere ynanç bolasen,
Ynjydana ilki gynanç bolasen.
Gyşarsa daragt daýanç bolasen,
Ata pähimine dogry, gardaşym.

Daglardanam beýik ynsan sarpasy,
"Bolmaz- diýdiň- daşa degse paltasy“.
Bolsa bolsun dürden doly haltasy,
Dogry ozar, azar egri, gardaşym.

Döz gelmeli synagyna Hudaýyň,
Eşitdim, gynandym hasrat-pydaýyň.
Sen mert ogul, synagyna çydadyň,
Barybir mat, girýan bagry, gardaşym.

Aslyň daýhan, daýhan ataň jan ogly,
Diýdi şahyr: "Öz ilimiň han ogly!“.
Arkaňda dag, özüň Manaman dagly,
Örküň şol daglara bagly, gardaşym.

Adam pespällikden tapýar bereket,
Ýalňyz dälsiň, daşyňdadyr şereket.
Abraý-at, şan-şöhrat, tabyn hereket,
Ýege ýeg sen, şere tygly, gardaşym.

Gyzlaryň ynanjyň, ogluň daýanjyň,
Mähekdir syrdaşyň, şodur söýenjiň.
Kalbyndadyr hem begenjiň, gynanjyň,
Gazany elmydam bugly, gardaşym.

Sany ýokdur senden tälim alanyň,
Ýoluň hakdyr, ýokdur asla ýalanyň.
Gören ýokdur çaga şarpyk çalanyň,
Iller saňa başyn egdi, gardaşym.

"Öwgi!“ diýme, şahyryň bu bendine,
Beýle ogul şan-şöhratdyr kendine.
Ygrarly sen Pyragynyň pendine,
Belki, dag bürgüdi, dagly gardaşym.

Lowlasyn ojakda kerkaw alawyň,
Gitmesin hyýaldan jahyl gylawyň.
Arşa galsyn, goýber gyrat jylawyn,
Misli Jygalybeg ogly, gardaşym.

Müň ýaşynda, goja çynar seniňdir,
Sowulmaz ýaz-gülgün kenar seniňdir.
Könegümmez-gadym sonar seniňdir,
Peder ýassanypdyr dagy, gardaşym.

Iller diýmiş: "Hakyň nazar salany!“.
Şeýle kişi Hakdan dili senaly.
Belent başy perişdeden penaly,
Pir, ahun, mollaly, begli, gardaşym.

Ýat eýleýip Şyhattary, Şiwlany...
Bolduň öz iliňde iliň Möwlamy.
Süreli bäş günlük berlen döwrany,
Baýlygyň- alkyşyň, dagly gardaşym,
Örküň şo daglara bagly, gardaşym!

08.12.2017.

Allaýar ÇÜRIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Häsiýet / Goşgular - 04.01.2022
Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam / Goşgular - 18.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]