10:08
Daglar hem-de adamlar
DAGLAR HEM-DE ADAMLAR

Aýlaw sany ýiten pelegiň çarhyn
Sagadyň dilleri ýadyňa salýar.
Nobatyn geçiren ýene bir gije
Wagtyň bazaryna ömrüni salýar.

Soňra tebigatyň elwan baýdagy
Şapak bolup gündogary gaplaýar.
Şapagyň şöhlesi gögüň göwsüni
Düzüm-düzüm monjuklardan saplaýar.

Agras daglaň kebzesinden ýapyşyp
Gün agraslyk bilen galýar ýerinden...
Dyma-dyma halys bolan daglaryň
Ak giripdir müñ gowgaly serinden.

Serinden ak giren agras daglaryň
Müň gowgaly başy asmana ýetýär.
Jülgeler bugarýar toý gazany deý...
Birdenem toý ýitýär, märeke ýitýär.
Toý deregne peýda bolýar sowallar,
Märekäň deregnem sowallar tutýar.
(Mydam täleý bilen başa-baş adam
Ne deňleşýär, ne utulýar, ne utýar).

Ýaş başyma endik bolan dymmagy
Gara daşly gara dagdan öwrendim.
Bu gün welin gözüm düşüp daglara,
Durşum bilen soraglara öwrüldim.

Hany, gür bersene, aýtsana, dagym,
Aýt, nämüçin agyr seniň taryhyň?
Belki, onsoň ýazgararyn azajyk,
Belki, onsoň ýetirerin tarypyň.

Hany, gür bersene ganym atynyň
Daşyňda yz goýup geçen ýerinden.
Şonda nädip çydap bildiň? Nämüçin
Daş bolup ýagmadyň depelerinden.

Üstüňden ganymlaň düşende ýoly,
Neneň para-para bolmady daşyň?
Neneňsi siňdirip bildiň ýesirleň
Yzlarna delmuryp döken gözýaşyn?

Haýsy kemeriňden ötüp «gyzylbaş»
Pyragyň mekanyn saldy weýrana?
Goly bagly, kalby dagly şahyry
Haýsy ýodaň alyp gitdi Eýrana?

Hüňkara aldyryp Göroglyň başyn,
Haýsy gowagyňda bagryň dilindi?
Tyg göwsünden parran geçen Gyratyň
Nagarasyndan haýsy jülgäň elendi?

Hany, gür bersene geçmişiň hakda,
Belent mertebäňe edeýin togap.
Meni ünjä goýan ençe sowala
Özüň dymyp dursaň, kim bersin jogap?

...Ýaş başyma endik bolan dymmagy
Öwrenipdim gara dagyň daşyndan.
Bu gün welin gözüm düşüp daglara,
Ejiz gelýän ýeke katra ýaşymdan.

Hany, töweregňe göz aýla, dagym,
Agyr taryhyňa aglaýan känmi?
Ozalam gözýaşyň ýeterlik ahyr,
Bu günki damjalar artykmaç dälmi?

...Mydam adam bilen başa-baş täleý
Ne deňleşýär, ne utulýar, ne utýar...
Daglaň geçmişine aglaýar adam,
Dag bolsa adamlaň ýasyny tutýar...

Şiraly NURMYRADOW





Категория: Goşgular | Просмотров: 33 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Guş dili / Goşgular - 19.01.2022
Düşnüksizlik / Goşgular - 30.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Сон / Goşgular - 21.01.2022
К портрету Лермонтова / Goşgular - 18.01.2022
Люблю? / Goşgular - 20.01.2022
Senem gidäýdiň / Goşgular - 13.01.2022
Муза / Goşgular - 21.01.2022
Goşgular / Goşgular - 23.02.2022
Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]