08:01
Daglar
DAGLAR

– Halallandym-diýip, alaýyn dynjy,
Çeşmäniň başynda kylyp men synjy.
Bir ene mysaly etmäňler ünji,
Ak gaýaň ýassanyp, uklar men, daglar.

Jybarlap ýaganda ýagşyň ajaýyp,
Ýaşyl kürtäňdäki nagşyň ajaýyp.
Zawda bilbil guşuň – bagşyň ajaýyp,
Joş alyp, ýol aşyp çykar men, daglar.

Sizi gören gyzlar aşykdyr mydam,
Göwünler sil deýin daşypdyr mydam.
Çarwa iliň ýollar aşypdyr mydam,
Üstüňde süri mal kökär men, daglar.

Gadymýetden galan zemin myhy siz,
Görüpsiňiz ol pygamber Nuhy siz.
Görüpsiňiz niçe ýowy, gohy siz,
Öňüňizde dyza çöker men, daglar.

Söýlemäge batyr Görogly gerek,
Ok-esbaby, şaýy-ýaragy gerek.
Pyragynyň ýazan şygyry gerek,
Ýaňlandyryp bu gün okyr men, daglar.

Bu günlükçe indi sözüm tamamdyr,
Şükür, üstüňizde iller amandyr.
Bu-da waspyňyza birje kelamdyr,
Rugsat bolsa ýollar söker men, daglar.

30.07.2002





Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan / Goşgular - 13.03.2021
Biz hakda / Goşgular - 08.02.2021
...Göwnüm gaçdy / Goşgular - 24.03.2021
Pent / Goşgular - 30.05.2021
Hüwdi / Goşgular - 14.04.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Karar / Goşgular - 24.03.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021



Всего комментариев: 1
0
1 mango   [Материал]
Halallandym-diýip, alaýyn dynjy,
Çeşmäniň başynda kylyp men synjy.

Halallanmak - ?
Täret alyp arassalandym diýiljek boldumyka?
Synjy kylmak - ?
Synja (istinja) diýildigi öýdýän.
Synja kylmak - tualet hajatyňdan soň hapa çykan ýerleriňi suw bilen arassalamak….
Indi, “Çeşmäniň başynda kylyp men synjy (synja)-ny täzeden okap görüň.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]