13:43
Daga gidesim geldi
DAGA GIDESIM GELDI

Şol gün ýüregim gysdy,
Daga gidesim geldi.
Kapyr Şetdat saldyran,
Baga gidesim geldi.

Dünýäñ agypdyr eñki,
Ne nury bar, ne reñki.
Barýan ýoly garañky,
Aga gidesim geldi.

Jahan ikä ýarylan,
Çyn galada garylan.
Dag-gowakdan örülen,
Çaga gidesim geldi.

Jigerimi ýarala:n,
Kaýda köñül arala:n...
Tur dagyny parala:n,
Çoga gidesim geldi.

Allañ elip harpyndan
Şer ýykylar zalpyndan.
Gaçyp baryñ galpyndan,
Ýoga gidesim geldi.

Has TÜRKMEN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 8
0
100 den geçmeli dälmi?

0
7 Garayolly1936   [Материал]
Ajaýyp goşgy

2
5 Myhman0430   [Материал]
bölekleýin alsaň gowy ýerleri bar.

umumy alsaň kelläňi garyşdyrýa.

aslynda ikinji, üçünji bendini aýryp, diňe birinji, dördünji, bäşinji bendini goýsaňam erbet boljak däl eken. ikinji bent @bagabadyň warianty erbet däl.

näme üçin kelläni garyşdyýa diýdim? sebäbi

Şol gün ýüregim gysdy,
Daga gidesim geldi.
Kapyr Şetdat saldyran,
Baga gidesim geldi.


şetdat diýilýän kişi ad kowmundan. özem erem bagyny öz ýanyndan jennede altarnatiw diýip saldyrýa. soň Alla tarapyndan ad kowmy hem erem bagy (şäheri) hem jezalandyrylyp ýok edilýä. indi soňky bentlere geçeli.

Dünýäñ ýok ýaly eñki,
Ne nury bar, ne reñki.
Barýan ýoly garañky,
Aga gidesim geldi.

bu bent hakynda @bagabat aýdypdyr.

Jahan ikä ýarylan,
Çyn gahada garylan.
Dag-gowakdan örülen,
Çaga gidesim geldi.

bu bendem aslynda düşnükli. gowy pikirler bar. ýöne soňky iki bent bilen baglanşygy ýok.
jahanyň ikä ýarylmagy haýyr bilen şer, ak bilen gara, gije bilen gündiz.... diýeli
çyn gahada (az, gyt) garylmagam düşnükli. siwilizasiýa ösdügiçe ýalan rowaç alypdyr. onsoň gahryman ilki durmuş opşinasyna gidesi gelipdir.

Jigerimi ýarala:n,
Kaýda köñül arala:n...
Tur dagyny parala:n,
Çoga gidesim geldi.

soňky iki bent has gowy. gahrymanyň jigerini ýaralan, köňlüni aralan Alla Tagala bolmaly. sebäbi: Musa (a.s) pygamber Tur dagynda Rabby bilen gürleşipdir. şonda (gysgaça aýtsak) Musa (a.s) "Jemalyňy göresim gelýä" diýipdir. onsoň (gysga dialogdan soň) dag sandyrap başlapdyr, Musa (a.s) özünden gidipdir.... we ş.m.

indi başdaky şetdadyň erem bagy nire, bu ýerdäki Allaň jemalyna ýa özüne gowuşma nire. hem

Allañ elip harpyndan
Şer ýykylar zalpyndan.
Gaçyp baryñ galpyndan,
Ýoga gidesim geldi.


başdan Alla sözi bilen başlap (arapça Alla sözi ýazylanda elip harpyndan başlanýa) soňuny gaçyp baryň galpyndan, ýoga gidesi gelmesi birhili. tersine gaçyp ýoguň galpyndan Bara gidesi gelmeli ýaly. sebäbi Allany bildirýän sözleriň biri hem bar sözi. "eý Bar Hudaýa" diýýändirler.

gowy düşündirip bilmedim öýdýän.

1
6 mango   [Материал]
Şol gün ýüregim gysdy,
Daga gidesim geldi.
Kapyr Şetdat saldyran,
Baga gidesim geldi.

bir şahsyýetde iki güýjüň täsiri bilelikde bolup bilýär, haýryň we şeriň....., ýöne biri üstün gelýär (arasynda ýerlerinem çalşyp bilýär....) her kimde-de bolýar şo ýagdaý....
gahrymanyň "ýüregi gysyp daga gidesi gelende"... ol daga çykan gaty kän şahsyýetlerem ýatlap bolar, mysal üçin hz. Musany, hz. Muhammedi (s.a.w.)...
soňra gahrymanyň "şetdadyň bagyna" höwes etmesi geň ýalam bolsa, gahrymanyň şetdadyň ýoluna höwes etmäni belli ahyryn.... diňe onuň bagyna höwes etdi...
menem düzüw düşündirip bilmedim öýdýän....
---
döwrümizden bir mysal:
Allanyň ýoluna (bir zada şükür edip) sadaka berilýär.... gündiz.....
sag-aman agşamyň tümü gelerem welin, başlanar "sadakaň" dowamyna..... oňa millediň "molla kowdy" diýýän ýerlerem bar...
biz unikal millet, 24 sagadyň dowamynda iki tarapyňam göwnüni awlap bilýäs....
ýöne aldap bilýäsmi?
diňe özümizi aldaýas.
umuman.... sere geldi....
adam pahyr ak-gara bir jandar.

2
4 mango   [Материал]
gowja zat bolupdyr.

Gaçyp baryñ galpyndan,
Ýoga gidesim geldi.

ýok diýen zat ýok bolaýmasyn.
barlyga gowuşmak üçin nebsiňi ýoklamak ýaly zatlara düşünýän welin, bärde ýoga gidilesi gelinýär. azajyk başgarak aýtmalymyka?
ýöne, Has kakaň "Şol gün ýüreginiň gysmagy" bähit bolupdyr.
gowy goşgy goşulypdyr.
üstünlikler.
ýyzzylam bassyk.

1
3 Bagabat   [Материал]
Goşgyň äheňi gowy bolupdyr. Başlanda-da güýçli başlaýar:

Şol gün ýüregim gysdy,
Daga gidesim geldi.

Ýöne, diletantyň pikiri bolsa-da, aýdyp galaýyn, şu topbagy şeýleräk alynsa, has akgynly bolaýjak ýaly:

Dünýäň agan deý eňki,
Ne nury bar, ne reňki.
Barýan ýolum garaňky,
Nura gidesim geldi.

"Allañ elip harpyndan
Şer ýykylar zalpyndan." diýen goşa setirde-de, "zalpyndan" diýip alman "zarbyndan" diýilse-de, kapyýa zyýan etmeýän ýaly.

1
2 Aksary   [Материал]
Ýöne ZALP ?
Şer ýykylar zalpyndan.

0
1 Aksary   [Материал]
Şol günüñ barýan ýoly garañkydy,agyna gidesim geldi.

Haladym,gowy goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]