18:42
Dag we deñiz
DAG WE DEÑIZ

Agşam...
Deñiz boýy...
Asuda asman...
O ýerde,
Daglarda niçik bu agşam.
Bilýärin, meñ söýýän belent daglarma
Bakýansyñ mensiz.
Gör, menem señ söýýän mawy deñziñe
Bakýaryn sensiz.

Pikirlerden mydam
Kelle doly dur.
Olar señ ýanyña galýar, dyzaýar.
Ol ýerdäki çaýlar
Deñiz ýalydyr,
Bu ýerde
Tolkunlar
Dag meñzeýär.

Köñül señ ýanyñda...
Gaýdanok heniz...
Köp zat añýar
Daglañ gümmürdisinden.
Diýme sen: "Daglardan
Daşdadyr deñiz".
Deñiz başlanýandyr
Dag gaýasyndan.

Gaýañ dagy eredikçe,
Gül meñiz,
Deñiz tolkunlary
Joşýar, bilginiñ.
Eger sen dag bolsañ,
Menem bir deñiz,
Gözbaşym,
Gaýañdan başlanýar seniñ.

Nabi HAZRY,
azerbaýjan şahyry.

Terjime eden: Italmaz NURYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Haweran | Теги: Nabi Hazry | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýün aga / Goşgular - 29.05.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Sensiz / Goşgular - 10.04.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Rubagylar / Goşgular - 06.04.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]