12:17
Dag we Asman
DAG WE ASMAN

Sen hemişe dagy arzuwlap geldiñ,
A men bolsa asmany.
Sen şol asmandaky ýyldyz ýalydyñ
Elýetmezdiñ,
Owadandyñ,
Agrasdyñ.
Bilmedimem
(Has dogrusy utandym)
Söz aýtmagy
Geçjek ýoluñ kesmäni.
Älemdiñ,
asmandyñ
ýyldyzdyñ
aýdyñ.
Gündüñ,
şapaklarda nura bezelip
Her ýerde,
her daýym arzuwlap gezen
Dagyña dirilik şuglasyn çaýdyñ.
Bir gün bulut tutdy gögüñ ýüzüni
Dag ýerinden süýşdi, lerzana geldi.
Okkessirme inen otly ýyldyrym,
Tamuga öwürdi dagyñ ýazyny.
Daglaryñ goýnunda ýüz ýyllap ösen,
Arçalam kül boldy, arzana geldi.
Hernä wagt bitirdi ýaralarmyzy -
Garaköýük bolan belentlikleriñ
Bardy-geldi aş saýlaýsa iýer diýp,
Saña meñzeş sarymeñiz hurmalañ
Tokaýyna öwrülşini, älhepus!
Bu gün ýyllar boýy telwas edilen
Asmanyñ sendigni,
Dagyñ mendigni,
Gapyşanda
Tapyşanda ömürlik
Bildik, elimizden tutup jahanyñ
şa şähriniñ köne harabasynda
Pata bereninde pir Hoja Hapyz!

Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Haweran | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Tanyş ýollañ, gumaksyja ýodalañ..." / Goşgular - 25.05.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
1937 / Goşgular - 05.04.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Degmäñ! / Goşgular - 30.05.2021
Gözýaşlam bilen ýuwaryn / Goşgular - 10.01.2021
Gysgajyk goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Ýürekdeş gözlegi / Goşgular - 16.03.2021
Pursat / Goşgular - 08.03.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Zara   [Материал]
Bidereklik...

1
2 Garayolly1936   [Материал]
Gowy goşgy

1
1 mango   [Материал]
asmandaky ähli zada (aýa, güne, ýyldyza...) deňäňde, häk... asmanyň ýyldyrymam-a bardyr diýip durkam.... ýyldyrymam geldi, özem "ot bolup okkesme inip".
---
Bardy-geldi aş saýlaýsa iýer diýp,

şeýle günümellik şygyrda gerekmi? "göwni islese, küýsese..." ýalyrak sözler bolup bilmezdimi....
----
Hoja Hapyz - şo farz şahyry Hafiz Şirazi-mi?
----
"men dag, sen owadan asman" - ideýasy çalaja ýatlatdy: "Men zemin. Sen bolsa ullakan asman"-y

gowy goşgy.
döredijilikde üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]