23:39
Dag oýlanmasy
DAG OÝLANMASY


Janyma aram tapmadym,
Halymy soran tapmadym.
Gijeler ýatmazdan burun
Çagalygymy ýatladym.

Ýelligaýany ýatladym,
Çynar – saýamy ýatladym.
Hem uzak gije ýatmadym,
Hüwdüleri gulagymda.

Janly-jandar – bary mährem,
Ot-çöpleri derde melhem.
Joşjak bolsaň joş sen ylham,
Joşgun bolsa ýüregiňde.

Dag ogly men, aslym dagdan,
Janym-tenim – neslim dagdan.
Dag degresindäki tagdan
Ýanmaz ussaň körüginde.

Arçalary ne enaýy,
Arçalarnyň bolmaz taýy.
Görüpdir ol niçe gaýy,
Şonda-da dur öz ornunda.

Dagym, dagym, eziz dagym,
Geldim saňa gamly çagym.
Diýdiň: "Eşitmäýin agyň!“
Tebip bolduň ýeldirgäne.

Adamlary ýalandan däl,
Ýalandan däl, ýanandan däl.
Ýagşylary ýamandan kän,
Taplady sal-küreginde.

Aşyp menzilden-menzile,
Eşitmersiňiz zenzele.
Sen perzent, ol mährem ene,
Rahatlygyň goragynda.

Hoşroý ysy çeşme-çaýyň,
Deresinde gülden paýyň.
Jeren dur. Gezeme ýaýyň,
Geldim men şoň soragynda.

Oglany men altmyş ýaşyň,
Çalarypdyr gara başym.
Atam-enem, sen gardaşym,
Ele durmuş eleginde.

31.07.2007





Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
Клянусь / Goşgular - 11.01.2022
Gurjakbaşy / Goşgular - 23.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]