22:47
Çopanlaryň edebi obrazy hakynda
ÇOPANLARYÑ EDEBI OBRAZY HAKYNDA

Edebiýat ylmynyň obrazlar ulgamy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolany üçin her bir obrazyň genetikasyny (gelip çykyşyny) derňemek örän wajyp işleriň hataryna girýär. Edebiýatdaky şeýle obrazlaryň biri hem çopanyň obrazydyr. Bu obrazyň örän köptaraplydygy sebäpli, biz ony klassifikasiýa (toparlara) bölüp öwrenmegi makul bildik. Derňew işimize başlamazdan ötri çopanyň kim bolýandygy hakynda gysgajyk maglumatlary getireliň. Sebäbi her bir zadyň adynda onuň özi hakynda doly ýa-da kem – käsleýin maglumatlar saklanýar. “Çopan [çopon]:
1. Mal, süri bakýan adam. Gelnimiň aýagy, çopanymyň taýagy (Aýtgy). Çopan halky sowukganly, giň göwrüm, batyr ýürekli bolmaly (Türkmenistan);
2. Göç.m. Birine gözegçilik edýän adam, birinden habarly bolmaly adam. Men onuň çopany däl ahyry;
3. Türkmen milli göreşinde ulanylýan bir emel;
4. Oglana dakylýan at.
Şeýle hem sada adamlar babatda “çopantak” meňzetme sözi ulanylýar. Ösümliklere – çopantelpek, çopankökeren, göreşde ulanylýan emele – çopanbadak ýaly sözleriň düzümine geçipdir. Şeýlelikde, biziň halkymyzda hem tutuş bir çopançylyk medeniýeti bar ekeni diýip aýdyp bileris.
Ýeri gelende belläp geçsek, çopanlaryň obrazy türkmen edebiýatynda-da ýygy – ýygydan duş gelýär. Milli mirasymyz bolan “Gorkut ata” eposynda “Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy boýundaky” Garaja çopanyň obrazyny alyp göreliň. Onda wepalylyk (Salyr Gazany agyr günde taşlamaýar, ýeke goýmaýar), mertlik (Salyr Gazanyň duşmanlaryna garşy bile söweşmegi teklip edýär), gaýratlylyk (duşmanlaryň hile-pirimlerinde, haýbatlaryndan gorkmaýar) ýaly sypatlar jemlenipdir. Edebiýatda diňe oňyn häsiýetlerden düzülen obrazlar örän seýrek duş gelýär. Bu ýagdaý ähli halkyň edebiýaty babatynda-da şeýledir. Ýöne käbir obrazlar, galaba diňe oňyn häsiýetlerden düzülip, ol edebiýatyň ähli döwürlerinde diýen ýaly položitel obraz bolmagynda galýar. Oguz eýýamyndan bäri çopanlaryň oňyn obrazynyň sebäbini dürlüçe düşündirmek mümkin. Oguzlaryň esasy meşgullanan kärleri çarwaçylyk bolansoň, türkmen halkynyň çopanlara bolan gatnaşygy esasan oňyn gatnaşyk bolupdyr. “Gorkut ata” eposyndan görnüşi ýaly, çopanlar jemgyýetde aýratyn hem wajyp gatlaklaryň birine öwrülipdir. Elbetde, edebiýatyň ösüşiniň belli bir döwründe bu obrazyň hem tersin alamatlar bilen çykyş eden ýerlerine gabat gelmek mümkin. Olaryň mazmuny, esasan, çopanlaryň sowatsyzlygyndan zeýrenmekden, ajy gülmekden ybarat bolup, halk döredijiliginiň erteki, rowaýat, şorta söz ýaly görnüşlerinde beýanyny tapypdyr. Türkmenistanda sowet hökümetiniň gurulmagy Sowet idealogiýasy çopanlary işçi halkyň wekili hökmünde orta çykarýar. Şeýlelikde, çopanlaryň sowatsyzlygyny ýanamak tendensiýasynyň mazmuny “Adam adam dälmidir, hurma-badam dälmidir, akylsyz, nadan baýlar, çopan adam dälmidir?” ýaly mazmundaky beýleki bir halk döredijiligi eserlerine öz ornuny berýär. Eýýäm şol döwürlerde çopanlaryň “dünýäden habarly adamlardygy” baradaky garaýyşlar edebiýatda hekaýa, poema, goşgy, powest görnüşinde orun alyp ugrady. Çopanlar temasyna bolan gyzyklanma hiç döwürde-de öz aktuallygyny ýitirenok. Sebäbi çopanlar temasy köki bilen gadymy mifologiýa gidýär. Iň gadymy dini tekstlerde çopanlaryň duşmagy olaryň edebiýatda berk orun almagyna getiripdir. Netijede, edebiýatyň üsti bilen obraz derejesine baryp, çopanlar sungatyň surat, aýdym-saz, kino, skulptura ýaly beýleki görnüşlerinde-de janlanypdyr. Şu nukdaýnazarlary göz öňünde tutup, biz çopanlaryň obrazyny aşakdaky toparlara (klassifikasiýa) böldük:
1) Çopanlar – ýokary ruhuň obrazynda
2) Pygamberleriň, keramatly adamlaryň, nimfalaryň, ýarym hudaýlaryň obrazynda
3) Adaty adamlaryň obrazynda – edebiýatda gabat gelýärler.
Çopanlaryň ýokary ruh bilen baglanyşdyrylmagy, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, dini tekstleriň täsiri sebäpli ýüze çykýar. Iňlis filosofy we hukukşynasy Tomas Gobbsyň “Lewiýafan” atly kitabynyň 4-nji bölümi “Garaňkylygyň şalygy” (Kingdom of Darkness) diýlip atlandyrylmak bilen onda “Hamana, çopanlar ruhy güýçmüşin” diýen bölüm bar. Şol bölümde baş ruhanynyň (papanyň) obrazy çopanyň obrazynyň mysalynda beýan edilipdir. Haýsy sebäbe görä çopanyň obrazynyň ýokary ruhy substansiýa eýe bolýandygy barada kardinal Bellarmoni Robertonyň “De summo pontifice” (“Pantifigiň häkimiýeti”) atly işini ýatlamak ýerliklidir. Hristian dinine uýujylaryň baş kitaby bolan Injilde Isa pygamberiň apostol Pýotra: “Meniň guzularymy bak” – diýip tabşyrandygy baradaky bölüme görä, apostol Pýotr şol sargyt esasynda çopana gerek bolan ähli häkimiýeti, meselem, möjekleri (ýeretikleri) kowmagy, guduzlan goýunlary sürüden çetleşdirmegi, şeýle hem, sürini gerek bolan iým bilen üpjün etmegi gazanypdyr. Şol sebäpden kardinal Bellarmino üç etaply bu häkimiýeti apostol Pýotr hut Isa Halasgäriň özünden alypdyr diýen netijä gelýär.
Şulara esaslanyp, T.Gobbs çopançylyk etmek häkimiýetini ikä bölýär we birinjini “jure divino” – diýip atlandyrmak bilen ony häkimiýete we häkimiýeti bar bolan gatlaga, ikinjini “jure civil” – diýip, atlandyrmak bilen ony raýatlar gatlagyna degişli edýär. Ol korollary dogluşdan häkimiýete, ýagny “çopançylyga” hakly adamlar hasaplamak bilen görnetin “çopançylygyň” şolaryň elinde bolmalydygy baradaky pikiri öňe sürüpdir. “Hristian korollary çopançylygyň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmäge haky bar” – diýip, ol ruhanylaryň ähli mümkinçiliklerini, ýagny häkimiýetini korolyň häkimiýetine geçiripdir. Ol munuň sebäbini korolyň hem edil ruhany ýaly bilimli bolýandygy bilen düşündiripdir, “Korollar kazylar ýaly sud etmäge-de hakly, ýöne olaryň bu zatlara wagty ýok” – diýip belläpdir (seret: şol kitapda, sah.417) Şu ruhy häkimiýetiň ondan-oňa geçiş prosesini yzarlap, onuň ilki ruhany gatlagyň, soňundan häkimiýetiň eline geçendigini görmek bolýar.
Grek mifologiýasynda olimp hudaýlarynyň biri hasaplanýan Apollonyň köpsanly kärleriniň biri hem çopançylyk bolupdyr. Türkmenlerde çopançylygyň pirleri bakylýan malyna görä tapawutlandyrylýar, meselem uşak mallaryň, goýnuň piri Musa a.s bolsa, düýäniň piri Weýis baba, sygryň piri Zeňňi baba hasap edilişi ýaly, gruzin mifologiýasynda guşlaryň we şahly ýabany haýwanlaryň piri Apsati atly ruh bolupdyr. Köp halk döredijiligi eserlerinde: dessanlarda, eposlarda, rowaýatlarda, ertekilerde, esasan, kyssa žanrly ýazgylarda çopanlar baş gahrymana kömek edýärler. Çopanlaryň şu hili hyzmatynyň sebäbini:
a). Şol döwürlerdäki ýörgünli käriň çopançylyk bolandygy bilen;
b). Çopançylygyň obrazlaşdyrylyp, ruhy hadysa öwrülmegi bilen düşündirip bolar. Şeýle mysallary näçe diýseň getirmek mümkin, ýöne munuň iň ilkinji çeşmeleri hökmünde – ilkinji ýazylan halk döredijiligi eserlerini, meselem, Töwraty alyp görmek ýerlikli bolardy. Türkmen halk döredijiliginde bolşy ýaly, çopanyň ösdürip ýetişdiren, terbiýelän gahrymanlarynyň hataryna nart eposyndaky Batrazy-da, Gomeriň “Odisseý” poemasyndaky Odisseýiň ogly Telemahy-da goşubermeli.
Gadymy grek we rim edebiýatynda ýörite çopançylyk edebiýaty bar diýip bolar. Çopançylyk edebiýaty antik, şeýle hem, soňky Renessans (Galkynyş) edebiýatynyň hem bezegi bolup durýar. Owidiniň, Wergiliniň şygyrlarynda olar hakynda agzalýar. Dafnis ýaly sisiliýaly çopanlaryň başdan geçirmeleri gürrüň berilýär. Şol döwür edebiýatyndaky çopanlaryň obrazy şahyranalygy, sazandalygy, şahandazlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Çopanyň obrazynyň diniň ýokary ruh obrazyndan çykyp, täze bir obraza – şahyryň we sazandanyň obrazyna geçýändigi güýçli duýulýar. Muny biz Dafnisiň ganybir dogany we diňe grekleriň däl, eýsem, köp ýewropa halklaryň mifologiýasynda çopanlaryň howandary hasaplanýan Panyň taryhyndan hem yzarlap bilýäris.
Çopanlaryň pygambarleriň obrazynda çykyş edýänleri hökmünde b.e.öňki X asyrda ýaşap geçen we türkmenleriň arasynda demriň piri hasaplanýan Dawudy, türkmenleriň arasynda kiçi şahly mallaryň piri hasaplanýan Musa kelamullany görkezmek mümkin. Dawudyň çopançylykdan daşary arfada saz çalyp, şahyrçylyk edendigi barada aýdylýar. Şeýle hem Dawudyň barly maşgaladan däl-de, ýönekeý çopan maşgaladan gelip çykyp, soňlugy bilen patyşalyga ýetmegi – şondan soňky örän köp halk döredijiligi eserlerinde garyp-baý, garyp-patyşa ýaly konsepsiýalary döretdi. Bu motiw folklor eserlerine berk ornaşyp, onuň häzirki günlerde-de esasy sýužeti bolmagynda galýar. Bu simpatiýany türkmen halk döredijiligi eserlerinde-de, (“Çopan we patyşa” ertekisi), Magtymguly Pyragynyň “Garyp, sen ýyglama, şir dek bolar sen” ýaly setirlerinde-de, B.Seýtäkowyň “Aýaz han” atly poemasynda-da duýmak bolýar.
Umuman, çopanlaryň obrazy özünde iki sany ugurdaş – hem ruhy, hem maddy elementleri saklamak bilen edebiýata berk ornaşypdyr we onuň obrazlar ulgamynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmen edebiýatynda çopanlaryň obrazynyň ruhy tarapy halk döredijiligi eserlerinde has agdyklyk edýändigi bilen tapawutlanýar.

Bägül ATAÝEWA.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 88 | Добавил: Haweran | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 12
0
11 Bagabat   [Материал]
Biderek wagtyňyzy alanyma ötünç soraýan.

0
Jane Austiniñ "Pride and Prejudice " romanynda Elizabethe Jenap Darsiniñ söz aydyan yeri bar "Ma'am Forgive me for taking up much of your time " diyyar. Şol pursaty ýatlatdyñda maña. Her gezek kinosynda şo pursatda tolgunýan yaman

1
Welmyrat aga çopan, hut şo çopan Magtymgulynyñ golyazmasyny köşekli duyesini berip satyn alyar. Barja baylygyny berip. Diymek, bu copan yone mone copan däl :)))

0
5 Bagabat   [Материал]
Ok.

1
yoritelap kontrast bermek yasamalyk dorederdi eserde

0
9 Bagabat   [Материал]
Ok.

0
Aý menä muña ynanamak. Galanam nä bilemýokda

0
3 Bagabat   [Материал]
Ok.

1
6 mango   [Материал]
@bagabat daýa şahsy pikirim.
"2. Geçen asyryň soňky... " diýip başlaýan sözlemiňde 58 söz bar welin... endikdirem, iş bilen baglydyram..... onda-da uzyn sözlemleriň garşysynda özüňi неудобный duýýan ýaly bolýar..... okujy bilen aralyga birhili sowuklyk aralaşýan ýaly....

0
8 Bagabat   [Материал]
Ok.

0
2 Bagabat   [Материал]
Ok.

1
Garagum zurnaly, 2020 y, iyul

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]