05:24
Çöken durna
ÇÖKEN DURNA

Göçdi guşlar, Hanhowuzuň düzünde
Artyk saýyp şundan uzak durmany.
Tutup geldi pagta ýygýan çagalar
Garrap, halys tapdan düşen durnany.

Oň utanjaň hem gussaly gözleri
Ýuka gabaklaryn bürenip durdy.
Gasyn-gasyn aýaklarnyň üstünde
Horyda göwresi yranyp durdy.

Kuwwatsyz ganatlar durdy ýaýylman,
Şolarsyz uçmaga ýok durnaň hetdi.
Ömür boýy ynam beren ganaty
Durna gel-gel şu gün dönüklik etdi.

Bu şowsuzlyk üçin durna hiç kimiň
Günäkär däldigin duýýan ýalydy.
Oň gözleri: “Namart ajal? Nämüçin
Asmanda almadyň?!” diýýän ýalydy.

Çagalar göterip äkitdi ony,
Şemal onyň näzik perin darýardy.
Ýöne durna şindem mawy asmana
Hem ak bulutlara garap barýardy.

Atajan ANNABERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Mähriban | Теги: Atajan Annaberdi | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Perzent / Goşgular - 20.03.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Wagt hem söýgi / Goşgular - 08.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
“A men seň toýuňda çabga guýdyryn!..” / Goşgular - 10.04.2021
Gerdek / Goşgular - 14.02.2021
Kakañdyr / Goşgular - 25.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]