09:56
Çeperçilik we kyssaň dili hakda kelam agyz
ÇEPERÇILIK WE KYSSAŇ DILI HAKDA KELAM AGYZ

Kitapсy.com saýtynyň agzalarynyň biriniň “Görogluda” çeperçilik ýokdugy hakynda pikiri geň galdyrdy.
Biz-ä şu mahal-a çenli öz dilimiziň çeperçiligini “Görogludan”, “Gorkut atadan” öwrenmeli diýip ýördük.
Ýöne, ýokarda aýdylan pikiri öňe süren ýigit, bu ýerde çeperçilik diýen düşünjäni artykmaç gep owadanlamak bilen çalyşýan bolaýmasa.
Artykmaç gep owadanlamak hiç haçanam eseri bezemeýär. Gurbannazar Ezizow özüniň şygrynda “Sungat näme bilýärsiňizmi?” diýen sowalyna özi “Iki sözde ýazylýarka nama, ol ýerde üç sözüň geregi näme?” diýip jogap berýär. çeperçilik bolsa kähalatda özüniň gysgalygy bilenem haýran galdyrýar.
Mysal üçin, Kömek Kulyýew özüniň “Ýetimleriň baýramy” atly powestinde çeperçilik usullaryny şeýlebir gysgalyk bilen ulanýar welin, haýranyň hekgerýär...
Bir ýeri bar, “içinde ýegeni ýatan sallançagy aýagy bilen üwreýär” diýip dogry sözlem düzmeýär-de: “içi ýegenden doly sallançagy aýagy bilen batlandyryp” diýen aňrybaşy çeper beýan etmäni ulanýar welin, edil kino gören ýaly göz öňüňde janlanýar.
Çeperçilik - bu artykmaç sözlülik däl.
Azsözli, ýöne çeper ýazyp bolýandygyny A.Çehowyň, E.Hemingueýiň, Harper Liniň we beýlekileriň eserleriniň mysalynda görmek bolýar. Bizde şeýle eserler Kömek Kulyýewde juda kän. Gurbannazar Ezizowyň “Tabyt” hekaýasy bolsa bu usul bilen ýazylan eserleriň nusgalyk görnüşi. Çžan Ýunyň eserini heniz doly okap görmedim, ýöne ýüzleýräk göz gezdirenimde eseriň äheňini Harper Liniň “Bilbili öldürmek” romanyna ýakyn gördüm. Okap çykanymdan soň belli bir netijä gelip bolarmyka diýýärin.
Şeýle gyzykly anyklygy Hydyr Amangeldi aganyň “Gören kim görünen kim” atly eserinde-de görmek bolýar. Ýa-da Agageldi Allanazaryň “Iner ýüki” atly eserinde...
Umuman biziň edebiýatymyzda-da beýle eserler bar.
Onsoňam, çeperçilik bolsun, bolmasyn, Gurbannazar Ezizow: “Adamlary özgerdýan şahyrdyr” diýýär. Hakykatdanam adamlary sähelçejigem bolsa gowulyga iterýän, iň bolmanda erbetlikden jinnek ýaly saklaýan her bir söz şygyr bolaýmasa...
Çeper edebiýatda minimalizme ýykgyn etmek, az söz bilen köp zady beýan etmäge çalyşmak öňem dünýä edebiýatynda ýörgünli garaýyşlaryň biri.
Ýöne, näme, owalbaşda-ha bu hemme kişä başartmaýar, başardaýanda-da her kim bir pikire eýerýär.
“Her kellede bir hyýal, kel kellede müň hyýal” diýmeýärmi, türkmenler?!
Ýöne minimalizm usuly bilen diýilmekçi bolunýan zady okyjynyň kalbyna ýetirip bolsa oňa ýetesi zat ýok. Onsoňam iň aňrybaşy minimalizm usuly bilen ýazylan eserem çeperçilikden halas bolup bilmezmikä diýýärin.
Çünki çeperçiliksiz çeper edebiýat - bu nonsens bolaýmasa!

***

Çeperçiliksiz edebiýat, haçan-da aýtmaga-diýmäge täze söz, ideýa, sýužet, obraz galmandan soň çeperçilige duwlanylyp, ýazyjysyrap başlanýandygy hakyndaky garaýyş barada bolsa öz pikirimi aýdaýyn:
Edebiýaty öwreniş ylmyndan belli bolşy ýaly, edebiýatyň ylmy edebiýat, tehniki edebiýat, epistolýar edebiýat, çeper edebiýat ýaly ugurlary bar.
Kyssa bilen Şygryýet bolsa çeper edebiýatyň düzüm bölekleri bolup durýar. Edebiýatyň bu şahasynyň adyna üns berseňiz ol “Çeper edebiýat” diýlip atlandyrylýandyr.
Onsoň, çeperçiliksiz çeper edebiýat bolup bilermi?!
Men-ä “ýok” diýip jogap berip biljek.
Sebäbi sadaja aýdylanda ha goşgy, ha proza eseri ilkinji nobatda durmuşy wakalary, oýlanmalary çeper beýan etmekden ybarat.
Mysal, Magtymgulynyň meşhur şygrynda şeýle bellenýär:
Kethudalyk gözel ýoldur,
Gaýgy garrydar, gam öldir,
Ýigitlik bir gyzyl güldür,
Solaýyn diýseň, öýlengin...
Bu setirleri näme ajaýyplaşdyrýar, täsirli edýär?
Elbetde çeperçilik.
A çeperçilik näme?
Adaty zatlary owadan edip aýtmak dälmi?!
Bu setirlerdenem metaforalary, çeperçiligi aýryp aýdyp görseň, onuň ajaýyplygyndan näme galar?!
Mysal: Oba jemagatyna ýolbaşçy bolmak her kimiň isleýän, ymtylýan derejesidir. Ýöne ol dereje adamyň teniniň we ruhunyň wagtyndan öň öz ýaşaýyş ukyplaryny hem-de saglygyny ýitirmegine getirýän, ahyrynda-da özüniň organizmine tebigat tarapyndan kesgitlenen biologiki mümkinçiliklerden öň aradan çykmagyna eltýän gaýgy-aladalardan doludyr. Adamyň ýaşlygy onuň organizminiň biologiki mümkinçilikleriniň iň ýokary derejedäki döwrüdir. Şol ýaş döwrüň lezzetini duýup bilmän, öz başyňa alada baryny satyn aljak bolsaňam, özüň ýaly adam bolan, ýöne başga jynsdaky indiwidium bilen “nika” diýlip atlandyrylýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryna girgin...
Ine, nähili uzyn hem ýüregedüşgünç boldy.
Ýöne, oňa derek mümkin boldugyndan çeperçiliksiz beýan edildi...

***

Hekaýalarda arhaizmleri gaýtadan ulanyşa girizmek hakynda aýdylanda, milli dilde arhaizm näçe köp bolsa, ol şonça-da garyplaşýar. Biz hatda öz beden agzalarymyzyňam hakyky türkmen dilindäki atlaryny doly bilmeýäris. Sebäbi ol atlar ulanyşdan galyp gidip barýar. Elbetde, özge dillerden jaýdar adalgalaryň, sözleriň beýleki bir dile gatylyp-garylyp ony baýlaşdyrmagy, üýtgetmegi bu tebigy ýagdaý. Onuň öňüni alaýyn diýip näçe çarp ursaňam bolmaýar, öňüni aljak bolmagyň gaty bir zerurlygam ýok. Şeýle-de käbir ulanyşdan galan predmetleriň atlaryny aňladýan sözleriň ýitip gitmegem tebigy hadysa. Ýöne adamyň synasy ýa-da ol ýa-da beýleki bir durmuşy hadysany aňladýan şireli türkmen sözi ulanyşdan galsa dogry däl diýip hasap edýärin. Mysal üçin, öňki ýaşulular, mundan elli-altmyş ýyl ozalam bugdaý-arpanyň maýsasy “ygşyldaýar” diýmän “gelesleýär” diýipdirler.
GELESLEÝÄR!
Nähili şahyrana hem şireli söz.
Ýa-da adamyň süýrdepesindäki saçynyň çowlanýanja ýerine “buýnuzak” diýilýär. Ýa-da patallak, tibit diýen adam bedeniniň agzalary. Ýa-da mysal üçin gulagyň ýelkeni, ysyrgalyk, ysyrgalygyň ujundaky maýalyk ýaly beden agzalarynyň atlary...umuman öz tenimiz barada-da ulanman-bilmän ýören sözlerimiz juda kän...
Uzyn moh-mohuň gysga juk-juky bolsa, ene dilimiziň garyplygy ýa-da baýlygy biziň özümize bagly. Türkmen aganyň asyrlaryň dowamynda eşrepi ýaly edip toplap gelen ummasyz söz gorunyň agramly bölegini ulanyşdan galdyryp, arhaizme öwürsek, onsoň neneň dilimiz garyp bolmasyn?!

Umuman, bu zatlar hakda meň pikirim-ä şeýle.
A siziňki nähili?!





Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 177 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 6
0
5 Yusup   [Материал]
"Gory gutaran şahyr goşgy ýazyp bilmän poema ýazýar.
Gory gutaran ýazyjy hekaýa ýazyp bilmän roman ýazýar." (Atajan Tagan)

Ylaşamok. Bu näme üçin beýle? Roman ýazmany başaran ýazyjy hekaýada ýazar.

0
6 Bagabat   [Материал]
Atajan aga, beýle diýmek bilen hekaýaň göwrüminiň juda çäklidigini, romanyň göwrüminiň bolsa hekaýa garanyňda onlarça, kähalatda müňlerçe (mysal üçin, Marsel Prustyň romany :-)) esse uly bolýandygyny göz öňünde tutýar. Hekaýada awtor beýan etmekçi bolýan wakasynam, aýtmakçy (ündemekçi) bolýan pikirinem, köp bolsa 5-10 sahypa sygdyrmaga mejbur. Şol göwrümde ol sýužeti emele getirmeli, çylşyrymlaşdyrmaly, okyjyny öz gahrymanlary bilen duýgy we pikir taýdan örklemeli, iň soňunda-da wakany gyzza-gyzza (kulminasiýa) ýetirip, sýužet ýordumynyň çözgüdini beýan etmeli ýa-da çözgüdi matallygyna galdyrsa-da, ol barada okyjyň özünde belli-külli bir netijeleriň peýda bolmagyny gazanmaly.
Romanda bolsa, ol kiçi roman diýlende azyndan 100-150, uly romanda 1000-e golaý sahypa bolýar. Garaz romançy awtora ýazylyp-ýaýramaga näçe diýseň "giň meýdan" bar.
Ýöne şol bir wagtda-da roman ýazmagyň zähmeti hekaýa ýazanyňdan şonça esse-de hupbatly. Sebäbi onuň üçin irginsizlik, aşa ýokary zähmetsöýerlik, ýatkeşlik, iň esasy zadam şol ýüregedüşgünç, köp ýagdaýda-da jinnek ýalam özüňe peýdasyz zähmeti çekmäge çensiz-çaksyz höwes zerur.
Onuň tersine hekaýa bolsa bu impuls.
Göwnüňde sýužeti, ideýasy, duýgusy - ýylp etdi.
Göwnüň joşdy - ýazyp başladyň.
Dyndyň.
Bolany.
Wessalam gep tamam.
Soňra diňe sowukganlylyk bilen ýazanjaňy taraşlaýmak galýar.

0
4 Yusup   [Материал]
Dokuzy düzüw proza eserini ýazmak üçin türkmen söz baýlygy ýeterlik. Muňa mysal edip daşaryýurt dillerinden terjime edilen eserleri getirmek bolar. "Iki kapitan" (3 gezek okadym) ,"Bahar bulaklary",(1 gezek) "Martin Iden"(4 gezek), "Bilbili öldürmek"(1 gezek), "Hazynalar adasy" (2 gezek), "Gara peýkam" , "Başsyz atly" (hersini 4 gezek okadym) "Saýrak guşjagaz" ýaly ýene-ýene terjimeleri getirmek bolar

0
3 Yusup   [Материал]
Görogly eposyny 6-7-nji klasda okapdym. Özem şeýle duýgulanyp. Duýgulanmak üçin näme eserde beýan edilýän wakalara ynanmagyň gerek. Oglanjyk kalbymda ynanyp okapdym. Emma häzir şol galyň kitaby okamana meniň sabrym ýetjek däl. Okyjylyk etepdan ybarat. Yagny çagakaň ertekiler, burnuň ys alyp ugran yetginjekgäň söýgi eserleri, aklyň durlanyp ýaşyň ýigrimi bäşden agansoň filasofiýa,durmuş eserlerini okamana ymtylýaň. Görogyly eposyna "çeperjiligi pes diýmek" nädogrydyr. Çünki içindäki goşgy gazzalara saz dorededilip ajaýyp aýdymlar dünýä indi. Bu çeperçilikden nyşan dälmi.

0
2 Aksary   [Материал]
"Türkmen aganyň asyrlaryň dowamynda eşrepi ýaly edip toplap gelen ummasyz söz gorunyň agramly bölegini ulanyşdan galdyryp, arhaizme öwürsek, onsoň neneň dilimiz garyp bolmasyn?!"HAKYKY

0
1 Nurdan   [Материал]
Şu temany wajyp hasaplaýan, Aslynda türkmen dili ulanmagy başarsak baý hem şireli dil, edebiýat hem çeper bolmasa içgysynç, söz topbagy, guraksylykdan, resmilikden başga gürrüñ bolmazdy..Her zadyñam çeni bilen, ýerlikli ulanylany ýagşy, Men-a Serdar aganyñ pikiri bilen ylalaşyan,

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]