00:58
Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine...
ÇEÑÑEK ATDYM ARZUWLARYÑ DEÑZINE...

Dogry baha bermez hiç kim meňzime,
Pikirlem içimi iýäýjek ýaly.
Çeňňek atdym arzuwlaryň deňzine,
Ýene-de gam-gussa iläýjek ýaly.

Şatlyk bilen geçjek ömrüm her güni,
Göwnümi gam-gussa sowgatlyk berdim.
Olam boş goýmady - öwezne meni,
Elime tutdurdy ýalňyzlyk derdin.

Aslynda göwnüm deý özüm ýygradym,
Içdäkilem ýazmagyma sebäpçi.
Gussa pyçagynda arzuw dogradym,
Ýüregim lowlap dur, beýnim kebapçy.

Ykbalmy bu?!
Öz-özmize amalmy?
Neçüýn bolar arzuwlarym çig-çarsy.
Yşk okundan atyp goýan maralmy
Alar bir gün özge sähraň ýolbarsy...

Öz awuňa özüň dyňzap ýetmeseň
Diýerler "özüňde soňsuz günä kän".
Göreşmedik...
Şony hasap etmeseň
Maralam, awçy-da bolmaz günäkär.

Ylham GURBANALYÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gitdim / Goşgular - 16.02.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Постоянный нелепый риск / Goşgular - 22.02.2022
Şygyrlar çemeni / Goşgular - 22.02.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]