00:52
"Çaýkansa çaýkansyn şemala baglar..."
"ÇAÝKANSA ÇAÝKANSYN ŞEMALA BAGLAR..."

Çaýkansa çaýkansyn şemala baglar,
Ýöne çaýkanmasyn hergiz ýüregiň!
Durmuş deňzi seni gark edip bilmez,
Eger elde bolsa goşa küregiň.

Bu ýollarda adyň bilen ýöredim,
Bu ýollarda sen bolduň meň hemraýym.
Duýgulam gursaga sygmadyk çagy,
Adyň tutup gygyraryn her daýym.

Şol pursat hem ynjamasyn ýüregiň,
Ikimize bir ýürek bes, aslynda.
Bolmagyny bizde şeýle ýüregiň,
Men arzuw ederdim Aýyň astynda.

Nämä gerek, iki ýürek, iki dem?
Goý, birleşsin damarda al ganymyz.
Nämedigin bilmäli biz armanyň,
Jan Karkara gelen wagtam janymyz.

...Çaýkanmasa bolýa seniň ýüregiň,
Şemala çaýkansa çaýkansyn baglar.
Goý, aňk bolsun biziň bu söýgimize,
Yşk derdini çekip bilmedik daglar.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Haweran | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 4.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Daragt / Goşgular - 10.02.2021
Ýagşydyr / Goşgular - 25.05.2021
Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Yşk nyşanlary / Goşgular - 12.02.2021
Salam / Goşgular - 22.02.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Gözler gözellikde eglensin / Goşgular - 02.02.2021
Неоконченное стихотворение / Goşgular - 15.04.2021
Kelle / Goşgular - 20.03.2021
“Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň...” / Goşgular - 14.04.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]