08:40
Çapyksuwar / hekaýa
ÇAPYKSUWAR

Baýgeldi ussanyň agtygy Şirmyradyň harby gullugyndan gelýändigi baradaky habaryň oba ýaýramagy bilen Çeşmeli obasynyň adamlarynyň ählisi diýen ýaly edil, toýa garaşýan ýaly, oňa garaşyp ugrady. Sebäbi Şirmyradyň gelmegi bilen bu obanyň durmuşy özgeren ýaly bolar. Näme üçin diýýäňizmi? «Näme üçinini» düşündirmek üçin gürrüňi biraz uzaltmaly bolýar. Sebäbi şeýtseň, ho-ol, obamyzyň orruk ortarasyndaky azyk dükanynyň ýanyndaky ussahanada gije-gündiz «tyrk-tyrk» edip oturan Arazgeldi köwüşçiniň aýdyşy ýaly, gürrüň has süýji bolýar. Täsirli bolýar. Ine, şonuň üçinem gürrüňimi aňyrraklardan, entek Şirmyradyň çagalyk döwürlerinden, oglanjyklaryň öňüne düşüp, garagolluklaryň dünýäsinde gamsyz döwran sürüp ýören wagtlaryndan alyp gaýdaýyn.
Şirmyradyň garagollugy galar diýseler, kim ynansa-da, goňşulary Hallygözel eje-hä ynanmazdy. Sebäbi onuň howlusynda Şirmyrat sebäpli täzeden ýasalyp görülmedik zat galmandy diýen ýalydy. Bu ýagdaýdan halys ýadan Baýgeldi ussanyň ýagdaýyna dözmän eden bolmagy-da mümkin — oba adamlary-ha şeýle diýýär, köne dosty Welmämmet seýis bir gün ýöriteläp onuňka baryp, agtygyny ýanyna şägirtlige bermegi teklip edipdir. Agtygynyň ýagdaýyna belet bolansoň Baýgeldi aga birbada razy bolmandyr.
— Aý, sakgaldaş, gowusy şu gürrüňi goýaly. Ýaşymyň soňunda şunça ýyllyk dostlugymyzyň soňuna nokat goýmaly bolaýmaly. Men agtygyma belet, hökman işe başlap-başlaman bir hokga çykarar.
Baýgeldi aga sözüniň soňuny degişmä ýazdyrdy.
— Meniň at enjamlaryny bejermekden-ä başym çykanok. Indiden soň şol hünärem öwretmek niýetiň ýok bolsa, şu pikiriňden el çek, dost — diýdi.
Ýöne her niçigem bolsa, Welmämmet seýsiň çyny ekeni. Ol diýen ýerini tutdy oturdy. Ahyrsoňam, dostuna «bolýa» diýdirdi. Şirmyradam, geň göräýmeli, ýaşulularyň bu pikirini eşidende, ikirjiňlenjegem bolup durmady. Ýaş oglan, gyzykly görendir-dä, athananyň içindäki durmuş göz öňüne gelenden atasynyň aýdanlary bilen göwünjeň ylalaşdy.
Şeýdip Şirmyradyň durmuşynda täze, özi-de öňkülere meňzemeýän, diýseň gyzykly sahypalar başlandy. Welmämmet aganyň garaşyşy ýaly, garagolja oglana athananyň durmuşyna siňip gitmek kyn düşmedi. Gaýtam, gyzykly göründi. Atlar bilenem diýseň çalt dil tapyşdy.
Baýgeldi aga welin, agtygyndaky üýtgeşmelere begenmäge howlukmady. Keýwanysy Miwegül eje: «Uzagyndan bolawersin, Şirmyrat janyň bir hokga çykarandygy baradaky günüň-gününe gelip duran gürrüňlerden-ä gulagymyz dynaýdy» diýip, begençli gürlände-de, ýagşydan-ýamandan zat diýmedi. Dogrusy, «Aý, uzaga gidesi ýok» diýen ýaly gürrüňleri aýtmaga-da howlukmady. Her niçigem bolsa, öz ýanyndan tama etdi. «Goç ýigidiň asly bolsa, ir-u-giç dogry ýol tapaýmalydyr. Ähli zat özümizden bolmaly. Şu çaka çenli ony öz islän ýoluna gönükdirmegi başaran däldiris. Welmämmediň ýöriteläp gelmegem ýöne ýerden däldir. Oglanyň nesibesi getirendir ony biziň gapymyzdan» diýip, öz ýanyndan ýagşy niýet etdi.
Hakykatdanam, Şirmyrat Welmämmet aganyň tamasyny ödedi. Ol gitdigiçe işine-de ezberleşdi. Göwresiniň hut çapyksuwarlaryňka kybapdygyny turuwbaşdan göz astyna alandygy sebäpli, bir gün Welmämmet aga oňa göwnündäki teklibi etdi:
— Şirim, indi sen eýeriň üsti bilen ymykly öwrenişiberseňem bolar.
— Aý, öwrenişdim-ä, Welmämmet ata — diýip, Şirmyrat ýaşuly seýsiň aýdanlaryna özüçe düşündi.
— At münüp bilýän-ä.
Welmämmet aga oglanyň sadalyk bilen aýdanlaryna ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady.
— At münmek bar, at çapmak bar. Asyl, at çapmak bilen at çapmagyňam tapawudy kän-ä.
Şirmyrat ýaşulynyň aýlawly sözlerine düşünmän, sesini çykarman oňa seretdi oturdy. Seýis şondan soň gönüledi.
— Sen indi çapyksuwar bolup, atlarymyzy uly aýlawlara çykarmaga taýynlanyberseň nädýä?
Şirmyrat ýaşulynyň aýdýanlaryna ynanmaýan ýaly, oňa seredip aňk-taňk boldy oturdy.
— Näme, ýaýdanýaňmy?
Bu söz welin ýaş oglan üçin düýbünden ýatdy. Ol asyl çagalygyndan ýaýdanmak, çekinmek diýen zady bilmeýärdi. Çepiksije oglanjygyň gözlerindäki dogum onuň öňündäki hiç hili böwediň ýaýdandyrmajakdygyndan habar berýärdi. Ine, şu pursadam oglanjygyň gözlerinde ýaşuly seýse tanyş bolan dogum uçgunlary peýda boldy.
— Ýok, nämeden ýaýdanaýyn? Ýöne möwsüme çenli taýynlanyp ýetişip bilermikäm?
— Toýa garrama barmy, oglum? — diýip, Welmämmet aga ýylgyrdy.
— Bu möwsüm bolmasa, indiki ýylyň toýlarynda çaparsyň. Hana, Gülendamam tüýs saňa garaşyp ýör. Şol ikiňizi bileje taýynlaryn indiki möwsüme.
Bir zady eşideniňden soň, ýürekde takat galýarmy? Onda-da ýaş oglanda. Şol günden soň ol Gülendamy münüp aýlawa çykjak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşyp ugrady. Ýöne soňabaka onuň aňynda: «Birden ilkinji ýaryşda yza galyp, halypamyň ýüzüni ýere salaýsam? Oba adamlarynyň öňünde masgara bolaýsam» diýen ýaly pikirlerem peýda bolup ugrady. Şol pikirlerem onda jogapkärçilik diýen duýgyny terbiýeledi. Her bir pursadyň gadyryny-gymmatyny bilmegi, her bir aýdylýan zatdan, halypasynyň pentlerinden many çykarmagy, olary ýüregine ýazmagy öwrendi.
Wagt diýeniň-ä, näme, köneleriň aýdyşyndanam beter tizlik bilen şo-ol zymdyrylyp geçip dur. Ussadyň eline düşende şägirdiň nähili özgerýändiginiň subutnamasy bolup, Şirmyradyň hem oba içindäki «garagol» lakamy sähel wagtda unudyldy galdy. Şeýdip, bir gün oba içinde: «Baýgeldi ussanyň agtygy Şirmyrat uly aýlawda at çapjakmyş» diýen gürrüň ýaýrap ugrady. Birbada bu gürrüňe ynanmajak bolanlaram tapyldy. Ýöne kim ynanmasa-da, Şirmyradyň synpdaşy Züleýhanyň welin aýdylanlaryň aňryýany bilen çyndygyna gözi ýetip durdy. Sebäbi onuň ýüreginde Şirmyrada bolan ynam bardy.
Şirmyradyň ilkinji gezek at münüp başlan gününden bäri, obanyň çetindäki baýyrlyga gitmek üçin başga-da ýoluň bardygyna garamazdan, Züleýhalaryň öýleriniň deňinden geçip gitmegi endik edinmegine birbada hiç kim üns bermese-de, onuň atynyň toýnaklarynyň sesi ýaş gyzyň ýüreginiň gürsüldisine goşulyp dürküldedi. Juwanlaryň diňe göreçleriniň sözleşmesi arkaly beýan edilip gelnen pynhan duýgy şondan kän wagt geçmänkä başga-da käbir adamlaryň pikir alyşýan meselesine öwrülip ugrady. Ilki bilenem gyzyň ýeňňesidir ejesiniň arasynda bu barada gürrüň açyldy. «Aý, tötänlikdir, göwnümizedir» diýdiler. Soň bolsa, kem-kem bu pikirlerini tassykladylar. Bu barada gürrüň açylanda gyzdaky bolýan özgerişlik bolsa ýeňňesiniň pikirleriniň tassyklamasy boldy.
Uly aýlawda obalarynyň aty çykan çeşmelililer örän şatlandylar. Olar topar tutuşyp, Welmämmet agadyr Baýgeldi ussalaryň öýlerine gutlamaga barýardylar. Baýgeldi ussa agtygynyň ilkinji ýeňşi mynasybetli janly soýup, üýşmeleň etdi. Märekäniň guwançly sözlerini, aýlaw baradaky gürrüňleriniň arasynda Welmämmet seýis Baýgeldi ussa garap degişdi:
— Nesip bolsa, Şir janyň gazanjak ýeňişleri öňdedir. Beýdip, her gezek pellehanadan birinji gelende toý etjek bolsaň, juldan çykaýmasaň.
— Agtygym ýeňiş bilen bir hatarda şeýle abraý getirip dursa, märeke etmek, toý tutmak meniň bilen.
— Aý, obamyzyň aty çyksa bolýar, Baýgeldi ussa agram düşüberjek bolsa, bolmasa, gezekleşip toý edäýeris — diýip, goňşulary degişdiler.
Hakykatdanam, halypa seýsiň aýdyşy ýaly boldy. Şirmyrat Gülendamy bilen ýeňiş yzyna ýeňiş gazandy. Ýurt derejesinde Gülendam atly öňüne at geçirmeýän bedewiň ady arşa galdy. Şirmyrat her gezek at çapyp alan baýragyny öýlerindäki mähribanlarynyň birine sowgat bererdi. Atasydyr kakasyna, enesidir ejesine, doganlaryna hersiniň özüne kybap gelşine görä sowgat baryny beripdi.
Şol gezegem Şirmyrat paýtagtda geçirilen uly ýaryşlaryň birinden ýeňiş bilen dolanypdy. Ol baýrak berlen owadan ýaglygyny uly dogany Nabada bermekçi boldy. Ýöne ol baýragy almaga howlukmady-da, ýylgyryp, jigisine maslahat berdi.
— Şir jan, sen bize sowgat etme kemini goýmadyň. Indi sen muny başga birine berseň gowy bolmazmy? — diýip, ol syrly ýylgyrdy. Şirmyrat uýasynyň mähribanlyk bilen aýdýanlaryna düşünse-de, bilmezlige saldy.
— Başga kime bereýin? Ejeme beräýmesem?
— Ejeme-de berdiň-ä. Oňa indiki gezek ýeňiji bolanyňda beriljek baýragyňy sowgat edäýersiň. Muny sen oňa ber. Ýa, çekinseň, özüm eltip bereýinmi?
Şirmyradyň ýüzi gyzyla boýalana döndi. Ol sesini çykarman birsellem duransoň, ýaýdanjaňlyk bilen uýasyna sowal berdi:
— Birhili bolmazmy?
Jigisiniň ýürejigini açyp ugranyna guş bolup uçaýjak bolýan Nabat onuň daşynda pyrlanyp ugrady.
— Waý, nämesi birhili bolsun oň? Gaýtam-a, şu çaka çenli şony bermän gelmegiň birhili.
Herki zada nähilidir bir ýagdaý sebäp bolmalydyr-da. Ine, Şirmyradyňam, ýaýdanjyrap, gyz ýüregine tarap ädip bilmän ýören ädimini ätmegine-de bedew aty — syrdaşy sebäp bolupdy.
Özüne tarap uzadylyp durlan sowgady görüp, gyz, dogrusy, birbada ýaýdandy. Näz etdi.
— Bu näme?—diýdi.
Şirmyrat ýaýdanjyrap durşuna, diline gelenini aýdyp goýberdi:
— Baýrak.
Gyzyň ýüzi üýtgedi.
— O nämäniň baýragy? Maňamy?
— Baýrak saňa däl, maňa berildi. Ýöne men ony saňa sowgat berýän.
Gyzyň ýüzi gyzardy. Onuňam ýagdaýy oglanyňkydan öwerlikli däl bolarly, morta sowal berenini özi-de duýman galdy:
— Näme üçin?
Oglanam ondan kem galmady. Gönüledi goýberäýdi.
— Sebäbi men seni… Gowy görýän…
Şonuň bilenem bar zat gutardy. Gyz-a öýlerine tarap gitdi, oglanam athana tarap. Ýöne, kän wagt geçmänkä-de, şol gezek ähli zadyň gutarman, eýsem, tersine, iki juwanyň uly söýgüsiniň başlanandygyna ýigit göz ýetirip ugrady. Soňam ähli zat çynyrgady gidiberdi. Gyzdan hoş sözem aldy. Töwerek-daşam bularyň ýagdaýyndan habarly bolsalaram, üýtgeşik bir zat bolandyram öýtmediler. Mynasyp ýaşlara hemmeler guwanç bilen bakdylar. Iki tarapyň hossarlary bolsa bu habary eşidenlerinde: «Köne garyndaşlyk ýakynlaşjag-ow» diýip, begenişdiler…
Şirmyradyň gulluga gidýändigi baradaky habary onuň özüňden däl-de, joralarynyň birinden eşidende gyz diýseň gaty gördi. Ol öýkesini ýigitden gizlejegem bolmady. Birbada-ha ol bu habara ynanmady. «Ýalandyr, çyn bolanlygynda Şirmyradyň özi maňa aýdardy» diýdi. Ýöne, kän wagt geçmänkä bu habaryň hakykatdygy öz-özünden mälim boldy. Ine, şondan soň welin Züleýhanyň ýüreginde öýke duýgusy mäkäm ornaşdy. Şol öýke bilenem ol goşun gullugyna gitjek bolup ýören magşugyndan gaçganaklap ugrady. Ol öýlerinde goşun gullugyna gidýändigi sebäpli guralan üýşmeleň gidip durka-da, uly umyt bilen Züleýhanyňam bir ýerlerden çykaryna garaşdy. Oňa telim habar ugradyp gördi. Ýöne hiç hili netije bolmady.
Şeýdip, bu syrly ýagdaýy anyklabilmänem Şirmyrat kalbyny armandan dolduryp goşun gullugyna gitdi. Ol birbada gyzyň ýüreginde bir üýtgeşiklik dörändir öýdüp pikir etdi. Şonuň üçinem gulluga baransoňam birbada gyza hat ýazmakdan saklanmaly diýen karara geldi. Ýöne aşyk ýürege diýeniňi etdirip bolaýýarmy näme? Kän wagt geçmänkä ol içi soragdan doly hatly bukjany gyza ugratdy.
Dogrusy, hat ýazsa-da, Şirmyrat onuň jogabyna garaşmaýardy. Sebäbi ol gyzyň kalbynda nähilidir bir, özüne garşy üýtgeşiklikleriň bolup geçendigine gitdigiçe ynanyp barýardy. Edil häzir kimdir biri bir gyradan çykaga-da, gyzyň başga birine ýürek berendigini aýdaýsa-da, onuň ynanjagy bolup biläýjek zatdy. Ine, şonuň üçinem Züleýhanyň haty oňa tüýs aýny wagtynda geldi. Hatda gyz ýagdaýy bolşy ýaly düşündirýärdi. Öýkesi barada aýdýardy. «Men ýagdaýymy ahyrsoňy gelnejeme aýtdym. Ol hem meniň hereketlerimi ýazgaryp: «Şirmyrat seni gynandyrmajak bolup şeýdipdir ahyryn. Heýem, gussaly habary saňa aýtmaga aşyk ýüregi howlugarmy?» diýdi. Men şondan soň özümiň nähili gödek ýalňyşandygyma düşündim. Ýöne indiden beýläk nähili agyr habar bolsa-da, ilki bilen maňa aýtjagyňa söz ber, sebäbi biz ähli zady — begenji-de, kynçylygy-da deň paýlaşmalydyrys» diýip, ýazylan setirleriň her birinden gyzyň yssy mährini syzyp oturan esger ýigit sähel pursatda şunça wagtyň içinde ýüreginde göterip gelen yzasyny unutdy. Gyz barada eden pikiri üçin öz ýanyndan utandy.
Şeýdip aradan ýene esli wagt geçdi. Bu gün bolsa tutuş oba Şirmyradyň — toýlarda Çeşmeli obasynyň adynyň belentden tutulmagynyň sebäpkäri bolan çapyksuwar ýigidiň gelerine garaşýardy.
Ine, edil häzirem obanyň çetindäki, athananyň golaýyndan geçýän ýol bilen barýan iki joranyň özara gürrüňlerine gulak gabartsaň, aram-aram Şirmyradyň adynyňam tutulyp gidýändigini eşitmek bolýardy. Sebäbi olaryň biri Züleýhady. Züleýhanyň jorasy soňky günlerde adata öwrülip gidişi ýaly, oňa degýärdi.
— A gyz, şol athana gözüň düşse seniňem öňküligiň ýitiberýä. O taýda entek Şirmyrat ýog-a.
Züleýha-da jorasyndan kem galmady.
— Bolmanda näme? Ol siz üçin ýokdur, athanada. Meň üçin bolsa şu geçen wagtyň içinde Şirmyrat şol taýda hemişe-de bardy.
Jorasy Züleýhanyň aýdanlaryna başyny ýaýkady.
— Sen-ä şahyram boljak, bu tapýan gepleriň bilen. Bol-bol — Şirmyrat bol. Onuň ýoluna senden beter sabyrsyzlyk bilen garaşýan barmyka?
Züleýha «ýokdur» diýen manyda başyny ýaýkady. Şol wagtam athana tarapdan atyň kişňeýän sesi eşidildi. Gülendamyň sesini tanan gyz ýylgyranyny duýman galdy…

Meretgylyç ATABAÝEW.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Merergylyç Atabaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]