01:38
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..."
"ÇALSANA GITARY ÝA-DA AL BÄRI..."

Çalsana gitary ýa-da al bäri,
Diýilmedik dertlerimi samraýyn.
Bar güýjüňi jemläp çalsana, ah, men,
Iň gowy ýigdiňem sözün almaýyn.
Ýyllar meni urup-ýenjip barýarka,
Bahyllaň gitaraň taryna meňzäp,
Soňky nota çekilende damary,
Seniň sazyň bilen bilerin ýeňläp.

Ýeňlemesem, ur gitaryň taryny,
Dünýä bary-ýogy ýekeje gelem.
Şöhle saçjak ýaşlyk, söýgi bagt hemem
Eldekileşdirilmedik
duýgulam bilen.
Çyksana akkordlaň iň çürbaşyna,
Ýok, diňe çalmakdan galmasyn eliň.
Eý-a, dostum, säher ýürek gozganda,
Şeýle bir,
şeýle bir gitara çalyp...
Çalyp...
Çalyp...
Çaly-y-yp...

...Çalsam... soňky deme, ahyryna çen,
Ejiz gelsin rakyp bir daş atmaga.
Çeken gam-gussama ýüregi etmän,
Neýlerem men, kirşi üzülse birden...
Soň derdimi näme bilen aýdarkam,
Gitara-da ejizlese aýtmaga......

2014 ý.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022
Adamyň maksady / Goşgular - 16.01.2022
Фламинго / Goşgular - 11.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
gowy goşgy
... Çalsam... soňky deme ahyryna çenli
Ejiz gelsin rakyp bir daş atmaga

0
1 mango   [Материал]
Eldekileşdirilmedik duýgulam
!!!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]