02:57
O kenarda, bu kenarda
O KENARDA, BU KENARDA

Söýgim, seni taparynmy
O kenarda, bu kenarda.
Suw çykarmy topugyma
O kenarda, bu kenarda.

Belki, bagta ýetjekdirin,
Öz ugruma hötjetdirin.
Gidäýmäwer dert çekdirip
O kenarda, bu kenarda.

Kimler maňa zalym diýer,
Kimler diňe hanym diýer.
Ah, kim maňa janym diýer
O kenarda, bu kenarda.

Ýüregmi terk etmeseň bor,
Ynammy gark etmeseň bor,
Unudylmak gorkusam bar
O kenarda, bu kenarda.

Dünýe tämiz, asman dury
O kenarda, bu kenarda.
Adam bir barmyka beri
O kenarda, bu kenarda.

2019 ý.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 06.04.2021
Dag we Asman / Goşgular - 10.11.2021
Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Redaktor bilen düýşdäki söhbet / Goşgular - 18.03.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Gara pişigiň gözleri / Goşgular - 11.11.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021



Всего комментариев: 1
1
1 Gumlygelin   [Материал]
Adam bir barmyka beri
O kenarda, bu kenarda...

Suraýjan täsin pikir öwürmeleñ bar uýam.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]