03:53
Çal, dutarym!
ÇAL, DUTARYM!

Çal, dutarym,
saýramaly çagyňda!
Pöňňürdäp-pöňňürdäp çal!
Çal!
Ýene çal!
Ýene çal!
Inçel!
Goçal!
Güýjel!
Güýç bol!
Düýp bol!
Gowurak çal!
Az bol!
Uz bol!
Saz bol!
Ýaz bol!
ÇAL!
Al-asmana
Gal, dutarym,
Ýaýnamaly çagyňda!
Guşlara diň sal!
Güllere heň sal!
Dertliň ýüregine em sal!
Ejizleme sähel!
Giňräk bol, päheý!
Ömür - bi,
gara dutar bolmasaňam
sürtüler gara.
sürtdükleri gara däldir,
kalbyň ýagtyldan çyradyr.
Çalsana, dutarym!
Çalyşma:ly derdimizi
berlen serpaýa.
Sen çal, ak ganatly bedew
galsyn ça:rpa:ýa!
Bu günki sazyň
Aýdym bolar ertäme.
Goý, Güneşden bir parça
düşsün gül deý ülkäme!
Çalaly erkana!
Bolaly görkana!
Seret-dä, hana,
Howa-da bize ýaraýar,
Akar suw başyn yraýar,
Menem barýan aýagyma
düzüp goşa kirşiňi,
gönüläp söz erşimi,
dim-dik tutup başymy,
sylyp gül gözýaşyny,
Allam şowly kylsyn diýip
tutan her bir işimi,
Uçuryp köňül guşumy,
bezäp degre-daşymy,
saz bilen,
ýaz bilen
şygyr hem owaz bilen!
Çal, dutarym!
Çal!
Çal!
Çal!
Bu gün sazyň ýyldyzlara
ýaýramaly çagyňdyr!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 114 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022
Система йогов / Goşgular - 11.01.2022
Ýatlama / Goşgular - 14.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Iki ýylyñ sepgidinde / Goşgular - 04.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 7
0
6 Edebiyatcy   [Материал]
Haweran, men awtoryň çetine degjek zat ýazamok. Suraýy men senden has gowurak tanaýan, öňki goşgularyny okap ýöremsoň, bu goşgularynyň howrunyň öňkülerçe ýokdugyny aýtjak bolýan, ondan agramlyrak goşgulara garaşýan. Suraýam düşünýärmikä diýýän maňa.
Oňsoňam özüme, tanalýan ýüzüme, at-abraýyma (eger ol bar bolsa) döredijiligime gelişdirip bilmejek zat aýtmadymmykam diýýän. Men däl-de, sen adamyň çetine degýän ýaly gownüme (eýýäm 2-nji gezek). Indi gürlemän, teswir ýazman oturjak bolaryn

0
7 Haweran   [Материал]
Gördüñmi, biz hiç haçanam şahsy tanyşlygy-nätanyşlygy bir gapdala goýup, diñe ortadaky eser hakda pikirimizi aýdyp biljek däl öýdyän. Ahmal, tanaýansyñyz. Bärde tanyşlyk barada gürrüñ gidenok ahyryn. Islendik köpçülige hödürlenen eseriñ awtoryna diýmäge uslyp ýa-da däl sözüñ gürrüñini gozgadym. Siz bolsa başga zat diyyäñiz. Teswir ýazyp ýazmazlyk meselesi hem öz ygtyýarlygyñyzdaky zat, janyñyz sag bolsun.

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Belki ak goşgudyr...

0
5 Haweran   [Материал]
Goşgy we formalary barada-da hiç kimden pes bilýän dälsiñiz. Bilýän zadyñyzy gümansyratmak nämä gerek?.. Hökman şeýdip awtoryñ çetine degjek zat ýazmalymyka..

0
2 Edebiyatcy   [Материал]
Dutar öz-özüni nädip çalýarka?!
Dutar pöňňürdeýärmi? Eger pöňňürdeýän bolsa nähili bolýarka?!
Agzyňa näme gelse samyrdap durulsa gelsiksiz bolmazmy?!
Goşgymy bi ýa repbi, hip-hopmy?!
Bu soraglara jogap berjek barmy?!

0
4 Haweran   [Материал]
Goçmyrat, eýgilikmi? Sypaýyrak bellik etseñizem düşünerdi-le. Suraý meñ çakym bilen-ä, tankydy göterinip bilýän biri bolmaly.
Gyz maşgala "Agzyña gelen zady samyrdap durma" diýmek, tankydyñ çygryndan çykýarmyka diýýän, men-ä.
Bilmedim-dä, Goçmyrat... Saña, tanalýan ýüzüñe, at-abraýyña, edebiñe, işiñe, döredijiligiñe gelişdirip bilmedim bu sözleri.
Türkmen halk ertekilerinde uçýan halylarymyz bar, dutar näme ü.n öz-özi çalynmasyn! Ýa-da belli şahyrymyz Ýylgaý Durdyýewiñ hem Siz näçe geñleseñiz-de öz-özi çalynýan "jadyly" dutary bar (Suraýyñky näme ü.n bolmasyn, dutar - belkäm, bärde siwmoliki añlatmadyr: aýdyp bilmedik-indi aýdasy gelýän nagmalarydyr, sözüdir, ýa-da... kim bilýär) "Çal, dutarym" goşgusynda:

"Gün ýaşanda, gül Watanda,
Dumly-duşum lälezar.
Ýaşlar oýnar, barça ýaýnar,
Owaz eýlär goşa tar.
Gül yşgyna hem joşguna
Gujak açar ýara-ýar,
Ady arşa çykan ülkäm,
Sowulmaz ýazyň seniň.

Çal, dutarym, çal, dutarym,
Çal, dutarym, saýra sen.
Hoş owazyň, şirin sazyň
Dumly-duşa ýaýrasyn.

Guwanýaryn zähmetime,
Zähmetim bagtym meniň,
Bagty tapýan zähmetimden
Hoş geçýär wagtym meniň.
Zähmetimden jan, Watanym
Artar şöhratyň seniň,
Ady arşa çykan ülkäm,
Belent owazyň seniň.

Çal, dutarym, çal, ditarym,
Çal, dutarym, saýra sen.
Hoş owazyň, şirin sazyň
Dumly-duşa ýaýrasyn.

Dünýä dursa sen durarsyň,
Garalmasyn gök asman,
Gaýgy-gussa, gara tüssä
Bürelmesin gök asman.

Sen diregi dünýämiziň
Saňa bakýar bar ynsan,
Parahatlyk esgeridir,
Oglanyň-gyzyň seniň.

Çal, dutarym, çal, ditarym,
Çal, dutarym, saýra sen.
Hoş owazyň, şirin sazyň
Dumly-duşa ýaýrasyn.


Ýa-da "Men näme diýýän dutarym näme diýýär" diýen söz düzümi dutaryñam özbaşdak bir zatlar diýip bilýändigini, çalýandygyny añlatmaýarmy?
Aýdymçy Bägül Maşadowanyñ ýerine ýetirmeginde "Çal, dutarym" diýen bir aýdymam bolmaly:
https://www.google.com/url?sa=....l=https

0
1 Haweran   [Материал]
Bu goşgy Suraýyñ beýleki goşgulary ýal-a däl, üýtgeşiklik ýogam bolsa, milli koloridiniñ güýçlüligi goşgyny alyp çykýar. Ýöne gowy jemläpdir, ylla, çalyp-çalyp birden çarpaýyna galýan sazandanyñ sazy mysaly dutaryñ ýakymly owazy kalbyñda ýañlanyp gidýär..
Göwnüme bolmasa, Suraý dutaram çalyp bilýän bolmaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]