13:43
Çakma taryhçy

ÇAKMA TARYHÇY

Häkimiýetiñ ýene-de bir çakma taryhçysy ýazdy: "Angliýanyñ ýeke ok atmazdan Stambuldan çykyp gitmeginiñ sebäbi halyflygy ýatyrmaga berlen sözdür!"
Ahyrynda munam öwrendik, ýurtlaryñ agzyndan söz çykan badyna ýerine ýetirilýän eken! Galyberse-de söz berlenine güwä geçýän ýeke subutnama ýok, emma olañkam düşnükli: subutnama esaslanýan taryh ýazdylar diýsene?
Iñ ýamany-da şu: Geçmişi ýalñyş okaýandyklaryndan şu gün köp ýalñyşýarlar, köp büdreýärler. Bilenoklar: taryhyñ hakykatlaryn öwrenmeýänler şol ýalñyşlyklary zol gaýtalar durarlar...
Toslap tapan rowaýatlaryna esaslanyp taryhçysyraýan sumaklar taryhyñ gelejege ýol görkezýän mugallymdygyny añlanoklar...
Şunça ýyllyk häkimiýetlerinde TARYH ýazyp bilmezlikleriniñ bir sebäbi-de hakykat bilen ýüzleşip bilmeýändikleri dälmi?
Iñlisler "halyflygyñ ýatyryljakdagyna" söz berilendigi üçin Stambuly terk edipdir, şeýle? Ine, şular ýaly derejede ýüzleý bularyñ taryha bolan garaýyşlary...
Bu sözi eden iñlisleriñ şol döwür ýurdunda nämeleriñ bolup geçendigini bilýärlermi? Birinji jahan urşunyñ ýüze çykyş sebäpleri hakda (1870-nji ýyllardan başlap Ýewropanyñ syýasy-ykdysady durmuşynda nämeleriñ bolup geçendigini) bütindünýä taryhyndan bilýän zatlary barmy? Nirden bolsun... Bar bolsa, jahyllygyñ miwesi bolan ýokarky sözi aýtmazdylar.
Näme diýmek isleýändigimi açyk beýan edeýin:

• KYN ÝAGDAÝDADY

"Globallaşma" adalgasy XIX asyryñ ahyrynda orta çykdy.
Global söwda 1850-nji ýyllarda 1.7 milliard dollar bolan bolsa, 1913-nji ýylda 18.7 milliarda ýetdi.
Birinji jahan urşundan öñki ýigrimi ýylda ortaça ösüş 4%-e çykdy.
Emma. Iñlisler import senagatynda pese düşýärdi: 1800-nji ýylda import potensialy ýüzden 73.3 göterim bilen dünýäniñ birinjisidi. (Iñ ýakyn bäsdeşi ABŞ 46.9 göterimdi.)
1913-nji ýyla gelinende Angliýa 127.2%, ABŞ 298.1% boldy. Üstesine ikinji ýerde 137.7% bilen Germaniýa bardy. Dördünji ýerde 76.6% bilen Russiýa.
Munuñ bilen birlikde uly güýçleriñ ýaraglanşyga edýän çykdajylarynyñ başyny ruslar çekýärdi: 101.7 million pound. Ikinji ýerde 93.4 million pound bilen Germaniýa, üçünji ýerde 72.5 million pound bilen Angliýa bardy.
Ýaraglanşyga ummasyz çykdajylary eden Russiýada patyşa özüni halas edip bilmedi: 1917-nji ýylda Sowet rewolýusiýasy bolup geçdi. Ikinji ýerdäki Germaniýa-da ýeñildi: imperiýa çökdi, içerki gapma-garşylyklar döredi.
Angliýa täze ýerleri eýelendägine garamazdan uruşdan iñ köp zyýan çeken ýurt boldy. 1919-1923-nji ýyllarda agyr ykdysady krizisi başdan geçirdi. Işçi tolgunşyklary, işsizlik we inflýasiýa ýetjek derejesine ýetdi. (1921-nji ýylda işsizlik 2 million 700 müñe ýetip, rekord derejä çykdy.)
Şeýle-de:
Nasional akymlar güýçlenýärdi, garaşsyzlygyny gazanmak üçin göreşýän Irlandiýa garşy uruşýardy. Koloniýalaryna gözegçilik etmek üçin çykarylýan harby çykdajylarynyñ ýerini dolup bilenokdy.
Mysal üçin: Hindistanda boýuna çenli batypdy. Ýeke ok atman (!) 1922-nji ýylda Müsüriñ, on ýyldan soñam Yragyñ garaşsyzlygyny ykrar etmeli boldy.
Angliýa Kanada, Täze Zelandiýa, Awstraliýa, Günorta Afrika Soýuzy ýaly koloniýasy astyndaky dominion ýurtlara 1923-nji ýylda daşary syýasatyny özbaşdak ýöretmäge hukuk berdi. Uzatmaýyn.
"Täze kolonial düzgün" döreýärdi: harby güýç ulanmazdan ýurtlary ykdysady taýdan basyp almak! Ýagny... Angliýa çig maldyr işçi güýjüni berýän ýurtlaryny harby güýç arkaly basyp almazdan "siwilizasiýalaşdyrýarys" diýip, tebigy baýlyklaryna el uzatmagy ýola goýdy...

• HURAFAÇY KELLE

Kellesini hurafa taryhçylygyndan galdyryp bilmeýänler Lozanda iñ uly çekeleşigiñ Türkiýe bilen Angliýanyñ arasyndaky kapitulýasiýalaryñ aradan aýrylmagynyñ üstünde bolup geçendigine düşünesi gelenok. Lozan gepleşikleri şonuñ üçin ýarpy galdy. Iñlisler Türkiýäniñ aýgytlylygyny görüp gol çekmäge mejbur boldular. Iñlis oppozisiýasy "at-abraýymyzy ýere sokduñyz" diýip hökümeti topa tutdy. Häkimiýetem "Ankaranyñ sowet rewolýusiýasynyñ täsirine girerinden gorkduk" diýip özüni aklady.
Indi jinnek ýaly täsiri bolmadyk "osmanly halyfyny" äwýän bir barmydy eýse? Angliýanyñ meýilnamasy esasynda durmuşa geçirilen haşymy urugyndan Şerif Hüseýiniñ "halyflygyna" giräýeliñ bolmasa! Galyberse-de, Kuranda dini däl-de, syýasy adalga bolan "halyfat-halyflyk" sözi bir ýerde-de geçenok...
Şama-şaýyrdylyga dolanyp geler bolsak, hurafaçy taryhçylaryñ pikiriçe Angliýa Hindistandaky musulmanlary "başsyz" goýmak üçin halyflygy ýatyrdanmyş! Ýeri...
Mysal üçin, halyf Abdylmejit musulmanlara ýygy-ýygydan "hindistanlylara eýeril aýaga galyjy bolaýmañ" diýip ýüzlenmedimi? Wakalar şolar ýaly bolup ýörkä çeken zyýanlarynyñ öwezini dolmak üçin iñlislere müñ sterling berip, haýyr-sahawat kampaniýasyny gurnamadymy? "Haýdarabadyñ taryhynda" şeýle maglumat açyk ýazylan: "Angliýa topalañy basyp ýatyrmak üçin osmanly halyflygynyñ magnawy täsirini dowamly peýdalanyp geldi"
Osmanly halyfynyñ iñlislere garşy gitmegiñ berjek zyýanyna göz ýumup hindistanlylary goldandygyna diñe taryhy bilmeýänler ynansyn.
Sözümi jemlär bolsam:
Şu gün 6-njy oktýabr...
Stambuly kese ýerli basybalyjylardan halas eden serkerde Mustapa Kemal Atatürki minnetdarlyk bilen ýat edilýän gün.
Näme diýipdi ol:
Gelişleri ýalam giderler…
Edil çakma taryhçylar ýaly!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 06.10.2021 ý.






Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 41 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]