11:23
Çagdyr bu çaglar
ÇAGDYR BU ÇAGLAR

"Dert başymdan agan çagdyr bu çaglar”
Seýitnazar Seýdi


Bu gün başa gonmuş müň dürli sowal,
Jogaby tapylmaz çagdyr bu çaglar.
Heserlän dünýäme inipdir zowal,
Amana getirgen çagdyr bu çaglar.

Göwnüm — ýasaw, örtemişem bu jany,
Wepasyny kime bermiş bu pany?!
Ýürek sözmi aýdabilsem günämi?
Ýazsam, şygyr oljak çagdyr bu çaglar.

Heňim bar owaza saza, sygmajak.
Yşkym bar bir ömür ýaza sygmajak.
Gözlerimden ýaş döküpler aglasam,
Hiç kimse düşünmez çagdyr bu çaglar.

Oýarmaňlar, yşkyň düýşün görmüşem,
Kä zemine, kä asmana ýörmüşem.
Men Bilbil ki, misli guşa dönmüşem,
Tillerim saýragan çagdyr bu çaglar.

Bilbil KAKABAÝEWA.
10.12.2021





Категория: Goşgular | Просмотров: 133 | Добавил: Bilbil | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Eňňerede / Goşgular - 24.01.2022
Güýmenje / Goşgular - 26.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Göwün / Goşgular - 27.01.2022
Боль Вьетнама / Goşgular - 11.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Meň arzuwym - Sen / Goşgular - 20.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022
«Все понятнее свобода...» / Goşgular - 25.01.2022



Всего комментариев: 10
1
10 Edebiyatcy   [Материал]
Höwri köp bolsun Bilbil! Seýdiň "Çagdyr bu çaglaryna" ýanalyp ýazylan bolsa-da, Seýdiňkiden peslär ýaly bolmandyr. Galamyň ötgür, zehiniň gitgir bolsun

0
9 Bilbil   [Материал]
Gyzylgül gelnejem, Suraýjan Alladan gaýdsyn ýagşy dilegleriňiz, ruhy hemaýatyňyz üçin. Size diňe gowluk dileýän mähribanlar.

1
8 Gumlygelin   [Материал]
Bilbiljan tüweleme... Höwri köp bolsun uýam.
Görsene, gursagyña agram berip dömen şygyr nähili ajaýyp bolupdyr.
Owazyña maýyl edip hemişe saýra saýrak Bilbilim!

1
7 Mähriban   [Материал]
Ýürek sözmi aýdabilsem günämi?
Ýazsam, şygyr oljak çagdyr bu çaglar.

Bilbiljan, goý, aýdan ýürek sözüň adamlaryň ýüreginde ýer etsin! Taraşlap şaglat diýýärmi akyldar? Bu çag yza dolanmaýan bolsa, ýaz, Bilbiljan, günleň biri ökünmez ýaly.

0
6 Bilbil   [Материал]
Köp sag boluň, Taňryýalkasyn! Ömrüňiz uzak bolsun!

1
5 Taryhçy   [Материал]
Bilbil jigi saña-da berekella!

1
4 Sergezzan   [Материал]
Oňat goşgy.

1
3 Nurdan   [Материал]
"Heňim bar owaza saza, sygmajak.
Yşkym bar bir ömür ýaza sygmajak."

Ol bir ömre sygmajak YŞK size pany näme, baky näme aýdyñlaşdyryp berer hokman, siz diñe şunuñ ýaly owadan goşgulary dörediñ! Berekella!

1
2 mango   [Материал]
Magtymgulyň, Seýdiň... çagyna gidip ýazyp gürüpdir, Biilbil hanym.
başarypdyram...
owadan bolupdyr, o çaglarça...

"Wepasyny kime bermiş bu pany?!"
- ýene pany günäkär....
a siz aldanmaň, ol aldasa-da...
oňa diýiň: bagyşla pany, seni söýmedigim üçin, wepaňy jogapsyz goýanym üçin.
bagyşla pany, men baka aşyk.
-diýiň, onam kösemäň, özüňizem kösenmäň.

Bilbil hanyma-da bäşýyzzyl!
üstünlikler.

1
1 Revo   [Материал]
Berekella gelneje. Şeýle ajaýyp goşgulary bol-boldan ýazyň!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]