19:45
Çagajygyñ Amerikanyñ prezidenti Kartere ýazan hatyny okap ýazylan goşgy
ÇAGAJYGYÑ AMERIKANYÑ PREZIDENTI KARTERE ÝAZAN HATYNY OKAP ÝAZYLAN GOŞGY

Jenap Karter, Size gönderýän nama
Örän alyslardan, uzak ýerlerden.
Bir gezek ser salyñ gözel dünýäme!
Ýa dünýe bir wagt unduly serden?

Men kiçijik çaga
Gunçajyklaryñ
Her bir ýylgyrşyndan gözleýän many.
Siz ullakan aga
çagajyklaryñ
Agysy üçin döredýäñiz bombany.

Aýdyñ sizde çaga ýokmudy ýa-da?
Neneñ baş goşduñyz beýle ýollara?
Ýa-da iliñizde boldumy kada
Aldanmaklyk million-million dollara?

Ynha, agşam gurjajygym ikimiz
Ýatmaly erteki aýtdyryp baba.
Neneñ ýürek edip öwürip biljek
Şähermizi jemendesiz haraba?

Meñ guwanýan dünýäm mydama gülsün,
Asmandan nur saçsyn owadan gül dek.
Siz diýýäñiz dünýä şar gara bolsin,
Arzuwlardan boşap galan göwün dek.

"Sen nireden?" diýip soraýañyzmy?
Size ýazýan dünýäñ ähli ýerinden.
Ähli kontinentden, hut Amerikadan
Hem Gyzyl Baýdakly SSSR-imden.

Orazmyrat GURDOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1978 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Haweran | Теги: Orazmyrat Gurdow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022
Talant gara däldir / Goşgular - 22.01.2022
Забытый секс / Goşgular - 03.02.2022
Люблю? / Goşgular - 20.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Прости сердце / Goşgular - 25.02.2022
Ненаписанные стихи / Goşgular - 25.02.2022
Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 2
0
1 Atayew   [Материал]
Men käte pikir edýän, şular ýaly ideologiýanyň äýnegini dakynyp ýazmaga mejbur etdilermikä? Ýazmak bilen maksat nämekä?

0
2 Haweran   [Материал]
Dogry. (Meñ özüm-ä hiç döwürem pylanyny döwmeli, pylanyny öwmeli diýip, zor bilen ýazdyryldy diýseler ynanjak däl. Şeýle gürrüñ bähbit meýilli erkigowşaklaryñ döwür çalşanda özlerini aklamak ü.n tapýan bahanasy).
Herhal oturan ýerlerinde-de bolsa, edil şu goşgusynyñ Jimmi Kartere çenli ýetmejegini bilýänem bolsa, soñkular ýaly başlaryny eteklerine busuryp, başga planetadan gelen ýaly özbaşlaryna bir dünýä bolup oturmandyrlar, dünýä syýasatyna özleriçe ses goşmagy başarypdyrlar.
Görmeli üstünlikli tarapy şol hasap edýärin.
We jeñbazçylykly amerikan imperial syýasatynyñ häzirem şol wagtdakysy ýaly üýtgewsizligine galandygyna garanymyzda, goşgynyñ belli bir derejede gymmatyny saklap galandygyny-da görýäris.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]