00:49
Bürgüt hasaby

BÜRGÜT HASABY

Gulak goýup söhbedine asmanyň,
Zeminden agtarýan onuň ýorgudyn.
...Gargamyşyn diňe
milt edip bilýän
Gonaýmaga arkasyna bürgüdiň.

Bürgüt bürgüt bolýar —
parhsyz-perwaýsyz
Uçar bararmyşyn — ýoluna rowan.
Ýokary galdykça, agralýar asman,
Ýokary galdykça, azalýar howa.

Belentlikden belentlige bat alyp,
Ýaýýar ganatyny erkin, arkaýyn.
Şol barşyna asla aňmaýarmyşam
Gargaň kelemenläp aşak gaýdanyn...

...Müň synagly durmuş, müň ýolly dünýä
Aýlanyp dur pynhan syryň üstünde.
Sen belent uç, göwnüm, belent uç, göwnüm,
Ýolda duşan ýolda galar.
Ýüksünme!

Kakamyrat REJEBOW.

"Nesil" gazeti.






Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Aksary | Теги: Kakamyrat Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gaýrat gerekdir / Goşgular - 22.02.2021
"Ajal alyp barýar adam jesedin..." / Goşgular - 12.04.2021
Hemme-de ýalñyşyp bilýär / Goşgular - 19.02.2021
Arman, göwün bolýaň... / Goşgular - 20.03.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Alaja / Goşgular - 19.03.2021
Şahyryñ gyzy men... / Goşgular - 10.02.2021
Haýsysy ýaman? / Goşgular - 27.05.2021



Всего комментариев: 5
0
5 Hyýalkeş   [Материал]
Kakamyrat Rejebowyñ "Bagtyñ suraty"kitabyndaky goşgulary bilen soñky döwür ýazýan goşgularynyñ arasynda bir tapawut bar.O nämekän,nämekän?
Bileniñ gündeligine bäşlik.

0
4 Allanazar   [Материал]
Oňat ýazlypdyr, ýat alaýmaly goşgy.

0
3 mango   [Материал]
Gulak goýup söhbedine asmanyň,
Zeminden agtarýan onuň ýorgudyn.

Onsoňam, asmanda söhbet däl-de waka bolup geçdi ahyryn…

0
2 mango   [Материал]
Калифорнийский фотограф Фу Чан (Phoo Chan), специализирующийся на съёмке птиц, запечатлел интересную сцену. Он снял серию кадров, в которых показал, как ворона приземлилась на спине лысого орла или белоголового орлана и немного на нём прокатилась. Эти редкие фото опубликовали в National Geographic.

Dowamy suratlary bilen şu ýerde:

https://cameralabs.org/8636-ka....na-orle

0
1 mango   [Материал]
Единственная птица, кто осмеливается клевать орла – ворон. Он садится на спину и впивается в шею орлу.

..Gargamyşyn diňe
milt edip bilýän
Gonaýmaga arkasyna bürgüdiň.


Но орёл ворона не сбрасывает, не сражается с ним, не тратит на него время и силы.

Bürgüt bürgüt bolýar —
parhsyz-perwaýsyz
Uçar bararmyşyn — ýoluna rowan.


Он просто раскрывает крылья и начинает подниматься вверх в небеса. И чем выше его полёт, тем меньше воздуха и сил остаётся у ворона, и тогда ворон падает вниз.

Ýokary galdykça, agralýar asman,
Ýokary galdykça, azalýar howa.

Belentlikden belentlige bat alyp,
Ýaýýar ganatyny erkin, arkaýyn.
Şol barşyna asla aňmaýarmyşam
Gargaň kelemenläp aşak gaýdanyn...


Возьми этот принцип для своей жизни:
не трать своё время и силы на воронов, на их сплетни, на то чтобы кому-то что-то доказывать. Устремляйся только вперёд, поднимайся выше...

Sen belent uç, göwnüm, belent uç, göwnüm,
Ýolda duşan ýolda galar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]