15:22
Buk agajy
BUK AGAJY

Görnükli ukrain ýazyjysy, dostum Wasil Zemlýagyñ ýadygärligine.

Dik başy silkmeli merdana meñzäp,
Eden ýagşylygy dür dänä meñzäp,
Ýaýran her şahasy bir dana meñzäp,
Otyr but agajy, dem alyp otyr.

Yhlasly topraga başyn egipdir,
Gollary sallanyp, ýere degipdir,
Ýapraklary köpük ýaly çogupdyr,
Mähriban toprakdan nem alyp otyr.

Şahalary aýaksyza pişekdi,
Ýapraklary düşeksize düşekdi,
Ýagyş ýagsa baryñ, oglan-uşakly,
Göýä bir saýawan güberlip otyr.

Gün düşse, ýyldyrar ýalañaç başy,
Başyna ýygnar ol bir süri guşy,
Ýowuz jeñde galdy agyr geçmişi,
Süññünde faşistiñ güllesi ýatyr.

Päliwan görnüşi galypdyr ýatda,
Ömürylla ýan bermedi haýhatda,
Bilmekçimi? - Mekany oñ Karpatda,
Gidiñ, yhlas görme-görüşe ýetir.

Sараrmyrat ÖWЕZBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Haweran | Теги: Saparmyrat Öwezberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022
Bagt / Goşgular - 11.01.2022
Темный вечер / Goşgular - 16.02.2022
Как падший ангел / Goşgular - 04.02.2022
Şygyrlar / Goşgular - 05.02.2022
Güýmenje / Goşgular - 26.01.2022
Бессмертие / Goşgular - 17.02.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]