13:42
Bu ýyllar
BU ÝYLLAR

Bu ýyllañ gelişi başgadyr-başga,
Üýtgeşikdir gelýän ýazy-bahary.
Ummany beslenen müñ dürli yoga
Boý alýandyr Ýere ýeten nahaly.

Galkynan göwünler göterilýär has,
Nazy-nygmatlardan doludyr jamym.
Görkezdi güýjüni Akyl hem Paýhas,
Şeýdip arşa galyp barýar eýýamym.

Baýyrlar gül bilen bezendi diñe,
Asmana ýoluny ýetirdi Adam.
Täze ýeñişlere arzuwym ine,
Zähmetiñden bagt tapsyn yhlasyñ.

Gök arçalar şöhlesini saçypdyr,
Öýlerden çagalañ gülküsi gelýär.
Täze ýyl! Gelýärmiñ, ýoluñ açyk dur,
Biziñ ömür ýene bir gez beýgelýär.

Geliber,
Geçiber, gelýäniñe hoş,
Öýmüziñ törüni görýäris rowa.
Döwletim bar, döwletime yrsgal goş,
Sag aýagyñ bilen ätle bosaga.

Bu ýylyñ gelişi başgadyr, hawa,
Düzüwdir bu ýyllañ niýeti, päli.
Dolsun kalbyñyza arassa howa,
Ak gar bilen bezär ajap ülkäni.

Gözel ŞAGULYÝEWA.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1987 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: Haweran | Теги: Gözel Şagulyýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Eje / Goşgular - 15.01.2022
Yşk bahary / Goşgular - 22.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Цветы Сахары / Goşgular - 11.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Рост / Goşgular - 11.01.2022
Гадание / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]