09:31
Bü ne täsin tapmaça
BÜ NE TÄSIN TAPMAÇA

Köpler ýaly pul syýasaty-göterim karary hakda ýazmakçy däl, ykdysady syýasatyñ diñe bir ugra gabalmagyny oñlamok...
Size bir tapmaçam bar:
Haýsy ýurtda inflýasiýa soñky kyrk ýylyñ iñ ýokary derejesine çykdy?
Haýsy ýurtda nebitiñ bahasy 6.1 göterim artyp, ikinji elden alynýan (öñ sürlen) awtoulaglaryñ bahasynda, kärende töleginde we azyk iýmitleriniñ bahalarynda artyşlar boldy?
Haýsy ýurtda Merkezi bankyñ inlflýasiýanyñ öñüni almak üçin alyp barýan pugta göterim syýasaty agyr tankytlara uçraýar?
Haýsy ýurtda Merkezi bankyñ başlygy indi ýañsylanar ýaly derejä geldi?
Haýsy ýurtda ykdysatçylar Merkezi banka "göterimi köpelt" diýip basyş edýär?
Haýsy ýurtda Prezident "durmuşa geçirýän ykdysady gurluşlaýyn maksatnamasynda eglişige gidilmejekdigini" mälim etdi?
Barmy jogabyñyz?
Hawa, bildiñiz, ABŞ!
Hawa, bildiñiz, ABŞ-nyñ Merkezi banky - FED!
Hawa, bildiñiz, FED-iñ başlygy Jerome Powell!
Hawa, bildiñiz, ABŞ-nyñ Prezidenti Jo Baýden!
Dünýäniñ iñ uly ykdysady güýçlerinden ABŞ-da şeýle zatlar bolup geçýär.
Türkiýä bire-bir meñzeýşini görýäñizmi? Hawa:
ABŞ-da soñky ýyllarda FED-iñ (2021-nji ýylyñ 14-15-nji dekabryndaky ýaly) her ýygnagynyñ netijesine giñ gatlaklar sabyrsyzlyk bilen garaşýar. “Göterimi durnukly sakladyk” beýannamasyny biziñ teleýaýlymlarymyza çenli berdi!
Ýogsa-da, ABŞ bilen Türkiýe biri-birine şeýlekin meñzäp durka, ýurdumyzda dollaryñ hümmetiniñ ýokarlanyp, liramyzyñ güýji nädip samana öwrüldi?
Jogabyñyz barmy?

• ÇIŞIRTME-KIÇELTME

Professor Ýalçyn Küçügi ahmyr bilen ýatlaýaryn...
Eziz Nesiniñ “Uly iş taşlaýyş” ("Büyük Grev") hekaýalar kitabyny çepçiler agyr tankyda tutansoñ, "Bir hekaýatyñ ykdysady syýasaty" atly gymmatly seljermesini ýazdy:
-“Galp ykdysady kitaplary bilen añlary bulaşmadyklaryñ ykdysady-syýasata düşünmek üçin "kitaphon" bolmalydygy kompleksine düşmedikleriñ añsatlyk bilen begenip okajak hekaýaty…”
Türkiýedäki dollar telbeligine “AKP-Erdoğan” diýmezden global tarapyna baha berip bilýän näçe ykdysatçymyz galdy? Käbiri gündelik syýasata ýeñildi, käbiri teleýaýlymlarda we sosial mediýada reýting gazanmagyñ aladasynda!
Bilensireýän (pedant) ykdysatçy krizisiñ sebäplerini däl-de, sa:p netijä gönükdirilen, diñleýjisini we okyjysyny hoşnut edip bilen seljermeleri berýär. Bu ýalñyş.
Bu bolşa ýalñyş diýmek - AKP-Erdogan şowsuzlygyna göz ýummak, bahana gözlemek däl. Gelejege yşyk tutmaga mejburdyrys. Çünki ýalñyş diagnoz ölüme sebäp bolýar...
Krizisiñ ýeke-täk sebäbi Erdogan bolýan bolsa, ABŞ-da bolýan zatlar näme onda?
ABŞ hem biziñ ýaly krizisi başdan geçirýän bolsa, hiç hili garşylygy ýok gök kagyzyñ (dollaryñ) yzyndan adamlarymyz nämüçin ölüme ylgaýan ýaly ylgaýar?
Bir zady çişirmek üçin başga bir zady kiçeltmek gerek! Türkleriñ ruhy ahwaly şeýle - garşylygy ýok dollary çişirýär, dollary kiçeldýär...
Diogeniñ gündiziñ günortany eli çyraly gözleýşi ýaly gözleýärin:
Näçe Eziz Nesinimiz galdy...
Näçe Ýalçyn Küçügimiz galdy...
Ýurdumyz nämüçin şular ýaly derejede tökleşdi...

• “MAKIÝAŽ” GIZLEÝÄR

Diñe Türkiýe däl. Diñe ABŞ däl. Ýewropanyñ ýagdaýynyñam öwerligi ýok. Germaniýa dagy soñky 28 ýylyñ iñ ýokary inflýasiýasyny başdan geçirýär! Angliýada ýangyç, Fransiýada azyk önümleriniñ nobaty bar...
Ýewropaly aglaba ykdysatçy ýurtlaryndaky ykdysady-syýasy opurlyşygyñ sebäbiniñ “giper-globallaşma” bolandygyny indi boýun alýar. Gördüler, global bazarlaryñ aldym-berdimli diýdimzorlugy jemgyýetçilik durmuşyny derbi-dagyn etdi. Hemmesi 2010-njy ýyldaky ýaly euro krizisiñ bolmagyna garaşýar...
Eýse, näçe ýewropaly raýat krisiziñ düýp sebäbi hakda pikir ýöredip bilýär? Olar işsizlikden başlap bahalaryñ galmagyna çenli ähli ykdysady çöküşligiñ ýeke-täk sebäbini bosgunlardan görýär!
Eýse, Ýewropadaky aýry-aýry döry ykdysady-syýasy model (sosial-demokrat - Skandinawiýa, hristian-konserwatiw - kontinent, Günorta Ýewropa - Italiýa-Gresiýa, liberal - anglo-sakson) nämüçin çökdi?
Üns beriñ: eksporta üns berýän, konkurentçi ykdysadyýetleriñ we hemmetaraplaýyn ösen ýurtlaryñ gürrüñini edýäris. (Şeýle-de… Her ýurt özüni halas etme derdi bilen garabaşyna gaý bolup ýörkä, siz nädip Türkiýede häzirem "üstki akyl" diýip bilýärsiñiz?)
Erdogan otursa-tursa “göterim sebäp, inflýasiýa netije” diýýär-ä, bu aslynda onuñ krizisi çuñlugyna düşünip bilmeýändiginden gelip çykýar. Hem pikir edýär “döwletiñ emlägini satyp 2023-nji ýylyñ saýlawlaryny gazanaryn” öýdüp...
Ýogsam bolmasa:
Neoliberalizm sebäp, krizis - netijedir.
Diýjek bolýanym: Sistema düýbünden çüýrük - “makiýaž” halas edip bilmeýär, ol diñe gizläp bilýär!
Köki ýok palliatiw çözgüdi üçin Erdogana düşünýänem welin, käbir çepçi ykdysatçylara düşünemok:
Eziz Nesiniñ ýazan, Ýalçyn Küçügiñ kesgitlän ykdysady-syýasatyndan kellelerinde düşnük ýok, birwagt ýatdan çykardylar, sa:p pul syýasatyna gysylyp galdylar...

“Bü ne täsin tapmaça,
Hem gündiz bar, hem gije.
Kime söýläris derdimizi,
Ne hekim añlar, ne hoja…”


Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 17.12.2021 ý.





Категория: Maliýe we ykdysadyýet | Просмотров: 88 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Maliýe we ykdysadyýet bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
1 Taryhçy   [Материал]
"Bü ne täsin tapmaça,
Hem gündiz bar, hem gije.
Kime söýläris derdimizi,
Ne hekim añlar, ne hoja…”

büý-ä biziñkileriñ:

"Hojamşükür hanymyz,
Ýuwa-ýelmik nanymyz,
Ýuwa-ýelmik gurasa,
Niçik bor ahwalymyz!" - diýşi ýaly bolupdyr. :)

0
Hojamşükür hanlardan ekeni meniñ garyndaşlam. Olar-a Hojamşükür hany öwyarler :))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]