05:56
Bu gün - täze gün!
BU GÜN - TÄZE GÜN!

Bu gün - täze gün!
Senem täzelen!
Aglanyňda agla ýagyşdan beter!
Ýylgyraňda ýylgyr Güneşden beter!
Barýarys biz gitse gelmez ýol bilen.
Bar güýjüňi jemläp,
biliňi guşap,
ýöremek zerur!
Gül tikeni bilen düşelen
gyýçak-gyýçak ýoldur bu.
Her kimiň
her kimsäniň
elinden geljek däldir bu.
Bagş et özüň,
ömrüň bagyş et!
Bu ýoluň soňy...
Uçuda-da barman biler,
Uçmaga-da barman biler,
Uçmaha-da barman biler.
Şonda-da ýöre
gulaklaryňy,
gözleriňi,
gursagyňy
doly açyp
gyldan inçe ýol bilen...

Bu gün - täze gün!
Senem täzelen!

Suraý BABANYÝAZOWA.

بو گۆن - تأزه گۆن!

بو گۆن - تأزه گۆن!
سن-م تأزه لن!
آغلانئنگدا آغلا یاغئش-دان بتر!
یئلغئرانگدا یئلغئر گۆنش-دن بتر!
باریارئس بیز گیتسه گلمز یۇل بیلن.
بار گۆیجۆنگی جملأپ,
بیلینگی غوشاپ,
یؤره مک ضرور.
گۆل تیکه نی بیلن دۆشه لن
غئچاق- غئچاق یۇلدور بۆ.
هر کیمینگ
هر کیمسأنگ الیندن
گلجک زات دألدیر بۆ.
باغش ات اؤزۆنگ,
عؤمرۆنگ باغئش ات!
بو یۇلونگ سۇنگئ...
اوچماخا-دا بارمان بیلر
اوچماغا-دا بارمان بیلر,
اوچودا-دا بارئپ بیلر.
شۇندا-دا یؤره
گؤزلرینگی,
یۆره گینگی,
روحونگئ
دۇلئ آچئپ
غئلدان اینچه یۇل بیلن...

بو گۆن - تأزه گۆن!
سن-م تأزه لن!

✏️ سورای بابانئیازۇوا





Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Duralgada / Goşgular - 12.03.2021
Şeýle gerek?! / Goşgular - 01.03.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Ganga / Goşgular - 11.01.2021
Hyýal dünýäsinde hyýaly däl oýlar / Goşgular - 09.02.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021



Всего комментариев: 3
1
3 Gozellik_   [Материал]
Gowy goşgy, ýöne şu ýerde

Uçmaha-da barman biler,
Uçmaga-da barman biler,
uçuda-da baryp biler.

Diýeňde, uçman, uçmaha-da barman, uçuda barýaň diýen ýalyra birzat bolupdyr.

Onda-da erbet däl, galamyň ýiti bolsun!

2
2 mango   [Материал]
Bu gün - täze gün! Senem täzelen!
her gün täze gün, täzelenmägä gaýrat tapsak...
ýöne, optimistik ýatlatmagyňa sag bol, suraý hanym. minnetdar.
"Barýarys biz gitse gelmez ýol bilen" - diýen ýeriňde "gitse gelmeziň" ýerine "dolanmaýan ýol bilen" ýalyrak diýerdim.... "gitse gelmez" biraz ertekini ýatlatdy.... hemem gitse gelmeze gitdänleň soňy ölüm dälmi ertekilerde.....
oň üçürip... yzyňa dolanylmaýan ýol ýalyrak almagyň tarapdary
----

Şonda-da ýöre
gözleriňi,
ýüregiňi,
ruhuňy
doly açyp
gyldan inçe ýol bilen...

bu setirjikleň (gowja görüp diýilendir) maňa kurany, (mülk süresi 23) tebärekde geçýän aýatlary ýatlatdy. ine türkçesi:

De ki: "O, sizi yaratan ve size kulaklar, gözler ve kalpler verendir. Ne kadar da az şükrediyorsunuz!"

terjimesizem düşnüklidirle.
üns bermek islän zadym suraý hanym inçe ýolda ýöremekde göz, ýürek, ruha ähmiýet beripsiňiz.
kuranda "gulak, göz, kalb berdik..." diýýär. ýagny, eşit, gör we kalbyň bilen duý, öwren, analiz et, netije çykar.... ýaly manylary bar....
umuman, goşgyňyzy ýene-de halatdyňyz.
halap oturandan bolup dun şumat....
minnetdar.

2
1 Pegas   [Материал]
"Ýaşa hem-de söý!" diýýäň-dä, garaz))

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]