09:38
Bu gijeler uzak boldy...
BU GIJELER UZAK BOLDY...

Bu gijeler uzak boldy...
Kän garaşdym ol Güne.
Meniň sussumy basýan
Ümsümlik irizdi diňe.
Ötegçi guşlary synlap
Aýdym aýdasym gelipdi,
Öwrenişmedim iňrik bile.

Bu gijeler uzak boldy...
Bulutlar bar Aý ýüzünde.
Diňe synlaýaryn şemi
hemem juda uzaklarda
Ýaňlanýan pianoň sesi
Deşip gelýär ýüregimi.

Bu gijeler uzak boldy...
Garaýan penjirä
Görýäňmi?..
Ýaş däl gözümden syrygan
Aýdyp berýän syrym tüme.

Bu gijeler uzak boldy...
Garaşýan Güne.

Bilbil KAKABAÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 109 | Добавил: Bilbil | Теги: Bilbil Kakabaýewa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Güýz parçalary... / Goşgular - 11.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 10
0
10 Mähriban   [Материал]
Berekella, Bilbiljan!

0
9 Gumlygelin   [Материал]
Bilbil Tüweleme uýam.Höwri köp bolsun!
@Garaýolly agañ teswiri liriki gahrymanyñ dünýãsine gowy açyklama beripdir.
Dowamly bolsun!

0
8 Bilbil   [Материал]
@mango köp minnetdar! Gymmatly pikirleriňiz her goşgulara edilýän bellikleriňiz üçin.
Perman jigim köp sag boluň!
Garaýolly aga size-de köp minnetdar.Okaýanyňyza seslenýändigiňeze Taňryýalkasyn!
Allajan başyňyz dik, janyňyz sag ömrüňiz uzak bolsun!

0
7 Garayolly1936   [Материал]
teswirler goşadan gidipdir ow.Kä mahal şeýle bolýar

0
6 Garayolly1936   [Материал]
Goşgy adaty oñat goşgylardan.,, Iñrik" bu, elbetde, tum garañkylygyñ başlangyc alamatyny añladyar.,, Ucyan guşlary synlap, aydym aydasym geldi". Bu hem goşgydaky duyular-duyulmaz kicijik liriki yza cekilme. Şygryñ gahrymany alem şasynyñ lowurdap yalkym sacyp duran gunduzlikdakisi deyin, ( liriki gahrymanyñ gowni giñ mahalkysy yaly) aydym aydasy, şatlanasy gelyar.

0
5 Garayolly1936   [Материал]
Şatlanasy gelyar. Emma, degre-daşyny gaplap alan tum garañkylyk ony gysyp-gowrup baryar. Bu yerde iñrik gahryman ucin şu agyr yurekgysgynclygyñ birinji fundamenti bolup duyulyar.

0
4 Garayolly1936   [Материал]
Şatlanasy gelyar. Emma, degre-daşyny gaplap alan tum garañkylyk ony gysyp-gowrup baryar. Bu yerde iñrik gahryman ucin şu agyr yurekgysgynclygyñ birinji fundamenti bolup duyulyar.

0
3 Garayolly1936   [Материал]
Goşgy adaty oñat goşgylardan.,, Iñrik" bu, elbetde, tum garañkylygyñ başlangyc alamatyny añladyar.,, Ucyan guşlary synlap, aydym aydasym geldi". Bu hem goşgydaky duyular-duyulmaz kicijik liriki yza cekilme. Şygryñ gahrymany alem şasynyñ lowurdap yalkym sacyp duran gunduzlikdakisi deyin, ( liriki gahrymanyñ gowni giñ mahalkysy yaly) aydym aydasy, şatlanasy gelyar.

0
2 permanh2206   [Материал]
Goşgyda başkada gowy manylar bar. Gaty gowy. Galamyň ujy ýiti bolsun awtor

0
1 mango   [Материал]
Öwrenişmedim iňrik bile.

iňrik - Gün ýaşyp, garaňky düşüp başlan wagt bolany üçin... goşgudada uzaga çeken gijäň gürrüňi gideni üçin, ýagny wakalar, beýanlar iňrikden kän soň bolup geçýäni üçin.... iňrik artyk ýaly gördüm.
gowy goşgy.
üstünlikler bilbil haym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]