08:52
Bu dünýä näçe günlük?
BU DÜNÝÄ NÄÇE GÜNLÜK?

Iň zehinli talyplaryň birine Seýitmuhammet işan diýerler eken. Ol Ahal sebitlerinden Ýusup işanyň ogly bolany üçinmi ýa aşa zehinli, düşbi bolandanmy, Molla Töre ahun ony özüne has ýakyn tutupdyr. Hatda ony öý-işik edenem Ahun ata bolmaly.
Bir gün ikindi namazyny okap bolup, agşama garaşýan talyplary Ahun aga ikibir-ikibir göreşdiripdir. Şonda sapagy ýokary, zehinli ýigitleriň biri çöňňeräk, emma daýaw garşydaşyndan ýykylaýypdyr. Ahun aga oňa:
- Pylany, sen okuwa ezberem bolsaň, çopan badagyna tap getirip bilmediň-ow - diýipdir. Bu söz göreşde ýykylana ýakmandyr. Ýeňsesini tüňňerdip:
- Aý, tagsyr, bu bir bäş günlük dünýädir. Ýykanam geçer mundan, ýykylanam - diýip suňşurypdyr.
Terbiýeli talybyndan beýle jogaba garaşmadyk Ahun sesini çykarman turup gidipdir. Şol günden soň Ahun aga talyplarynyň arasynda dymyp oturka sag eliniň başam barmagy bilen süýem barmagyny iki gaşynyň arasynda dikligine saklap, çuň pikire batar ekeni. Talyplar bolsa onuň dymmagynyň sebäbini soramaga ejap edipdirler. Belki, kimdir birinden göwni galandyr, belki-de, öýünde bir näsazlyk dörändir? Belki, bu ylma suwsan ýigitlere nämänidir düşündirjek bolýandyr?
Munuň sebäbini bilmegi talyplar Ahunyň eý görýän şägirdi Seýitmuhammet işandan haýyş edipdirler. Işan uýala-gorka bu sowaly berende, Töre ahun:
- Seýitmuhammet! Biz dünýäni iki günlük hasap edýärdik. Adam dünýä inendäki azan bilen ýogalandaky jynaza namazy iki gündür. Ol günki ýanbaşdan gaýdan ýigidimiz galan üç güni nireden aldyka? - diýipdir.
Henize çenli damylladan beýle agyr sözleri eşitmedik talyplar onuň göwnüniň biçak ynjandygyny aňypdyrlar.

Durdy Hajymyrat
"Molla Töre ahun" kitaby.





Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 139 | Добавил: Revo | Теги: Durdy Hajymyrat | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 4
0
4 Yusup   [Материал]
- Bu dünýä näçe günlük?
- Bash gunlik, galan iki gun alty-bazar. :D

0
3 Hyýalkeş   [Материал]
Hormatly myhmanlar we agzalar! Bir minutjyk üns beräýiñ. Maña Jojo Moyesiñ şu kitaplary gerek:
1. Sonsuza dek sen
2. Paris'te balayı
3. Üstümüzde gökyüzü altımızda deniz
4. Yasak meyve.
Eger-de bar bolsa gozeldirarzuwlar@gmail.com poçtasyna ugradyp bilersiñiz.
(öñem sorapdym welin ýene bir gez soraýaýyn diýdim).

-1
2 mango   [Материал]
- Bu dünýä näçe günlük?
- Bu dünýä bir dem alyp-bererlik.

0
1 mango   [Материал]
gowy ýatlama.
adam adyny doly, dabara bilen tutsalar bir hili begenýäň....
Seýitmuhammet.... !!!
häzir welin.... ne gözel Nurmuhammet atly çaga Muha diýip ýörenlerede gabat gelse bolýar. ýene birine Hudaýka diýýändirler, ady welin Hudabýerdidir....
...
Molla Töre ahun barada doly okasym gelip gitdi.
dünýäň iki günlikdigi baradaky Töre ahunyň pikirem dogry,
belki ol göreşde ýeňileniň wersiýasam dogrudyr - dünýe bäş günlikdigi barada.....
bir gündäki bäş wagt namazy göz öňüne getiren bolaýmasyn.... ertir bilen ýassy arasy ýaly....
o meseläni başga bir ýerde başgaragam eşdip gördüm. "biz her pursat (her dem) ölüp direlýäs" diýen ýaly pikir....
demimize howa sorýas - direlýäris.
howany çykarýas - ölýäris.
direlýäris-ölýäris, direlýäris-ölýäris, direlýäris-ölýäris.....
ýaşaýyşymyz direlip-ölmek.....
iň soňunda-da direlmek üçin ölýäris....
we baky direlýäris, bir ýerlerde... hiç ölmezlik üçin.

Rewo gardaşa gowy zat okadanyna minnetdar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]