08:52
Bu dünýä

BU DÜNÝÄ

Taşla, Haýdar däli! Ýüz öwür gardaş,
Kelläñi bozanña degmez bu dünýä.
Ha tiz-tizden dönsün, ha ýuwaş-ýuwaş
Sen seni üzenñe degmez bu dünýä.

Pany diýen diýip geçsin, saña nä?
Göwün beren berip geçsin, saña nä?
Jümri ursun, ogry iýsin, saña nä?
Diş gyjap dyzanña degmez bu dünýä.

Nirde gan akdyryp gowga edenler,
Nirde şindi sapasyny sürenler,
Näme äkitdi gujagyna girenler,
Bir köne üzeññä degmez bu dünýä.

Hyýal bagla, tesbih sanyça parz et,
Hemmesi-de señki otuz üç adat,
Taşla, galybersin, hiç çekme zähmet,
Ýüplüge düzenñe degmez bu dünýä.

Gulpy ýok, soñ niresinden tutarsyñ,
Seniñ iýjek lukmañ däl bu, ýuwtmarsyñ.
Astyna gireni Alla gutarsyn,
Üstünde gezenñe degmez bu dünýä.

"Gel, gitme, gal!" diýsem, galyp bilmersiñ,
Ortadan böl diýsem, bölüp bilmersiñ.
"Git, ýene gel!" diýsem, gelip bilmersiñ,
Aldanyp azanña degmez bu dünýä.

Almak-satmak, ýer-jaý, mal-mülk biderek,
Haltyldap toplanyñ, baýlyk biderek.
Dogduk depe, watan, ýat ýurt biderek,
Talanña, tozanña degmez bu dünýä.

Serhetler çekilmiş goraýarlar sak,
Bäş şaýyça bolmaz bizler bolmasak,
Käte ganly gözýaş, kä hapa susak,
Ýuwup süzeniñe degmez bu dünýä.

Senki meñki nedir? Kiçimi, darmy?
Hany kimiñ dosty, kimsäge ýarmy?
Adam öldürmegiñ manysy barmy?
Garynja ezenñe degmez bu dünýä.

Mysapyrsyñ, mysapyrlyk etmiş däl,
Uzakdan seretmek gaty kyn iş däl.
Eti iýilenok, goýun däl, goç däl,
Hamyny ýüzenñe degmez bu dünýä.

Gabykdyr, manyny unutdyrmarsyñ,
Atany enäni unutdyrmarsyñ.
Boş hyýal möwlany unutdyrmarsyñ,
Dyrnakly gazanña degmez bu dünýä.

Arkasy garañky, öñi garañky,
Ertiri garañky, düýni garañky,
Özüne çagyrar seni... garañky
Meýl edip uza:nña degmez bu dünýä.

Ajaplygy, hezilligi ýogam däl,
Nagyş nagyş gözelligi ýogam däl.
Iki günde gaçar gider... köpem däl,
Oýlanyp syzanña degmez bu dünýä.

Unutmagyl, ýolagçy ýolda ýagşy,
Ýolagçyñ azygy bilinde ýagşy.
Adam adamçylyk halynda ýagşy,
Mest bolup gezenñe degmez bu dünýä.

Bilýänsiñ-le, şepe Haýdar, bilýänsiñ,
Saña bakýar sowuk mazar, bilýänsiñ.
Ebedilik beýlede bar, bilýänsiñ,
Bir setir ýazanña degmez bu dünýä.

Abdyrahym KARAKOÇ.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: Gökböri | Теги: Abdyrahym Karakoç | Рейтинг: 4.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Umyt / Goşgular - 16.02.2021
Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Ejeme / Goşgular - 03.02.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
"Men bir gezek azaşypdym daglarda..." / Goşgular - 07.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Всего комментариев: 8
0
8 mango   [Mowzuga geç]
Misafirsin, misafirlik suç değil,
Bakacaksan uzaktan bak, güç değil

Mysapyrsyñ, mysapyrlyk etmiş däl,
Uzakdan seretmek gaty kyn iş däl.

Bolup bilerdi:
Bakmakçymyň, uzakdan bak, kyn iş däl.

—-
Kabuktur, manayı unutturmasın
Babayı, anayı unutturmasın
Boş hayal mevlayı unutturmasın
Tırnakla kazmaya değmez bu dünya

Gabykdyr, manyny unutdyrmarsyñ,
Atany enäni unutdyrmarsyñ.
Boş hyýal möwlany unutdyrmarsyñ,
Dyrnakly gazanña degmez bu dünýä.

“unutdyrmarsyň”-lar “unutdyrmasyn” bolmaly.
Dyrnaklap gazanňa degmez bu dünýä” bolsa näderdi.

—-

Bilesin ha canım Haydar bilesin

Bilýänsiñ-le, şepe Haýdar, bilýänsiñ,

“bilýänsiň-le, jan Jaýdar jan, bilýänsiň” hem bolup bilerdi.

——-
Umuman terjime erbet däl.
Üstünlikler.

0
7 mango   [Mowzuga geç]
Bırak deli Haydar-bırak be gardaş
Kafayı bozmaya değmez bu dünya
İsterse hızlı dönsün isterse yavaş
Sen seni üzmeye değmez bu dünya

Taşla, Haýdar däli! Ýüz öwür gardaş,
Kelläñi bozanña degmez bu dünýä.
Ha tiz-tizden dönsün, ha ýuwaş-ýuwaş
Sen seni üzenñe degmez bu dünýä.

Bolup bilerdi:
Kelläni döwenňe degmez bu dünýä
—-

Nerde kan akıtıp kavga verenler
Nerde şimdi sefasını sürenler
Ne götürdü kucağına girenler
Bir yırtık çizmeye değmez bu dünya

Nirde gan akdyryp gowga edenler,
Nirde şindi sapasyny sürenler,
Näme äkitdi gujagyna girenler,
Bir köne üzeññä degmez bu dünýä.

“Çizme” diýilýän gonjy dyza ýetip duran aýakgaba diýilýär.
Üzeňňi nirden geldi?

—-

Gel gitme kal desem kalamazsın ki
Ortadan böl desem bölemezsin ki
Git tekrar gel desem gelemezsin ki
Aldanıp azmaya değmez bu dünya

"Gel, gitme, gal!" diýsem, galyp bilmersiñ,
Ortadan böl diýsem, bölüp bilmersiñ.
"Git, ýene gel!" diýsem, gelip bilmersiñ,
Aldanyp azanña degmez bu dünýä.

“Git, ýene gel” “git tekrar” geli doly berip bilmändir.
“git, ýöne gaýdyp gel” ýalyrak aýdylmaly ýaly.

—-

Almak-satmak, tapu-senef nafile
Toplayıp yığdığın servet nafile

Almak-satmak, ýer-jaý, mal-mülk biderek,
Haltyldap toplanyñ, baýlyk biderek.

Hars urup toplanyň, baýlyk biderek” bolsa näderdi?

0
6 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Terjime gowy.Terjimeligem bildirenok.Ýöne ikije ýekeje belliklerim bar:
1.Sen seni üzenñe degmez bu dünýä.
Bizde "üzmek" - ýolmak diýen manyda.Türklerde "üzmek" - gynandyrmak.
Goşgyñ originalyny bilemok ýöne türklerdäki "üzmek"göz öñünde tutuldymyka diýýän.
2.Ha tiz-tizden dönsün ha ýuwaş-ýuwaş.
Bizde "dönmek" bir işden-pişeden,niýetden... gaýtmak.Meselem:"Wadasyndan döndi".
Türklerde "dönmek" iki manyda.
1.Biziñki ýaly manyda.Meselem:"Sözünden dönen namert çıksın,bizde böyle bundan sonra (Aýdym "Bundan sonra" Sıla)
2.Dönmek -aýlanmak,pyrlanmak.Meselem "Başım döndü" ýa-da "Dönme dolap".
3.Garynja ezenñe degmez bu dünýä.
Bizde "ezmek" bir zady suwuklyk görnüşine getirmek.Meselem :"Agyz näme oñ owadanlygyny ezip içjekmi?"
Türklerde "ezmek" - basgylamak,mynjyratmak.Meselem:"Sevene zülm edeni ezer geçerim" (Aýdym "Yakar geçerim" Ajda Pekkan)
Umuman siz şu sözleri terjime etmän şol durşuna dilimize geçiripsiñiz.Ýöne türkçedäki manysy başga,türkmençedäki manysy başga.
Ýöne murapbagy terjime etmäñ näderejede kynlygyny bilýän.Menä asla baş goşup biljekdäl.Ýogsam Abdyrahym Karakoçyñ aýdyma öwrülen "Mihriban" goşgusyny näler terjime edesim gelýärem welin...
"Mihriban"goşgusynyñ gowja başdan geçirmesem bardyr:Abdyrahym Karakoç Mihriban atly gyza aşyk bolýar.Ýöne onuñ bilen nädip habarlaşjagynam bilenok.Asla onuñ öýüne hat ugratmagam islänok.Bu pikrinem "Elin kızının evine mektup mu gönderilirmiş hiç,ayıp olur"diýen sözleri bilen añladýar.Soñam şeýle çözgût tapýar.Mihribana bagyşlap goşgular ýazýar da onam gazetde çap etdirýär.Göräýmäge goşgy bolsada bular bir aşygyñ duýgusy,söýýän gyzy bilen habarlaşma usuly.Mihribanam goşgularyñ özi üçin ýazylýanlygyny bilýär.

0
5 Aksary   [Mowzuga geç]
@Gökböri üýtgeşme girizmäge wagt sarp edipsiñiz welin girizenligiñiz baradada wagt sarp etseñiz kimdir biri ýalançy ýaly bolmazdy we kimdir biri gaharlanmazdy!

0
3 Aksary   [Mowzuga geç]
Näme äkitdi gujagyna girenler,
Bir köne üzeññä degmez bu dünýä.

BIR ÝYRTYK ÜZEÑÑÄ DEGMEZ BU DÜNÝÄ.

diýip ýazylgy durdy,häli okanymda Bagabat kaka!

Ýalñyşlyk göýberlendir mümkin,men okan zadym boýunça ýazypdyma.

0
4 Bagabat   [Mowzuga geç]
Ok.

0
1 Aksary   [Mowzuga geç]
Üzeññiñ ýyrtylýanyny birinji gezek eştýän

0
2 Bagabat   [Mowzuga geç]
Niresinde "ýyrtylan üzeňňi" ýatlanýar-a? Şu mahal iki gezeg-ä diagonallygyna, iki gezegem dolulygyna okadym welin, tapmadym. Diňe birje ýerinde üzeňňi agzalýar: "Bir köne üzeññä degmez bu dünýä"...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]