09:07
Bu - agy däl
BU - AGY DÄL

Bu - agy däl.
Bu - naçaryň sesi däl.
Kim maňa düşüner?
Kim meni aňlar?
Heýem, düşünmezmi maňa
ömür, ruh beren,
ýüregime ah beren?
Men derýadan geçebilmen,
derýa meni geçirer
hergiz söndürmez odumy.
Dodaklarym ýaryk-ýaryk,
Ýanybersin içimem.

Agladygym - öz agym däl,
millionlaryň agysy.
Synalarmy daglap barýar
gara başyň nalasy.
Ýar derdinden niçik boldy
bir obanyň lälesi.
Bu - läläniň agysy däl,
günde müň gez ýüzün öpýän ýarasy,
gara gijäniň Çyrasy.
Bu - läläň guran senesi,
barynyň bir demde gutaran güni,
Yşk başlan güni.
Uly Toýa taýýarlyk - bü.
Toýuň öňündäki tämiz Şatlyk - bü.

Bu - agy däl.
Bu - naçaryň sesi däl.
Bu - läle däl.
Bu - bir kiçjik obaň lälejiginiň
tutuş bir äleme dönen senesi.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 100 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyrlar bir gezek söýýän däldirler / Goşgular - 15.03.2021
Dünýä / Goşgular - 24.02.2021
Watan mähri / Goşgular - 09.01.2021
Ýör, göwün / Goşgular - 21.02.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Habar / Goşgular - 16.02.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021



Всего комментариев: 4
0
4 Pero   [Материал]
Bu gelnajydan öñ aglaýan gyzyñ obrazy

1
3 Revo   [Материал]
Suraý hanym gowy goşgy bolupdyr. Eliňize we hyýaly duýgylaryňyza saglyk. "Bu - agy däl. Bu - naçaryň sesi däl", "Agladygym - öz agym däl, millionlaryň agysy" , "Ýar derdinden niçik boldy bir obanyň lälesi", ýöne, pikirleriňizi ýaman çalt çalyşýaňyzmy? Ilki agy däl, naçaryň sesi däl diýip ynandyrýaňyz-da, soňam, näme üçindir görüp otursak tersine agy we naçaryň sesi bolup çykaýýar. Birem näme üçin aglaýanyňyza düşünemok. Söýýen ýaryňyzyň ýanynda däldiginemi? Olam-a eýle däl. Ýa-da görüp bilmeýänňizemi? Onda günä özüňizde bolup, özüňizi kämilleşdirmeli dälmi?

1
Aý munyñ-a birhilil-aý. Näme diyjek bolyar, düşünmedim.

-1
1 Tumarly   [Материал]
Bu - hakyky goşgy
Bu - hakyky zenan ýüreginiñ owazy
Suraýyñ goşgularyny radioda goşgy okaýan sesi labyzly gyzlara, Bägül Kakala, Gülälege okadaýsañ.
Galamyñ ötgür bolsun, Suraý dogan!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]