22:35
Bolaýjak geñ zatlar
BOLAÝJAK GEÑ ZATLAR

Edebi ýañsylama

"Gel, söhbet edeli agzymyz ýumup".
B.Gökleñow


Gözümizi ýumup göreli kino,
Agzymyzy ýumup aýdym aýdaly.
Elimizi dañyp ýüzeli suwda,
Derýañ añyrsyna baryp gaýdaly.

Ylgaşaly aýagmyzy duşaklap,
Işdämizi kesip, iýeli owkat.

Zowladaly öýkenmizi aýyryp,
Gowzadaly gapyrgalañ arasyn.
Ýüregmizi aýryp goşgy ýazaly,
Okan halamasyn ýa-da halasyn.

Parhy näme,
Çyksa bolýa ýazanmyz.
Bizem poeziýadan galmarys çetde.
Agzymyzy ýumup söhbet ederis,
Redaktor gözün ýumup gol çekse...

Atamyrat ATABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Тревога / Goşgular - 21.01.2022
Нарушение гармонии / Goşgular - 16.02.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Акварель / Goşgular - 21.01.2022
Guş dili / Goşgular - 19.01.2022
Все повторяется / Goşgular - 19.02.2022
Şahyr hakda rowaýat / Goşgular - 22.02.2022
Aýak yz / Goşgular - 08.01.2022
Ýaşasyn parahat durmuş! / Goşgular - 26.02.2022
Речка Руза / Goşgular - 29.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]