06:45
Bolanok...
BOLANOK...

Bapba Gökleñe

Ýok, biz dost-a däldik,
Hernä türkmeniñ -
Bagtyna duşmanam däldik ikimiz,
Al-u-şeriñ nikasyndan ýugrulan,
Deñ däldi gerdende çekýän ýükümiz.

Talantdyñ sen,
Şygyrlaryñ içire,
Söýünhanda barlygyñy tanatdyñ.
Köneje penjege sygan göwräni,
Tañrym, haýsy gudrat bilen ýaratdyñ?!

Gitdiñ dirilere göz bolup mundan,
Zalym tañry öz awuna dokunýar.
Saña göz-görtele dodak çöwürip,
Bilmedikler, gör, bagtyña çokunýar.

Gardan ak ýüregiñ - eliñde baýdak,
Mesgeniñ ýerdemi ýa-da asmanda?!
Kalbyñy çöwürip ölüp gidensoñ,
"Bolmajagam boljak eken, aslynda..."

Indi,
Gör ýene-de bir ÝYLDYZ SÜÝNDI,
Munda körzehinler wagtyn çaglaýar.
Saña dost goluny gerip bilmedik,
Zehinliler bagry-girýan aglaýar.

Seniñ üçin açyşam däl bu zatlar,
Dirilere - öz zannyna dolanmak.
Ölüp, barlygyñy subut etmeseñ,
Bolanok!!!

* * *

Uçsañ şemal ýaly,
Ýa-da bolmasa,
Şemala dönýänçä uçsadyñ käte.
Ata ýa eşege rowa görülen,
Nogtañy başyñdan taşlap bir çete.

Duýsañ, hemem köýseñ duýanlygyña,
Ömrüñ al-u-şeriñ nikasydygyn.
Günamañy taşlap owarram içre,
Aýtsañ şu durmuşyn nikapsyzdygyn.

Seni diñlemezler,
Hem içiñ ýakyp,
Geñlemezler bilseler-de geñligiñ.
Sebäp munda sansyz pida gyýylman,
Döretdiler am-u-akyl deñligin.

Onsoñ, sen soñ, ne-hä sagsyñ, sañsarsyñ,
Ýamana ýalandan eliñ çarpyber.
Sen agyña gyýygyñy ajadyp,
Bagryñy ýaralan diller çyrpynar.

Agla şahyr ýürek,
Uwlaplar agla,
Agla agyñ ýalñyzlygña burulyp.
Barybir sesiñe ses goşjak ýokdur.
Şu barlykda jepa çekip,
Surnugyp -
Giden köpem bolsa,
Aýñaljak azdyr...

1992 ý.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hojaberdi Baýramow | Рейтинг: 4.5/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Säher goşgusy / Goşgular - 20.03.2021
"Meñ kalbymda..." / Goşgular - 17.03.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Iki bende sygan ömür / Goşgular - 03.06.2021
Biliñ / Goşgular - 26.05.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Çagakak ak gardan adam ýasardyk... / Goşgular - 10.02.2021
Gyş / Goşgular - 07.01.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Всего комментариев: 1
1
1 Bagabat   [Mowzuga geç]
Paýhasyň, has takygy mantygyň (logikaň) nukdaýnazaryndan iň akmak pişe - geçmiş bilen, geçen bilen jedelleşmek. Ýöne, eger-de adam hemişe paýhasa, has takygy mantyga eýerip ýaşaýan bolsady, onda, megerem bu mahallar onuň eli Akmaýanyň ýoly ýyldyzlar toplumyndaky biziň ýaşamagymyz üçin ýaramly saýýaralara (planetalara) ýeterdi - Bu gepbaşy!
Indi, Hojaberdi agaň goşgusy barada:
"Hernä türkmeniñ - Bagtyna duşmanam däldik ikimiz"...
Elbetde, bu iki ynsanyň, ýagny Hojaberdi aga bilen Bapba Gökleň pahyryň duşman däldikleri begendiriji ýagdaý. Ýöne, setirler şumat öte badyhowa eşidilýär, şomat dagy (ýagny, 1992-nji ýylda) nähili eşidilendir?! Çünki, iki sany adamyň (goý, olar şahyr, gowy ynsan we ş.m. bolsunlar) "duşman däldiginiň" ýa-da "şoldugynyň" öz ýurdunda takmynan 5 milliona ýakyn ilatly, Ýeriň ýüzünde bolsa 22 milliondan gowrak ilatly milletiň, nädip "bagty" ýa-da "betbagtlygy" bolup biljegine men-ä düşünemok... "Görogly" eposynda bir sahna bar. Agyr duşman leşgeri sozanguýruk bolup çapyp barýar. Görogly agamyzam leşgeriň ýeňsesinden girip, olary gyryp gelýä welin, ýagynyň öňden gelýän saplary yzlarynda näme bolup geçýäninem bilmeýärler...Gepiň keltesi 5 we 22 millionlar küje, 2 küje?!
"Söýünhanda barlygyñy tanatdyñ"...
Bu setirem nemeräk. "Näme, esenhany türkmenler Bapba Gökleňiň pajygaly ölüminden soň ol barada eşitmändirlermi?" diýen köpbilmişje sowal derrew diliňi gijediberýär. Olam meger-de bolsa, adamyň zanny-ýasawynyň köpbilmişlik laýyna eýlenenliginden bolmagy ahmal.
"Zalym tañry öz awuna dokunýar"...
Juda jahyl jümle. Owaly bilen-ä "Taňry" düşünjesi Göktaňryçylyk dininiň düşünjesi, yslam dininiňki däl. Keremli Allatagalanyň 99 gözel atlarynyň içinde "Taňry" ady geçmeýär. Ýöne, gep onda däl. "Hudaý näme, möjekmi? Ol aw awlap, awuna dokunar ýaly?" diýen sorag döreýär. Onsoň şunuň ýaly setirleri okanyňda: "Ради красного словца, не пожалеют и родного отца" diýen rus aýtgysy ýadyňa düşýär.
"Bilmedikler, gör, bagtyña çokunýar"...
Birinjiden-ä musulmanlar, şol sanda musulman türkmenler "çokunmaýar". Butparazlar butlaryna, isaýylar haçlarydyr-ikonalaryna çokunýarlar.
Ikinjidenem, diri adamlardan öz aklyndaky kim merhumyň "bagtyny" özüne arzuw etsin? Gaýta, bir bende wepat etse, ilk-ä "Wah-wah-eý, şeýle bolaýypdyrmy? Iman baýlygyny bersin" diýlib-ä daşyndan geplenýär, içindenem "Daş edewersin! Hudaý görkezmäwersin!" diýilmeýärmi?!
Elbetde, dyňzap duran duýgy bilen ýazylan zatlaryň aglaba köpüsi köplenç mantyga-da paýhasa-da bap gelmeýär. Ýöne, özümiň-ä ynanjym, nämedigine we nähilidigine düşünmeýän, aklymyň ýetmeýän gudratlary bilen başarsam oýun etmejek bolýan. Hatda iň owadan sözi aýtmagyňam hatyrasyna...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]