10:58
Bize bir giñ göwün beren Biribar
BIZE BIR GIÑ GÖWÜN BEREN BIRIBAR

Bize bir giň göwün beren Biribar,
Şol göwni gülmekden binesip etme.
Bilip bolmaz-bu çarkandak ýollarda,
Büdresek, galmakdan binesip etme.

Dinden çykarmawer dine geleni,
Sandan çykarmawer sana geleni.
Enäň göwresinde Jana geleni,
Bu dünýä gelmekden binesip etme.

Gaýmakly süýt kimin säheriň çagy,
Ýukajyk çal ümür örtende dagy.
Guşlar dil açanda, oýadyp bagy,
Sag-aman örmekden binesip etme.

Bahar help yşkyňa yşk goşanda,
Çagajyklar oýnap ýörkä daşarda.
Gyzmaç çal bulutlar gylyçlaşanda,
Çapaklar çalmakdan binesip etme.

Keremlisiň, öz bendäňe ynsap et,
Senden gorkmadykdan sora hasabat.
Mümkin bolsa, köpbilmişden halas et,
Bilimden-bilmekden binesip etme.

Gaçyrmawer egne göterenimi,
Tapmaga ýardam et ýitirenimi.
Adam diýip dünýä getireniňi,
Soň adam bolmakdan binesip etme.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Aziza | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Kelle / Goşgular - 20.03.2021
Aýralyk / Goşgular - 22.02.2021
Geläýipsiñ / Goşgular - 23.05.2021
Gözümde gözýaşyñ / Goşgular - 08.02.2021
Öwrenişýäñmi? / Goşgular - 16.02.2021
Men geldim!.. / Goşgular - 09.03.2021
Ýagşydyr / Goşgular - 25.05.2021
Daragt / Goşgular - 10.02.2021
Года мои! Не судите меня строго / Goşgular - 17.03.2021
Всего комментариев: 1
0
1 Aksary   [Mowzuga geç]
Gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]