01:53
Bizden öwrenýäňmi?

BIZDEN ÖWRENÝÄÑMI?

Nirä sumat boldy düýnki ýaz güni,
Başbermezek gyşyň oýny ne täsin?
Birden güpläp düşen galyň gar onuň
Birinji tüýsümi, kyrkynjy tüýsi?

Dek düýnjük yşnyksyz howra aldanyp,
Pyntyk ýarmaň meýlindedi agaçlar.
Bu gün olaň umydyn gar gömüpdir,
Ah, bu gyşdan başga nämä garaşjak?

Başga bir pasyla garaşmak üçin
Ne-hä sabyr gerek, ne-de bir takat.
Her gün başga-başga öwsüp durmagy
Adamlardan öwrenýäňmi, tebigat?

Agageldi Italmazow.

Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Lebaply | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
0
Sizden govy zat öwrenýän bolsa bolýar-la

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]