10:18
Biz günäkär...
BIZ GÜNÄKÄR...

Dymýar diýip merde günä ýöñkemek
Aýyp zatdyr,
dymyp ýatyr ene ýer.
Hasyl az berse,
ýerde günä ýok.
Biz günäkär,
toprak dilsiz janawer.

Ýere hyzmat gerek,
ders gerek ýere.
Zeýkeş gerek,
eger toprak zeýlese.
Biz günäkär
bizi ekleýän toprak
Ýaz gelende gyzyl-elwan geýmese.

Gamyş bassa,
haşal bassa pelleri,
Ählihalk rysgyna ýetirýäs zeper.
Biz günäkär,
benefit bir mellegi,
Kolhozyñ ýerini harlasak eger.

Ýurda pagta gerek,
bugdaý hem şaly,
Ýurt abraýy ýurduñ bagtyn göterseñ,
Biz günäkär
ene ýeriñ ykbaly
Küle çökse,
gol gowşuryp otursañ.

Topragy harlasak,
rysgal kem bolar
Hem kem bolar jübimizde teññämiz.
Hasyly az berse,
ýerde günä ýok,
Oñ deregne günäkär biz - hemmämiz!

Atamyrat ATABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Руфь / Goşgular - 18.01.2022
A dream of Rosetta. Ship goes to Italy / Goşgular - 26.01.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Апельсинные цветы / Goşgular - 21.02.2022
Бахчисарай / Goşgular - 24.02.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
Uçur meni / Goşgular - 10.01.2022
Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]