22:08
Biz bilen... / ýumoreska
BIZ BILEN...

Geýim-gejimleri arassalaýjy bölümiñ kabulhanasy. Işikden bir zenan girýär.
- Meñ žempirime mürepbe damaýdy-da...
- Oñ ýaly zady kabul edemzok.
- Be, kim alýaka?
- Ony hiç kimem almaz.
- Be, men indi täp-täzeje žempirimi zyñaýmaly bormukam?
- Ol siziñ öz işiñiz.
- Onda siziñ işiñiz näme?
- Ynha, bu welin siziñ işiñiz däl. Siziñ başga-da tabşyrjak zatlaññyz barmy?
- Oglumyñ jalbarynam getirdim. Garagol syýa dökäýipdir.
- Biz syýany arassalamzok.
- Onda siz nämäni arassalaýañyz?
- Tutuş kir-kimir geýim-gejimleri.
- Meñki näme kir-kimir dälmi?
- Siziñkiler tegmilli zatlar ahyry.
- Tegmil näme kir-kimire girenokmy?
- Girýä... Ýöne biziñ diýýänimiz däl.
- Size onda nähilisi gerek? Men indi žempirimi tutuş mürepbä batyryp çykaraýynmy?
- Batyryberiñ. Ýöne mürepbe seven zady kabul edemzok.
Zenan getiren zatlaryny ýygnaýar-da, çykyp gidýär. Biraz wagt geçenden soñ ol eli kagyzly dolanyp gelýär. Şol kagyzam gapynyñ ýüzüne berkidýär.
- Siz näme edýäñiz?
- Bildiriş goýýan. Men bärik "Geýim-gejimleri arassalaýan bölüm diñe arassa zatlary kabul edýär" diýip ýazdym.
- Ine, muny oñarypsyñyz. Dogrudanam, arassa zatlary getirsinler. Onsoñ hapalamasy biz bilen!

Anna SOHRINA.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 107 | Добавил: Haweran | Теги: Anna Sohrina | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]