16:35
“Biwepa saýdylar wepadarymy...”

“BIWEPA SAÝDYLAR WEPADARYMY...”

Eý, dertli doganym!
Eý, gamly dostum!
Seň ähli derdiňi sen bolup çekdim.
Gursagyma ýerleşmedik duýgymy
Ajy syýa bilen kagyza dökdüm.

Syryny paýlaşdy eziz syrdaşym,
Biwepaň derdinden ýüregi dagly.
Ýene-de men özüm däl-de, sen boldum,
Hamana men il derdine adagly.

Ýadyňdamy, joram, haýyş edeniň
Galam bilen paýlaşmagy syryňy?!
Şonda saňa ýazan şygrymy okap,
Biwepa saýdylar wepadarymy.
Derdini ýeňleden eý eziz joram,
Sen bir meň şygryma düşün ahyry!

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 96 | Добавил: Pegas | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Karar / Goşgular - 24.03.2021
Встречал... / Goşgular - 16.04.2021
Daragt / Goşgular - 10.02.2021
Şahyrlara / Goşgular - 22.02.2021
Ejeme / Goşgular - 12.02.2021
Gözümde gözýaşyñ / Goşgular - 08.02.2021
Şahyrlyk borjy / Goşgular - 16.03.2021
Halypalyk / Goşgular - 03.06.2021
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
Всего комментариев: 3
0
3 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Indi düşnükli.Sag boluñ Garaýolly aga.

0
2 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Gyzylgül Annsgylyjowanyň bu goşgysy aýratyn mazmuna eýe. Şahyr özüne laýyk dostunuň, ýa~da özüni özüne çyn syrdaş hasaplaýan boýdaşynyň ( jorasynyň ) syryny~derdu-elemini öz ruhy älemine ýerleşdirip görýär.Has anygy,gam~gussaly dostunuň ,,obrazyna" girýär~de, onuň köňul hasratyny söze öwürýär.Özünuň arassa,kem~kössüz maşgala durmuşunuň ähmiýeti özgäniň durmuşunyň bişow şekiliniň kölegesinde galýar.Göňuläp aýtsak,liriki gahryman öz dostunuň elemli durmuşuna özuniň hoşwagyt durmuşuny gurban edýär.Bu ýagdaý syr alyşykly çyn dosta bolan wepadarlygyň berk binýadynyň suratlandyrylmasy bolupdyr bu ajap goşgy.

0
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Gynansamam düşünemok hemem awtor içki dünýäsine aşa berilse halamok.Köpçülige hödürlenenine görä köpçülige aýan bolaýjak zatlary geplese gowy şygyrda.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]