21:03
Bitaý horjun

BITAÝ HORJUN

Iki dogan ýogalypdyr bir günde,
Ýene bälçiräpdir degişgen pelek.
Ýazylmadyk kanun ýazylandan zor,
Ölüm — bir tüweleý, jan — bir kebelek.

Müň bir sypat lybasy bar ajalyň,
Bu gezegem dürli donly gelipdir.
Biri aç ölüpdir iki doganyň,
Beýlekisi aşa düşüp ölüpdir.

Bir gözi boş bolsa, bir gözi doly,
Horjun agman durup bilmez taýlaşyp.
Ikijegem diri gezip ýörmeli,
Iki dogan iýen bolsa paýlaşyp.

Şiraly NURMYRADOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 61 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Seniñ dünýäñ / Goşgular - 22.02.2021
Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Ömrüň ajap aýdymy / Goşgular - 02.02.2021
Gije motiwleri / Goşgular - 12.02.2021
Señ ýeriñ başga / Goşgular - 11.02.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Keramat / Goşgular - 14.02.2021
Seniñ äriñ gabanýar... / Goşgular - 15.04.2021
Mähriban / Goşgular - 04.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]