01:17
Birwagtlar Medinede ýewreýler ýaşardy...
BİRWAGTLAR  MEDİNEDE ÝEWREÝLER ÝAŞARDY…

Töwhid (ýekehudaýlyk) ynanjyna we pygamber ýörelgesine eýe bolandyklary üçin ýewreýleriň musulmanlyga  hoşniýetli göz bilen seretmeklerine garaşylýardy. Emma bu tersine boldy. Medineli ýewreýler bu täze çagyryşdan ilki çekindiler, soňra duşmançylykly pozisiýa girdiler.

*   *   *

Hezreti Muhammet (s.a.w) Medinelileriň çakylygy bilen bu şähere gelip yslam şäher döwleti gurulanda, bu ýerde musulman we müşrik araplar, ýewreýler we hristiýanlar ýaşaýardy. Olar bilen ylalaşyk baglaşyldy. Şoňa görä hem ýokarda ady agzalan toplumlar bir ýerde agzybir ýaşamaklary, jan, mal we din azatlygy gorag astyna alynmagy, aralarynda ýüze çykan düşünişmezliklerde bolsa Hezreti Pygamberiň häkim sypatynda höküm bermegi hökmanydy. “Medine Ylalaşygyny” hukuk öwrenijiler taryhdaky iň gadymy ýazgyly kodeks hökmünde kabul edýärler. Emma bu ylalaşygyň ömri gysga bolupdyr. Munuň birinji sebäbi, Medinedäki müşrik araplaryň musulmanlyga doly geçmegidi. Ikinjisine bolsa, ýewreýleriň ähtnama ikilik etmekleri sebäp boldy.

• Döwlet ýolbaşçysyna garşy dildüwşük

Rim imperiýaäsynyň golastynda galan Palestinadan göçüp gelen ýewreýler ilatyň ýarysyna golaýyny tutýardy. Dilleri  arapça we çagalaryna arap atlaryny goýarlardy. Artykmaç zehinleri we zähmetsöýerlikleri netijesinde çäksiz baýlyga eýe bolupdyrlar. Olaryň ýekehudaýlyk ynanjyna we pygamber ýörelgesine eýe bolandyklary üçin derhal iman getirmeklerine garaşyldy. Emma bu beýle bolmady. Ýewreýler bu täze çagyryşa ilki çekinjeň ýanaşdylar, soňra duşmançylykly pozisiýa girdiler. Yslamyýet ýewreýlere we hristiýanlara üns bererlikli ýakynlyk görkezýärdi. “Ehli kitap” diýip atlandyrylan bu jemgyýet hukuk taýdan musulmanlar bilen deňdir. Jan we mal howpsuzlygy, din we wyždan azatlygy gorag astyndadyr. Öldüren mallary iýilmäge we zenanlary bilen öýlenmäge rugsat berilýärdi.
Medinede Beni Kaýnuka, Beni Nadir ve Beni Kuraýza atly üç sany ähmiýetli ýewreý taýpasy bardy.  Medinäniň demirgazygyndaky Haybar galasynda hem ýewreýler ýaşaýardy. Kaýnuka diýmek galypçy diýmekdir. Olar Medine bazarynda söwda bilen meşgul bolaýrdylar. Nadir diýmek ýaşyl gülli ösümlik diýmegi aňladýar we bu taýpanyň hurma baglyklary bardy. Kuraýza deri eýlemäge ulanylýan ösümlige berilen atdyr. Bular deri eýlemek bilen meşgul bolýardylar.
Bedir ýeňşiniň yzysüre Medine bazarynda musulman bir zenana Kaýnuka taýpasyndan bolan bir ýewreýiň lak atmagy bilen gapma-garşylykly hadysalar ýüze çykdy. Netijede olaryň ýaşaýan raýonlary gabaw astyna alyndy. On bäş günden soňra boýun egdiler. Gabaw wagtynda ölen bolmady. Hemmesi Damaskyň golaýyndaky Ezriat diýen ýere göçdüler. Hezreti Pygamber (s.a.w) olara zerur iş ýüze çykan ýagdaýynda üç günden köp galmazlyk şerti bilen Medinä gelmeklerine rugsat berdi. Hendekde we Haybarda musulmanlara kömege geldiler.
Beni Kaýnuka taýpasynyň başyna gelenler Beni Nadir taýpasyny endişä goýdy. Olar mekge müşrikleri bilen gizlinlikde şertnama baglaşdylar. Hezreti Pygamberimizi myhmançylyga çagyryp janyna kast etmäge synanyşdylar. Beni Nadirli bir aýalyň ensar musulmanlarynyň arasynda muny dilinden sypdyrmagy netijesinde haýyn dildüwşük aýan çykýar. Musulmanlar beni Nadir taýpasynyň müklerini gabaw astyna alýarlar. Hezreti Pygamber (s.a.w) olary iman etmeklige çagyrýar. Kabul edenler bagyşlanýar. Galanlary bolsa, ýaraglaryndan başga bütin emläklerini alyp şäheri terk edýärler hem-de Ezriata, Haýbara göç edýärler. Hiç biri öldürilmeýär. Muňa garamazdan ýakyn taryhlarda hem döwlet ýolbaşçysynyň janyna kast etmäge synanşanlaryň ölüm jezasyna höküm edilýändigi bize mälimdir.

• Eşek kimin aňňyrmak…

Medinäniň bir ýüz segsen dört kilometr demirgazygyndaky bereketli Haybarda ekerançylyk bilen meşgullanýan köpçülikleýin we gurply ýahudy ilaty ýaşaýardy. Şol wagtlar gurakçylyk sebäpli, ysytma giňden ýaýrapdyr. Jahylyýet araplary olaryň bu ýerde nähili sagdyn ýaşaýandyklaryny soranlarynda, ýewreýler şäher gireniňde eşek kimin on gezek aňňyrmagyň gerekdigini aýdypdyrlar. Muňa araplaryň köpüsi ynanypdyr. Ýewreýler bolsa bu ýalan sözlere yannyp eşek bolup aňňyrýanlara hezil edip tomaşa edipdirler. Şol döwrüñ bir arap şahyrynyñ “Eşek kimin aňňyranymdan ysytmadan ölenim has gowugyr!” diýip ýazan setirleri saklanyp galypdyr. Haybarlylaryň Mekge müşrikleri bilen aralaryndan gyl geçmeýärdi. Hezreti Peygamber (s.a.w) bu howpdan dynmak üçin hijri 7-nji hijri ýylynda “Hudeýbiye Şertnamasy” arkaly tylyň howpsuzlygyny üpjün edip Haýbara hüjüm etdi. Haybarda ýigrimi müň muharib, sekiz müstahkem gala we mancınıklar vardı. Emma olar musulmanlaryň hüjüminiň öpünde durup bilmediler. Galalar yzyly-yzyna ele geçirildi. Halka ulag mallaryna ýükläp bilen emläklerini alyp gitmekde ýa-da goýup gitmekde öz isleglerine görä rugsat berildi. Haybaryň bir bölegine özygtyýarlyk berildi. Ýolbaşçylarynyň gyzy Safiýany Hazreti Pygamber (s.a.w) özüne nikalap aldy. Haýbaryň yzysüre Kura jülgesi we Fedek hem boýun egdi. Munuň netijesinde Ýemende we Omanda ýaşaýan ýewreýler hem hiç hili garşylyk görkezmezden yslam häkimiýetine girdi.
Beni Kuraýza ýewreýleri Medinä takmynan on bäş kilometr uzaklykda berk bir galada ýaşaýardylar. Beni Nadir taýpasy özlerini olardan ýokarda hasaplaýardy. Bir kuraýzaly bir nadirlini öldürse, hun alynardy, eger bir nadirli bir kuraýzalyny öldürse pul tölemek bilen ylalaşylardy. Hezreti Pygamber (s.a.w) bu deňsizligi aradan aýrypdyr. Emma kuraýzalylar akmaklyk etdiler. Nadirliler şertnamany bozanlarynda kuraýzalylar ýardama gelipdir. Nadirliler sürgüne iberilende bolsa kuraýzalylar bagyşlanypdy. Muňa garamazdan Hendek söweşinde şertnama ikilik edip Mekgelilere kömek etdiler we Medinä çozuş etmek üçin taýýarlandylar. Hendek söweşi gazany;andan soňra Beni Kuraýza taýpasynyň üstüne ýöriş edildi. Gala ele salyndy. Beni Kuraýzalylaryň erkekleri we aýallary ýesir alyndy. Olara özlerine bir araçy saýlap almak teklip edildi. Olar öňden bäri dostlukly gatnaşyk saklaýan Medineli Saad ibn Muazy (r.a) araçy saýladylar. Saad ibn Muaz “Töwrat” kitabyny oňat bilýärdi. Olara “Töwrada” görä höküm berdi. (Tesniýe, 20/10-16). Kuraýzalylaryň nägile bolup bilmejegi bir höküm arkaly erkeklere ölüm jezasy berildi. Çagalar we aýallar ýesir alyndy. Bu hadysa “musulmanlaryň zalymlygy” hökmünde ýewropalylar dillerine sena edindiler.  Taryhda bütin harby hereketlerde ýeňilenler ýesir edilýär. Orta asyrlar ýesirleriň tutuşlaýyn öldürilen döwrüdir. Yslam hukugy döwlet baştutanyna ýesirler babatda üç ýol salgy beripdir. Öldürmek, gullaşdyrmak we pul garşylygynda azat etmek. Ýesirleri öldürmek taryhyň dowamynda diňe musulmanlaryň ulanan ýoly bolmandyr. Eger bolan bolsady, Beni Kaýnuka, Beni Nadir we Haýbar ýewreýlerine garşy ulanylardy.

Ekrem Bugra EKINJI.

12.06 2013-nji ýyl.





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 593 | Добавил: Нawеran | Теги: Ekrem Bugra EKINJI | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]