18:17
"Bir ýerlerden sowuk şemal geldi-de..."
"BIR ÝERLERDEN SOWUK ŞEMAL GELDI-DE..."

Bir ýerlerden sowuk şemal geldi-de,
Girdi señ kalbyña sowuklyk bolup.
Bulut tutdy seniñ röwşen gözlerñi,
Ol indi ýagty däl,
örän bulanyk.

Indi görejiñde görünemok men
Ala gözleriñde öldüm-de, öçdüm.
Bakyşyñda bar niýetiñ görnensoñ,
Hiç zat soramadym,
Men saña düşdüm.

Dünýäde wysalam,
hijranam köne.
Durmuş bir oýunbaz
hem bizden ökde.
Unutmak añsatdyr öýdýänsiñ, ýöne,
Bilde yz galmaýar
Galýar ýürekde.

Ýürekde galan yz galýar dert bolup,
Derdi bolsa, aýlar-ýyllar bejerer.
Namartlygy ýeñmeli biz mert bolup,
Gynanaryn,
başga biri begener.

Goý, begensin,
Baky däldir şatlygam.
Gynanaýyn,
Baky däldir gam-gussa.
Biziñ ýaşap,
söýüp ýören ömrümiz
Ol bize geçmişden galdyrlan nusga.

Täzelik açamzok söýüp, söýülip,
Täzelik açamzok undup, undulyp.
...Bir ýerlerden sowuk şemal geldi-de,
Girdi señ kalbyña sowuklyk bolup.

Atamyrat ATABAÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Şahyryñ gyzy men... / Goşgular - 10.02.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]