21:18
Bir ýerlerde...
BIR ÝERLERDE...

Bir ýerlerde...
Bir ýerlerde öýjagaz bar:
Çyrasam bar, penjiresem,
Gapysy hiç gulplanmaýar,
Otaglara bölünmedik
Eýwany giň, gutarmaýar...
Bir ýerlerde öýjagaz bar.

Bir ýerlerde güljagaz bar:
Tikenem ýok, solanogam,
Sowuk sözem, ýalyn ýelem
Ony süllerdip bilenok.
Hakyt meň diýýän gülüm şol,
Hakyt meň söýýän gülüm şol.
Bir ýerlerde güljagaz bar.

Bir ýerlerde ýyldyzjyk bar:
Gijelerde, gündizlerde
Ýalkym saçýar, ýalkym saçýar.
Ony görüp bar ýyldyzlar
Hasam gözel nurun seçýär,
Tüýs meň diýýän ýyldyzym-da!..
Bir ýerlerde ýyldyzjyk bar.

Suraý BABANYÝAZOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
1
5 Gumlygelin   [Материал]
Goşgyny haladym.Üstünlik hemrañ bolsun Suraý!!!

-4
4 Mähriban   [Материал]
Salam, Kitapcy! Salam, saytyn hormatly agzalary we myhmanlary! Kitapcy saytyny doredip, su gunlere cenli sag-aman yoredip gelyandigi ucin Has Turkmene kop sagbol aydyaryn. Edyan sogaply isleri ucin Allajan ony yalkasyn! Sayta bireyyam agza bolanam bolsam, su caka cenli "gurlemeyandigimin" sebabi internede girmek mumkinciligimin caklidigi sebaplidir. Bu "dymmalygymyn" hacana cen dowam etjekdigi hem nabelli. Yone onler Kitapcysyz nadip yasap bilendigime gen galyan :-).
Gosgularyma yazyan teswirleriniz menin ucin juda gymmatly. Hasam kicijik gosgularyma uly uns beryandikleri ucin @Haweran, @mango, @myhman, @Garayolly, @Gumlygelin, @Hyyalkes we beyleki agzalara minnetdarlyk bildiryan. Yolunyz ak bolsun, mahriban Kitapcy we kitapcylar!

2
3 mango   [Материал]
hawa. Suraý hanym kiçijik zatlary (...jagazlary) araçy tutunyp, uly zatlaryň gürrüňini gozgasy gelipdir.
erkinje dilini hasam haladym.
başdaky agzaýan ol öýjagaz başga assosiasiýalaram berýär:
göz gabaklaryňy ýapyp (gapyňy gulplap) ol giň eýwanly, otaglara bölünmedik, çyraly, penjireli ((искусственный свет, естественный свет), hyýaly dünýäňde seýran etmek...
ýa-da gapyly, penjireli ýerlerini hasaba almasaň, ol öý çoganlydaky (ýa-da bir ýerlerdäki) barmaly öýüňem ýatladýar...
...ol öý çyraly bolsa gowy.
---
üstünlikler.

-4
2 Haweran   [Материал]
Iñ giñ (gutarmaýan eýwan-dalanly), owadan, baý, çuñ... dünýäler kiçijik, horaşaja, ümsümje öýjagazlarda bolar.
Çyrasy, penjiresi - ýagşy amal, gapysynyñ açary - ýagşy niýetiñ (gapysy niýetiñe görä açylyp-ýapylar).
Iñ süllermeýän, solmaýan, näzik, ynjyk, tikensiz gül - göwündir... ruhdyr... söýeniñdir... söýen ruhyñdyr...
Belki, añlatmak islän pikirleñ, gitmek islän çuñluklañ... has başgarakdyram. Emma şygyry okan hemme okyjy bir manyda düşünmän, tersine, herkim bir manyny, başga bir dünýäni açmalydyr.

Berekella, Suraý. Çuñ manyly goşgy (labyzly okaýan spikerlerimize okatsag-a hasam ajap bolar). Bu öwgi däl (oñyn bahany "öwgi", kemçilik bildirmegi "döwgi" saýma ýaly ýalñyş pikir etjeklere), ýönekeý syn. Ýazyp bilýän az sanly şahyralarymyzdan, dowamy gür bolsun. "Bir ýerlerde ýalkym saçyp dur."

1
1 mango   [Материал]
Öýjagaz.
Güljagaz.
Ýyldyzjyk.
Diýmek hemmesi kiçijek.

Öýjagaz.
Hemem gutarmaýan eýwanly.
Emma, kiçijek.
???

Güljagaz.
Tikensiz, solmaýan,
Süllermeýän, sowuga-ýalyna çydaýan.
Diýmek, güljagaz plasmass.
Gül bolsa tikenli, ysly, solýan, süllerýän… bolaýjak ýaly.

Ýyldyzjyk.
Ýalkymy gije görüner.
Gündiz?

Goşgujyk.
Gowja goşgujyk.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]