20:46
Bir türk aýdymçy
BIR TÜRK AÝDYMÇY

Birnäçe ýyl mundan öñ...
Erkan Özerman bilen Parižde tanyşdyk. Stambulda we Türkiýede ýaşan, özüni alyp barşy boýunça "köşkden çykma aristokrat" bardy garşymda...
Galatasaraý liseýiniñ uçurymy... Ýewropanyñ abraýly ýokary okuw jaýlaryndan Sciences Po (Институт политических исследований Париж) institytynda syýasat ugrundan, Sorbonne 8-nji Pariž uniwersitetinde (Университет Париж 8) sosiologiýadan okan, "Sungat işgäriniñ halka edýän täsiri" ady bilen doktorlyk dissertasiýasyny goran giñ gözýetimli intellektual bardy garşymda...
Radio işgäri, žurnalist, festiwallara guramaçylyk edýän show-business bardy garşymda...
Iñ soñky gezek... Izzet Çapa-Gülsüm Sami jübütleriñ Enriko Masias bilen bilelikde geçen sýurpriz doglan gününde sataşdyk, surata düşdük...
Iki hepde öñ... Ertugrul (Özkök) abiniñ makalasynda okapdym: Erkan Özerman ýakyn dosty Dario Moreno hakda gürrüñ berýän kitap ýazan eken: "Izmirli Dario".
Ertugrul abi kitaby bir demde okap, biziñ hemmämize, žurnalistleriñ dili bilen aýtsam, "habar atypdy".
Kän wagt geçmänem Erkan Özerman jañ etdi:
"Awtograf ýazyp ugradan kitabym saña gowuşmady?"
Gynansak-da, heniz gowuşmady. Kitabyñ gelerine garaşyp durman, kitaby satyn aldym. Menem bir demde okadym. Çünki:
Sahyplaryny agdardygymça saz we kino dünýäsinden şeýle bir täsin maglumatlar öwrendim welin, elimden goýmadym...

• ÇEPÇI ÝYLDYZ

Dario Moreno (1921-1968)…
Ol hakda bilýänlerimiz neneñ az eken. Hawa, Türkiýede häzirem köp sanly fransiýalylar ýaly ony meksikalydyr öýdüp ýören kän!
Ýogsam bolmasa ol:
Aýdynda doglan, Izmirde ulalan, harby gullugy Akhisarda eden, Stambul we Ankara klublarynda, kazinolarynda işlän, Müzeýýen Senaryñ "Oglum, seniñ ýeriñ bäri däl, señ ýeriñ Ýewropa" sözi bilen müñ bir kynçylygy aşyp dünýä ýyldyzy bolan sefarad jöhidi...
Erkan Özermanyñ bu kitaby ýazmagynyñ düýp maksadam, onuñ "meksikalydygy" baradaky ýalñyş pikiri düzetmek.
Kitabyñ ady şoñ üçin "Izmirli Dario"...
Kitap şoñ üçin fransuz dilinde-de çap edilmeli...
"Ýetimler ojagyndan" (“Nido de Guerfanos”), toý aýdymçysyndan dünýä derejesinde tanalýan parlak ýyldyzy bolýança geçen ýoly kä gamlandyrýar, kä tolgundyrýar...
Şübhesiz, Dario Moreno beýik şan-şöhrata sesi bilen ýetdi. Emma...
Şol bir wagtyñ özünde otuz bäş çeper filmde suratda düşdi. Mysal üçin, Brižit Bardo bilen bile surata düşen "Meniñ bilen tans etjekmi?" çeper filmi bulardan biri...
“Le Salaire de la Peur” ("Gorkynyñ tölegi") çeper filminde Iw Montan bilen surata düşdi.
Erkan Özerman Dario Morenonyñ juda husyt adam bolandygyny degişmä salyp aýdýar. Emma "garsonlara geregindenem artyk pul eçilendigini" ýazýar.
Munuñ sebäbini Dario Moreno şeýle düşündirýär:
- Biz "Le Salaire de la Peur" çeper filmine düşüp bolandan soñ Iw Montan bilen bir wagona mündük. Bilýänsiñiz, Iw Montan çepçidir (sosialist). Onuñ otlyda garsonlara göwnaçyklyk bilen ep-esli pul paýlandygyny gören Montanyñ şol gün bize aýdan: "Bu zähmetkeşlere göwnüñiziñ joşanyndan has känini beriñ" diýeni pent bolup galdy..."

• JHP-DP ÝARANLYGY

Fransiýa aýdym-saz sungatynyñ ýokary gatlagy Gündogardan gelen Şarl Aznawur, Dario Moreno, Adamo, Mustaki ýaly sesleri “brise” (gyryk) görüp, halamaýarmyş.
Ilkibaşda Dario Moreno üçinem "Parižde azançy sesiniñ näme işi bar" diýipdirler...
Edit Piaf Aznawur üçin “Turuñ, ýör gideliñ, hem üstünden güleliñ, hem aýdym nähili erbet aýdylýar, tomaşa edeliñ" diýermiş... Soñ hemmesi öwrenişip gidipdir. Hawa, hatda Edit Piaf ilki Aznawur bilen, soñ Mustaki bilen halaşypdyram!
Ýene bir "brise" ses Enriko Masiasa Parižde arka duran, oña parlak ýyldyz bolmagyñ ýoluny açan Dario Morenody...
Nämeler ýok kitapda:
Darionyñ türkçe bolsun, fransuzça bolsun, tapawudy ýok, aýdan ähli aýdymlaryny Tanžu Okandan başga hiç kime berenokmyş...
Zeki Müren ikisi biri-birine göriplik edýärlermiş...
Stambuldaky gep-gürrüñlerden Ismet Aýyñ üsti bilen habarly bolýarmyş...
Erkan Özerman Ankarada "MET" atly klub açýar, şärikdekleri-de JHP-niñ baş sekretary Kemal Satyryñ ogly Mustapa bilen DP-niñ deputaty-ministr Kemal Zeýtinoglynyñ ogly Tolga! JHP bilen DP-niñ gije durmuşynyñ birikýän ýeri...
1968-nji ýylyñ 1-nji dekabry.... Dario Moreno Parižde Žak Brel bilen Don Kihot mýuziklinde oýnamak üçin Stambuldan gidip barýarka, "Ýeşilköý" howa menzilinde dawa-jenjel döräp, gan basyşy ýokarlanyp beýni ganamasyny geçirdi we aradan çykdy...
Ysraýyla göçen ejesi oglunyñ Holon şäherinde jaýlanylmagyny isledi...
Bize Dario Morenonyñ gymmatyny açyp görkezen Erkan Özermana näçe minnetdarlygymyzy bildirsegem az bolar...
Hawa, Dario Moreno bir türk aýdymçysydyr.

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 16.07.2021 ý.




Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 75 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 spesnazmen   [Материал]
Gökböri Sözcü-de işleýäňmi sen ? Žurnalistmy ?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]