10:14
Bir tanşymyñ buşlaýan zady hakda
BIR TANŞYMYÑ BUŞLAÝAN ZADY HAKDA

Bir tanşym bar,
Her gün säher til edýär,
Ilki saglygymy soraýar irmän,
Soñra bolsa agy goşýar sesine:
"Eşitdiñmi?..
Eşden dälsiñ, wah, arman..."

Ýetişýär kalbyma uly howsala,
Meniñ ol tanşyma geregem şol-da!
Diýýär: "Ýüreginden tutupdyr onuñ,
Ýogsa, öler ýalam däldi ol walla..."

Sagat ikide ýa üçde jaýlanjak,
Barawergin!
Birigünem üçüdir..."
Günde bolmasa-da,
Günaşa şeýle,
Şu hasratym onbäş ýylyñ içidir!

Şum habary til edende ilkiler,
Dogrudan ol gynanýandyr öýderdim.
Toý hiç,
Ýasa barmak meniñem borjum,
Diýip, oña sag bolsunam aýdardym.

Bir gün däl, on gün däl,
Bir ýyl däl, indi
Şol tanşym til etse, tutulýar dilim.
Birjigem ol gynananok ölüme,
Ölüm bilen gorkuzýar, zalym!

Ýeri, şonsuzam-a gam-gussa ýetik,
Şonsuzam-a gyzygy az dünýäniñ.
Indi zeýrenmäýin,
Ýene şol zalym
Ir bilen til eder bilse ýanýanym...

Nury BAÝRAMOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 44 | Добавил: Haweran | Теги: Nury Baýramow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..." / Goşgular - 21.03.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
"Nätanyş zenan" atly suratdaky zenana / Goşgular - 12.02.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Sen / Goşgular - 28.10.2021
Hat gatnadýan kepderi / Goşgular - 08.02.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]