07:58
Bir pursatlyk oýlanma
BIR PURSATLYK OÝLANMA

Dünýäň bir bölegi Aýdan ýasalan,
Bir bölegem Günden.
Dünýäň bir bölegi gaýdan ýasalan,
Bir bölegem gülden.

01.11.2015.

• DÄLINIŇ BELLÄNI...

Akylly bir kitap bermek saňsara,
Dälä jöwher pyçak beren ýalydyr.
Soň däninim,
Işin görer kelläniň.

Togalar çal kelläňi,
Togalar meň kellämi.
Bi däninim,
däliniň bir belläni...

01.11.2015.

• SAŇSAR BIRI

(degişme äheňli çyn)

Saňsar biri ýazyp bir oýnam setir,
Seňrigini ýygryp bakdy Kerime.
Ýunus Emrä,
Mollanepes, Keminä...

Saňsar biri ýazyp bir oýnam setir,
Seňrigin ýygyrdy Gurbannazara.
Hem ýylgyryp bakdy seňrigin ýygryp,
“Gel, obamyň lälesini” ýazana...

01.11.2015.

• HER BENDÄŇ...

Her bendäň birhili ölümi bolýar,
Tarpa-taýyny ýa zulumy bolýar.
Ölenleň içinde alymy bolýar,
zalymy bolýar.
Hem
Jahyly bolýar,
Tahyry bolýar...
Kim bolsaň bol,
Ýöne
Ahyry bolýar...

07.11.2015.

• IÇ GEPLETME

Araga dil bitirdiler,
Ýaraga ýol ötürdiler.
Gadym halyflar diregi-
Yraga el göterdiler.
Hem külli türkmen ýüregi –
Pyraga dil ýetirdiler...

• AÝDYM BAGYŞLAN GYZYMA

Waspyn eden gyzym menden uzakda.
Gör, nirede duzakda?
Durna deýin uçup giden ýaşlygym
Ýadymdan çykmajak sene bolupdyr.
Ýaşlygymda aýdym bagyşlan gyzym
Ene bolup galypdyr...

03.03.2016.

• GÖZÜM GIDÝÄR...

Gözüm gidýär ýöräp bilýän adama,
Gözüm gidýär görüp bilýän adama.
Gözüm gidýär ýene meniň köp zada,
Janlarym, garrap ýörmükäm ýa-da?!.

07.06.2016.

• GÜLKÖWSERE

Gülköwser gyz şahyrlaryň ylhamy,
Gülköwser gyz bagşylaryň gül heňi.
Iň esasam, dermançy gyz Gülköwser
Ýunus begiň, goç ogulyň melhemi.

02.08.2016.

• BENT

Şo gözeli görmek bagt,
Görmek bagt şo gözeli.
Şeýle bolmadyk bolsady,
Menem ýazmazdym gazaly.

09.09.2016

• AÝAL HAKYNDA

Aýal gyşdyr-diýdiler,
Aýal ýazdyr-diýdiler.
Aýal tomus -diýdiler,
Aýal güýzdür- diýdiler.

Garaz, aýal hakynda,
Durmadylar çakyňda.

Aýala bet- diýdiler,
Aýal şerbet- diýdiler...

25.09.2016.

• AGAÝUNUSYŇ GÖROGLYNYŇ MAZARYNYŇ
BAŞUJUNDA AÝDANY


Barça kişi geýinmişdir ýaşyl, ala, garany,
Il içinde gep gezdirýär çyna berip ýalany.
Ylaýhor leşgerin ýygnap, sürnüp gelýär Leke şa,
Eý, waý, indi kim gorasyn oguz guran galany.

12.11.2016.

• JANYÝANGYN BIR ATANYŇ AÝDANY

Zannyýaman puşmanydyr, agtygym,
Bet päliniň paşmanydyr, agtygym.
Atany köýdüren, enäni ýakan-
Duşmanymyň duşmanydyr, agtygym.

13.11.2016.

• BIR GÖRSEŇ...

Bir görseň-ä däli ýaly,
Bir görseňem doly ýaly.
Märekede gep uruşy
Çingiz hanyň döli ýaly.

Bir görseň-ä kemsik ýaly,
Agzyndaky emzik ýaly.
Bilip bilmez hiç kim ony –
Gülýämi ýa hamsygýamy?!

Bir däl, on däl... bir görseňi,
Garaz, gülki her görseňi...

06-10.11.2016.

• OŇA HÄSIÝETNAMA

Ogry dýeni ogry däl,
Dogry diýeni dogry däl.
Batyr diýeni san,
Şatyr diýeni han.
Däli diýeni doly,
Doly diýeni loly...

12.02. 2017.

• BENT

Kimleriň kimlerde wagty,
Kimleriň kimlerde tagty.
Kimleriň kimlerde bagty,
Kime tüm, kimlere ýagty...

17.06.2017.

• HARSYDÜNÝÄ

Nebisden ezýet çeken,
Eý, köpeý ogly!
Çyksa eger takga janyň,
Kime galar ýygnan malyň?

Erkiň bolmaz hiç bir zada,
Malyň nesip eder ýada.
Täzelik däl bu aýdanym,
Bu aýdanym öňden kada...

18.02.2017.

• "HERKI ZADYŇ...“

Herki zadyň öz döwri bar,
Öz höwri bar.
Gelmegiňem öz wagty bar,
Gitmegiňem öz wagty bar.
Gaçmagyňam öz wagty,
Göçmegiňem öz wagty.
Öz wagty bar utulmagyň,
Utmagyňam öz wagty.
Nädeýin başyň agyrdyp,
Herki zadyň öz wagty bar,
Öz bagty bar.

23.07.2017.

• BENT

Bite bit diýmek lazym,
Ite it diýmek lazym.
Pähime gulak goýsaň,
Göte göt diýmek lazym.

08.07. 2017.

• BENTLER

Hemişe Gün ýakyp durmaz,
Hemişe Gül bakyp durmaz.
Hemişe suw akyp durmaz,
Hemişe guw ganatyny
Kakyp durmaz...

29.05.2017.

***

Görüp käsin,
Diýýäň: “Gurluşy täsin!“
Hem diňläp käsin,
Berýärsiň „häsin“...

30.05.2017.

***

-Nireden gelýäň?
-Behiştden gelýän!
-Ugur nirä?
-Behişde!
-Geliş nirden?
-Dowzahdan!
-Ugur nirä?
-Dowzaha!

04.06.2017.

• AK GOŞGY

Käte sesiň eşidýärin asyrlaryň jümmüşinden,
Hem diýýärin öz-özüme:
"Bu ne gudrat, bu ne ahwal?“
Togrul beg gezen sähranyň,
Eşidýärin hüwdüsini.
Duşmanyna gylyç salan,
Bir gerçegiň enesiniň,
Geňleýärin agysyny...

11.06.2017.

• BENT

Ölmejek bolup ýaşadym,
Ýaşadym ölmejek bolup.
Çarhy pelek hasratyna
Göz ýaşym sylmajak bolup...

29.08.2017.

• PELSEPE

Gideninde aglana,
Duşmadym keýp çaglana.
Bu ahwala aglaň-a!
Sözümi diňleýän ýok.

Altmyş dokuz ýaşda men,
Göwnüm bürgüt guşda meň.
Bu sözümi eşdemiň?
Özüňi geňleýän ýok...

30.08.2017.

• BENT

"Aňkaw-la“ diýip, meni,
Her gün oýnajak bolýaň.
Hem „erbet adam eken“,
Diýip, meni oýlaýaň...

25.10.2017.

• BIR KIŞÄ

"Öldi“ diýen habaryňy eşitmän,
Gitsem, bu dünýäde armanym bolar.
Men ganhor däl, ganhor diýip oýlama,
Maslygyň guşlara dermanyň bolar...

22.10-13.11.2017.





Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Söýün aga / Goşgular - 29.05.2021
Redaktor bilen düýşdäki söhbet / Goşgular - 18.03.2021
«Bu dert mugt berlenok, alnanok satyn—Ony ilden çykyp, gazanyp bolýa...» / Goşgular - 06.01.2021
Ynjynma / Goşgular - 23.03.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021



Всего комментариев: 4
0
4 sabyrly   [Материал]
Gowy setirler bar eken. Galamyňyz ýiti bolsun!

Nireden gelýäň?
-Behiştden gelýän!
-Ugur nirä?
-Behişde!
-Geliş nirden?
-Dowzahdan!
-Ugur nirä?
-Dowzaha!

Şuňa düşünmedim:
Behiştden gelip behişde, dowzahdan gelip dowzaha?

0
3 Taryhçy   [Материал]
"Pähime gulak goýsañ,
Göte göt diýmek lazym"

Erkek söz! :)

0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Goşgulañ hemmesem gowy eken,Allaýar aga!Galamyñyz ýiti bolsun!

0
1 mango   [Материал]
Ýaşlygymda aýdym bagyşlan gyzym
Ene bolup galypdyr...

gowy setirler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]