19:15
Bir pursat hakynda goşgy
BIR PURSAT HAKYNDA GOŞGY

Edil ýañja şowsuzlyga uçradym
Urana döndi-de birden ýyldyrym
Gurban bolan arzuwlarym gujaklap
Gelýän tutuş durkum bilen ýylgyryp.

Bilmeýänler diýýär "Bir bagty çüwen "
Dälirändir öýder, bilenler welin
Ýañja çalynany üçin tyg heniz
Agyranok bagrymyñ dilinen ýeri.

Ýa-da mañlaýyma sygdyrylany
Bilemokmy akylyma sygdyryp,
"Edil beýdäýesi ýok ahyr " diýip
Gelýän tutuş durkum bilen ýylgyryp.

Gülnar BAÝLYÝEWA.

"Garagum " zurnaly, 12/2013.





Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Елена_Прекрасная | Теги: Gülnar Baýlyýewa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
Ýadygärlik galsyn / Goşgular - 23.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Maslahat / Goşgular - 25.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022



Всего комментариев: 4
0
Hawa şy gyz govy yazyar ekeni. Bilmedim name boldy, yitdi özä. Daşoguzdan bi.

0
4 Taryhçy   [Материал]
Ýene diñläli-dä onda?)

0
2 Allanazar   [Материал]
Oňat goşgy.

0
1 Alaýabyly   [Материал]
Bir gowja goşgy ken

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]