13:50
Bir goşgynyň taryhy...
BIR GOŞGYNYŇ TARYHY...

Geçen asyryň 90-njy ýyllarydy. Biziň mugallymçylyk mekdebimize Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dilçi alym hem-de uly mugallym Hydyr Derýaýewiň adyny dakmak dabarasy geçirildi. Dabara döwletimiziň dürli künjeklerinden tanymal adamlar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Hydyr Derýaýewiň ogly, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Eziz Derýaýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Atamyrat Atabaýew dagam bardy. A.Atabaýew Hydyr Derýaýew baradaky gyzykly gürrüňlerinden soň, täze ýazan goşgularyny okap berdi. Şol ýerde, Atamyrat Atabaýewiň bir mekdepde bileje okan synpdaş ýoldaşy Kakabaý Rozyýew diýen mugallymymyz onuň 1963-nji ýylda Mary etrabynyň şol wagtky “Pagtaçy sesi” gazetinde çykan “Sen-sen” goşgusynyň ýetginjek oglan-gyzlaryň dilinden düşmän, il içine ýaň salandygyny ýatlady. Bizem, ur-tut, şahyrdan şol goşgyny okap bermegini haýyş etdik. Şahyr Atamyrat Atabaýew ol goşgyny ýadyndan çykarandygyny aýdyp, ötünç sorady... Ondan bärem 30 ýyl geçdi. Ýaşlyk endigim boýunça göwnüme ýaran gazet-žurnal materiallaryny ýygnap goýýan arhiwimi dörüp otyrkam, “Sen-sen” goşguly gazet bölejigi öňümden çykaýdy. Onsoň ýokarky waka ýadyma düşüp, diňleýjileriň bitmän galan islegini indi men bitiräýsem diýen höwes döredi. “Hiçden-giç ýagşy” diýipdirler.

SEN-SEN

Gözlerimiň görenine ynanýan,
Sen Aýam däl,
Günem.
Ýönekeý bir gyz,
Görmän gözellige bolmaryn höwes,
Bu juwan kalbymda galdyrdyň sen yz.

Ýaňaklaryň alma-da däl, naram däl.
Alkymyň ak, ýöne welin garam däl.
Uzyn saçlaň gara, ýöne maram däl,
Seň kalbyň owadan, şonuň üçin sen,
Nakys gözellige görke zaram däl.
Sen ýönekeý bir gyz. Sadaja bir gyz.
Seniň sadalygňa edýärin höwes,
Bu juwan kalbymda galdyrdyň sen yz.

Lebleriň balam däl ýa-da şeker däl,
Yssa-sowga ýarylypdyr dodaklaň.
Gaşlaryny çyzyp, dodagyn boýap,
Özün bezäp ýören şeýle “Uzam” däl,
Sada bir işeňňir, kolhozçy gyz sen,
Bu juwan kalbymda galdyrdyň yz sen.

Seniň elleň pagta-da däl, pamygam,
Ýöne pagta ýygýar atyzdan pelden.
Näzik bolmasa-da gujurly elleň,
Kem däldir pagta dek,pamyk dek elden.
Men-ä işden gelýän agşamaralar,
Senem işden gelýäň ýuwaşja ýöräp,
Uzyn gara saçlaň başyňa orap,
Solan ýaglygyňy daňyp çümreräk,
Aýagyňda köwüş, ýönekeý jorap.
Diýmek sen Aýam däl,
Günem.

Görküň sadalykda,
Eý, ýönekeý gyz!
Gözlerimiň görenine ynanýan,
Görmän gözellige bolmaryn höwes,
Bu juwan kalbymda galdyrdyň sen yz.

Taýýarlan: Ata TARHANOW,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň taryh mugallymy.

Çeşmesi: «Maru-şahu Jahan» gazetiniň 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda çykan №111 (16455) sany.
Категория: Goşgular | Просмотров: 54 | Добавил: mango | Теги: Ata Tarhanow, Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]