20:46
Bir ertekiniñ ýüz ýazgysy
BIR ERTEKINIÑ ÝÜZ ÝAZGYSY

(ýa-da Gabriel Garsiýa Markesiň döredijiligine gysgaça syn)

Ýazyjy Gabriel Garsiýa Markesiň döredijiligi ertekinem hakykat ýaly kabul etdiribilýändigi bilen tapawutlanýar. Eýsem, şeýle hadysa mümkinmi, eger mümkin bolsa, onda nädip?! Şol bir ertekini aňry gitse on gezek diňläp bolar, ýöne her gezek diňläniňde, ol başgaça mazmunly erteki bolsa, şol bir ertekini diňleýändigiňe şübhelenip ugraýarsyň. Bolmasa ertekidäki gahrymanlaryň häsiýetleri, hereketleri öňki bolşundan asla üýtgänogam. Beýleki ýazyjylar tema, obraz, galyberse-de, beýan edýän wakasynyň mazmun dürlüdigi taýdan Markesden tapawutlanýarlar. Haýsydyr bir ýazyjynyň döredijiligine tutuşlaýyn baha berýän wagtyň onuň gahrymanlary bazardaky adamlar, gahrymanlaryň hereket edýän ýeri bolsa bazar ýaly bolup görünýär. Şol bazaryň içinden bir gahrymany okyja görkezmek üçin ýazyjy ony dürli hili ideýa ýaraglary bilen ýaraglandyrýar. Netijede, müňlerçe bazardaky adamlaryň içinden onlarça taawutly adamlar göze ilýär. Olaryň her birisi hem aýry-aýry bazarlarda ýaşaýarlar, olaryň her biriniň bir eserlik ömri bar. Markesiň döredijiliginiň tapawutly tarapy onuň gahrymanlarynyň şol bir bazaryň içinde gezýändigidir, ýagny wagt, çäk, giňişlik ýaly düşünjeler ýazyjynyň gahrymanlary üçin döredilmändir, olar wagtdan hem giňişlikden üzňe ýagdaýda hereket edýärler. Olar şol bir bazaryň içinde ýaşaýarlar we iň geň galdyrýan ýeri hem biri-biri bilen häsiýetlerini, sözlerini çalşyp durýarlar. Ýazyjynyň meşhur “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanynda Hose Arkadiýonyň Pilar Ternerany gözläp ýörkä, arkaýyn hor çekip ýatan adamyň beýle tarapyna öwrülende: ”Üçünji gündi” diýip samyrdamagyny eşitmegi onuň “Sadaja Erendira we onuň doňýürek enesi hakynda ynanyp bolmajak gamgyn hekaýat” diýen hekaýasynda hem gaýtalanýar, ýagny şol hekaýada hem Erendiranyň doňýürek enesi uklap ýatyrka, öz ýadynda galan bir wakasynyň wagtyny samyrdaýar. Görşümiz ýaly, iki wakada-da gahrymanlar düýşünde haýsydyr bir wakanyň wagtyny aýdýarlar we şu proses ýazyjynyň “Polkownige hat ýazýan ýok” diýen powestinde-de gaýtalanýar. Markesiň gahrymanlarynyň ählisi diýen ýaly onuň beýleki eserlerinde-de hereket edýär. Ýazyjynyň “Rehimli aldawçy, täsinlik satyjy” atly hekaýasyndaky baş gahryman onuň “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” diýen romanyndaky Melkiadesiň prototipidir. Melkiadesiň bolsa Bibliýadaky şol ady göterýän şeýtanyň obrazy bolaýmagynyň ähtimaldygy baradaky derňewler bar. Umuman, günbatar edebiýatynda käbir bilimli adamy şeýtandan sapak alan (meselem, “Faust” tragediýasy) hökmünde görkezmek däbi ýörgünli. Olaryň beýan edýän obrazy biziň şeýtan baradaky primitiw göz öňüne getirmelerimizden düýpgöter tapawutlanýar. Eger biziň aňymyzda bu obraz absolýut erbetligiň merkezi hökmünde janlanýan bolsa, günbatar edebiýatynda oňa ikitaraply nukdaýnazardan çemeleşýärler. Ol adamlara bilim beriji, dünýäniň syrlaryny açyjy, zatlaryň gurluşyny öwrediji bir obraz hökmünde işlenilen ýerleri bar. Ýöne ol öz edýän ýagşylyklary üçin muzdam alýar. Bilim öwretmek bilen gowulyk, bilmekligiň bahasyny soramaklygy bilen erbetlik edýän bu mifiki obrazyň paradoksal taraplary ýazyjy G.G.Markesde-de birmeňzeşräk. Ol bir zadyň iki başlangyjynyň bardygyna we olaryň biri-biri bilen ekizdigine esaslanyp, Melkiadesiň obrazyny beýleki eserlerinde hem dowam etdiripdir. Melkiades ylym öwrediji, täsinlik görkeziji, bir söz bilen aýdanyňda “gözüňi açyjy”, ýöne şol bir wagtda-da her bir täsinligi üçin hak alyjy, peýda görüji sygan. “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanynda ýazyjy syganlaryň oba getiren iň soňky täsinligi hökmünde uçýan batbörek getirmeklerini suratlandyrýar, şondan soň syganlar Makonda atly oýlanyp tapylan obajyga täzelik getirmeýärler. Eger Makondany tutuş dünýäniň bir obada jemlenmegi diýip alsak, onda uçmaklygy öwrenen adamzat üçin mundan aňyrda täsinligiň bolup bilmejekdigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek, şol sebäpli olary täsinlik görkeziji hökmünde janlandyrmak zerurlygy aradan aýrylýar.
G.G.Markesiň eserlerinde abstrakt düşünjeleriň adam keşbinde, adamlaryň bolsa abstrakt düşünjeleriň keşbinde suratlandyrylýan wagty az däl. “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanynyň üsti bilen meşhur bolan Hose Arkadiýo Buwendiýanyň keşbi onuň “Örän uly ganatly gaty garry adam” diýen hekaýasynda hem bar. Ol “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanynda Melkiadesden öwrenen zatlaryny amal etjek bolup ýören, dünýäniň syrlaryny bilmäge çalyşýan, soňlugy bilen dälireýän gahryman. Ýokarda ady agzalan hekaýada şol gahrymanyň soňky durmuşy beýan edilýär. Biz romanda Hose Arkadiýo Buwendiýanyň öz eden açyşlaryndan ýaňa däliräp, howludaky kaştan agajyna daňlan ýagdaýda doly ýalňyzlyk içinde aradan çykyşyny bilýäris. Ol soňabaka gürlemekden galyp, dünýä bilen aragatnaşygyny kesipdi. Onuň aýdýan üzlem-saplam sözlerine, hatda, aýaly Ursula Iguaranam düşünmesini goýýar. “Örän uly ganatly gaty garry adam” äpet ganatly goja hekaýasynyň baş gahrymany hem gürläp bilmeýän, dünýä bilen seri bolmadyk adam. Şu ýerde okyjyda onuň “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanyndan uçup baran Hose Arkadiýo Buwendiýadygyna birjigem şübhe galmaýar. Hekaýada romandakydan tapawutlylykda baş gahryman ýaşajagyny ýaşan garry adam, bu ýerdäki garrylyk haýsydyr bir ösüşiň simwoliki beýan edilmesidir. Şol ösüş adamlaryň ynanç-ygtykatynyň nähili ýaşaýandygynyň garrynyň üsti bilen beýan edilmesidir. Ol ynanjyň iň soňky günlerini ýaşaýandygyny baş gahrymany garry etmek bilen, oňa hiç kimiň düşünmeýändigini garrynyň towuk ketege salynmagy bilen, adamlaryň diniň kadalaryny amal etmekden geçen, gaýtam, olara tomaşa gerekdigini towuk ketekdäki garryny görmäge gelen mähelläniň üsti bilen suratlandyrýar. Hekaýa boýunça ganatly garry adam mukaddes kanunlaryň jemlenmesi. Edil pygamber-
leriň adamlara mukaddes kanunlary öwretmek üçin asmandan ýere inişleri ýaly ganatly garry hem bir gün asmandan ýere inýär. Onuň näme diýýändigine hiç kimiň düşünmeýändigini adamlaryň öz ynanjyna düşünmeklerini goýandygy bilen aňlatmak mümkin. Şeýle bolansoň, ganatly garry adama diňe birwagtky beýikligini alamatlandyrýan ganatlaryny kakaýmak galýar. Öý eýesiniň aýaly asmandan düşen, hiç hili gepläp bilmeýän garryny towuk ketege salyp goýýar. Wagtyň geçmegi bilen oňa tomaşa etmäge gelýänleriň köpelýändigini görüp, her gelenden, garryny görmek üçin pul almaga başlaýar. Adamlar öz ynanjy üçin pul tölemäge mejbur bolýarlar we olar deregine hiç hili kömegem alyp bilmeýärler. Sebäbi ganatly garry adam perişdä meňzeýän bolsa-da, ol adamlara perişdelik kömegini etmeýär. Ynanmak üçin diňe pul tölemegiň ýeterlik däldigini, ynanmak üçin puluň däl-de, ýüregiň gerekdigini ýazyjy şeýle usul bilen beýan edipdir. Hekaýanyň iň soňunda ganatly garry adam yzyna – asmana tarap göterilýär, sebäbi indi oňa adamlaryň arasynda galarlyk iş ýok. Ýazyjynyň beýleki eserleriniň köp gahrymanlary “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanyndaky gahrymanlar bolansoň, roman bilen tanyş okyjy üçin olary tanamak kynçylyk döredenok. Onuň gahrymanlarynyň şol bir obrazy saklaýjylygy ýazyjynyň ussatlygyndan habar berýär. Şeýle obrazlaryň ýene biri Hose Arkadiýo Buwendiýanyň aýaly Ursula Iguarandyr. Hose Arkadiýo Buwendiýa Makondany esaslandyryjy, ýagny ýazyjynyň gahrymanlarynyň atasy bolsa, Ursula Iguaran ähli zadyň enesidir. How ata bilen how enä çalym edýän bu gahrymanlaryň ömri romandan daşary hekaýalarda jemlenipdir. Ursula Iguaran “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanynda wepaly, sebäbi öz adamsyndan başga erkek adam bilen gatnaşmadyk, asylly, sebäbi bozuk meýillere berilmedik, talabediji, sebäbi maşgalany berk düzgün-tertipde saklan, ýukaýürek, sebäbi Buwendiýalaryň özünden başgalara-da (ýagny öz ganlaryndan bolmadyklara-da) maşgalada ýaşamak hukugyny beren, adalatly, sebäbi islendik jedelde diňe adalatyň tarapynda duran zenan hökmünde suratlandyrylýar. Ol Buwendiýalaryň maşgalasynda iň köp ýaşaýan zenan, onuň hemme zatda eli bar. “Zenan ojak başy” diýen kesgitleme esasynda ulalan türkmen okyjysy üçin Ursula Iguaran hasam tanyş obrazdyr. Biz romanda onuňam garran halynda aradan çykyşyny bilýäris. Ýazyjynyň “Baýry enäniň jaýlanyşy” atly tragiki hekaýasy hem Ursula Iguaranyň ölmi bilen bagly hekaýadyr. Ýokarda belleýşimiz ýaly, ýazyjynyň eserlerinde adamlar abstrakt düşünjäni aňlatmagyny goýanok. Şeýle bolansoň, ýazyjy Ursula Iguaranyň üsti bilen birwagt jemgyýetden ýok bolup giden hristian prinsipleriniň we şol prinsipler esasynda döwlet dolandyrmagyň “jaýlanşyny” beýan edipdir. Biziň hekaýa tragiki diýýänimiziň sebäbi hem ýazyjynyň bu ýagdaýa örän gynanýandygyny duýýanymyzdan gelip çykýar. Hose Arkadiýo Buwendiýa-da, Ursula Iguaranam, polkownik Aureliano Buwendiýa-da ýazyjynyň zol-zol gaýtalap duran ýalňyz gahrymanlarydyr. Bu ýalňyz gahrymanlaryň konsepsiýasy artmasa kemelenok. Ýalňyzlyga höküm edilenleriň şejeresi baradaky kitap bolan “Ýüz ýyl ýalňyzlykda”okyjyny iň geň galdyrýan, ýagdaý, megerem, olaryň ýalňyzlygy bolsa gerek. Ýazyjynyň eserlerinde hemişe diýen ýaly ýagyş ýagýar. Markes eserlerindäki gahrymanlarynyň tapawutly tarapy hökmünde olaryň iňňän duýguçyl tebigatyny orta çykarýar. Romandaky iň bir zalym personažlaryň biri bolan Hose Arkadiýo-da iň soňunda söýmäge ukyply, ýöne öz söýgüsini zalymlygyň perdesinde gizlän ýalňyz adam hökmünde suratlandyrylýar. Ýazyjy demir ýaly berk, gül ýaly näzik, duýguçyl tebigatly adamlaryň ýalňyzlygyny olaryň zol-zol ýagyşly günlerde ýaşaýandygy bilen berkidýär. Ýagyş ýaganda ynsanyň, hakykatdanam, ýalňyzlyga imrinýäni mahsus. Ýagyş-bu dünýäni asyl bolşunda duýmagyň köp bolmadyk mümkinçilikleriniň biri. Ýagyş- bu adamyň ýene öňki halyna, ýagny hiç kim bilen gatnaşyksyz, hiç bir zada dahylsyz, umuman, dünýäden üzňe ýaşan halyna gaýdyp barmaklygyň çykalgasy hökmünde beýan edilýär. Ýalňyzlyk G.G.Markesiň gahrymanlaryna şeýle bir mahsus welin, haýsydyr bir gahryman özüni ýalňyz duýmaýan bolsa geň galýarsyň. Sözümize delil hökmünde ýazyjynyň “Ýer ýüzündäki gark bolan adamlaryň iň owadany” diýen hekaýasyndaky jümle bilen dowam edeliň:”Olar gark bolanyň ölümi buýsanç bilen başdan geçirýändigini gördüler, sebäbi onuň ýüzünde deňizde gark bolan adamlaryňky ýaly ýalňyzlyk ýokdy” Ýazyjynyň gahrymanlary ýagyşly günlerde ýaşaýar, hemişe diýen ýaly ýalňyz. Olara ýene bir mahsus häsiýet hemişe diýen ýaly ukuda gezmekleridir. Haýsydyr bir täsinlik ýa gudrat olary oýaraýmasa, ukuda gezmeklerini dowam etdirýärler. Ukuda ýaşaýarlar, gepleýärler, söýýärler we hatda, aýra-da düşýärler. Onuň gahrymanlarynyň köpüsiniň uklap ýatyrka ölmegi hem şundan bolaýmasa. Ýazyjynyň gahrymanlaryny gaflat ukusyndan açyjy täsinlikler bolsa näçe diýseň bar. Onuň “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanynyň her bir sözlemini bir waka, her bir wakasyny aýratyn bir eseriň sýužet liniýasy hökmünde seljermek mümkin. Şeýle bolansoň, Markes romanda ýatda galan käbir wakalary aýratyn bir hekaýanyň ýordumy edip goýupdyr. “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanyndaky ene-atasyny diňlemedigi üçin günleriň bir güni möýe öwrülen zenan baradaky gürrüň ýazyjynyň üç eserinde dagy agzalýar. “Sadaja Erendira we onuň doňýürek enesi hakyndaky ynanyp bolmajak gamgyn hekaýat” eseriniň ýordumy bolsa “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romanyndaky ýatdan çykaran şemi zerarly öýi ýanansoň, enesiniň yzyna düşüp, özüni satmaga mejbur bolýan we günüň güni zulum görýän betbagt gyz hakyndaky waka esasynda ýazylypdyr. Şu hekaýanyň mazmunyna söýgi, durmuş, adam diýen kategoriýalara ýazyjynyň nähili düşünýändigi nukdaýnazardan analiz bermek bolardy. Ýöne bu işi häzirlikçe soňa goýup, ýazyjynyň döredijiligine gaýdyp geleliň. Markesiň döredijiligi reallyga we mistika baýdyr. Ýazyjy bu iki, adaty nukdaýnazardan, ýer bilen gök ýaly tapawut edýän hadysanyň araçägini görmeýär. Şonuň üçinem onuň eserlerinde bu iki hadysa biri-biri bilen ýerini çalşyp gelýär. Janly ýa jansyz zatdygyna seretmezden, her bir zadyň öz manysy, orny bar. Ýazyjynyň eserlerinde köp duş gelýän transokean gämisi gowy durmuşy alamatlandyrsa (“Söýgüden soň ölme gutulma ýok”, Ýer ýüzündäki gark bolanlaryň iň owadany”, “Polkownige hat ýazýan ýok”), “Ýer ýüzündäki gark bolanlaryň iň owadany” hekaýasyndaky gark bolan adam şol pikiriň özüni alamatlandyrýar.
Gabriel Garsiýa Markesiň köptaraply döredijiligini okyjylar köpçüligi bilen tanyşdyrmaklygy “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň paýyna goýýarys. Bu beýik ýazyjynyň döredijiligi barada bilmegiň öz gezeginde türkmen edebiýatyna hem mynasyp goşant goşjakdygyny nygtasymyz gelýär.

Bägül ATAÝEWA,
Murgap etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Dünýä edebiýaty" žurnaly, mart-aprel 2018 ý.




Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 90 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 9
0
7 Sygyrmusdagy   [Материал]
Pikirimiz meňzeşiräk öýdýän. Markesiň diňe bir eserini ("Сто лет одиночества") okadym. Şool täsirinden çykyp bilemok. Ertekimi ýa hakykat. Döredijiligine ýazan synyň düýpli, mazmunly. Hany, şol eserleri türkmen diline geçirip bolaýsa. Talantly oglanlar, megerem, hötdesinden gelerler.

0
6 Sygyrmusdagy   [Материал]
Pikirimiz meňzeşiräk öýdýän. Markesiň diňe bir eserini ("Сто лет одиночества") okadym. Şool täsirinden çykyp bilemok. Ertekimi ýa hakykat. Döredijiligine ýazan synyň düýpli, mazmunly. Hany, şol eserleri türkmen diline geçirip bolaýsa. Talantly oglanlar, megerem, hötdesinden gelerler.

0
Iñ söygüli 4 yazyjymyñ biri şy Markes. Yone indi olar 7 boldy

0
4 Aksary   [Материал]
Şahsyña göz aýlaý uýam.

0
Göz ayladym. Düşünmedim

0
5 Gökböri   [Материал]

0
Okadym. Gowy makala ekeni. Biografik hasiýetli

0
Dostoyewskiy hakdaky makalamy goyup beraý

0
"Dünýä edebiyaty "zurnaly, 2018 y, mart_aprel (2nji sany)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]