04:11
Bir dosta üç gosgy
BIR DOSTA ÜÇ GOŞGY

1.

Dostum, "soňky döwür görneňok" diýme,
"Gedaýçylyga-da gurp gerek " ahyr.
Şatlanyber, sen bir gam donun geýme,
Umytsyz günlerim gutarar ahyr.

Onsaň öňküler deý ojak törüňe,
Ýylgyryp geçerin çagyrmasaňam.
Nan batyryp hödüriňe-şoruňa,
Ýatlamaryn ýürek agyrmasynam.

Ýene-de sagatlap söhbet ederis,
Tanyş-bilişleri telläris ýene,
Pelsepeleň dünýesine gideris,
Bir-birek mährinden gop berip tene.

Ynjalarsyň, görüp gara gözlermiň,
Gaýgysyz-ünjüsiz garaýanyny.
Samsyklaç däldigni eşdip sözlermiň,
Aňlarsyň kän zada ýaraýanymy.

Bilýän ýaly Allaň beren ýaşyny,
"Entekler ýol uzak" diýersiň hökman.
...Häzir welin, görüp, eglen başymy,
Gürlemeli bolma ýüzüme bakman.

2.

Biz birek-birekden ulam däl kiçem,
Ikimizem it ýylynda doglan dost.
Bir müçe bizleriň täleýin biçen,
Desselermiz şol müçede boglan dost.

Şol döwüriň uzlaryna aşykdyk,
Gelşiklu-gelşiksiz eginbaşlarna.
Düşüp yzlaryna köçe aşypdyk,
Bakman reňkli-reňksiz gözdür-gaşlarna.

Görýänmiz ulygyz bilýärdik magat,
El bermejek "apatlardy" bilenmiz.
Şol döwürde bar bolansoň kanagat,
Razydyk biz, bir ýylgyrsa bolanmyz.

"Diňe maňamy-ka ýa-da başga-da",
Müňkür bolan bolup soraşardygam.
"Şu gyz dogruçyldy" diýip ýaşka-da,
Gereklu-gereksiz sanaşardygam.

Ýürekler söýgüden çäçli harmandy,
Aýdylmady bal garylan sözde dost.
Kalbymyzda özge närse bolmandy,
Gyzlaň gözi eglense-de bizde dost.

3.

Kän gündür, atygsap ýürek,
Dost seni görmäge geldim*.
Ýat bolarmy birek-birek,
Giň gujak germäge geldim.

Şu gün tapyp wagtyň tärin,
ýolup ýalňyzlygyň taryn,
Kän ýollardan saýlap birin,
Ýanyňda ýörmäge geldim.

Görüp, ýüzüm güldürmekçi,
Küýsänimi bildirmekçi.
Saklanjak, dostsyz künjekmi,
Ýüregmi sermäge geldim.

Neberäňe - tutan hatar,
Buýsanjym ömrüme ýeter.
Gelmäniňden tapyp heser,
El berip durmaga geldim.

Göwnejaý görüp edebin,
Aýlawdan galan bedewiň.
Gardasym hasap edenim,
Gel diýdiň, gezmäge geldim.

Düýne-ertä da:raşaly,
Hallar niçik? - soraşaly,
Güýz jüýjesin sanaşaly,
Bergimi bermäge geldim.

* - Italmaz Akmyrat.





Категория: Goşgular | Просмотров: 117 | Добавил: Allanazar | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 3.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Häsiýet / Goşgular - 04.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Gurjakbaşy / Goşgular - 23.01.2022
Atama / Goşgular - 15.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022



Всего комментариев: 6
0
6 Tumarly   [Материал]
Gowy goşgular

0
5 mango   [Материал]
üstünlikler, Allanazar aga.
täze zatlaryňyzam paýlaşyp duruň...

0
4 Revo   [Материал]
Allanazar aga, gowy, inçe, ýürege ýakyn poeziýaňyz bar. Ýazyp duruň!

0
3 Allanazar   [Материал]
Hoş sözleriň üçin sag boluň. Goýylan goşgyny nädip aýryp bolýarka?

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Allanazar aga galamyñyz kütelmesin.

0
1 Mähriban   [Материал]
Allanazar aga, üstünlik hemraňyz bolsun! Siziň dostuňyz, gör, nähili bagtly adam! Ýegre dostlaň ömri uzak bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]