03:28
Sähram
SÄHRAM

Ýygnadylar ýaýlaň gawun-garpyzyn.
Ümür gabsan gollar doldy goýundan.
Ysy gelýär güýz çetirän narpyzyň
Akar suwly ene ýabyň boýundan.

Gitdi süri serçe gözümden ýitip,
Synlap galdym burugsaýan howany.
Gutarýar alysda çal pişgä batyp,
Ýüplük ýaly ýodalaryň dowamy.

Çygly gujagyňda ümür goýalan,
Sähram, ýok bu tutuklygyň zyýany.
Sen çekilip, gutarylman goýulan
Ajaýyp suratyň nusgasy ýaly.

Atajan ANNABERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: Mähriban | Теги: Atajan Annaberdi | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021
Под лаской плюшевого пледа… / Goşgular - 08.04.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
Meñ zeminim... / Goşgular - 12.02.2021
„Gözleglerim boşa gitdi barybir...“ / Goşgular - 18.02.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]